Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TAT proýektiniň indiki tapgyrynyň geljegi nämä bagly?


Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy, 28-nji noýabr, 2016
Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy, 28-nji noýabr, 2016

Owganystana tarap Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly açylyp, täze demir ýol ulgamyna eýe bolan Türkmenistan özüniň “möhüm demir ýol çatrygyna, Ýewraziýa regionynda iri transport-tranzit merkezine öwrülýändigini” resmi derejede belledi, şeýle-de, bu halkara transport aragatnaşygynda Täjigistanyň hem ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylan, uzynlygy 88 kilometrlik Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýol proýektiniň diňe bir bölegi bolup durýar.

Geljegi soragly

Türkmenistan Akna şäherine çenli öz hasabyna guran demir ýoluň indiki tapgyrynyň geljeginiň bolsa şu günki gün soragly mesele bolmagynda galýandygyny bilermenler belleýärler.

Täjigistanly ykdysady bilermen Abdullo Aşurow bu proýekte gatnaşýan Täjigistanyň uly gyzyklanma bildirýändigine hem beýleki taraplar bilen ylalaşmaýan meseleleriniň bardygyny belledi: “Bu proýektiň öňünde iki problema bar. Birinjiden, Owganystandaky howpsuzlyk problemalary sebäpli Aziýanyň Ösüş banky demir ýoluň Täjigistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän bölekleriniň maliýe üpjünçiligini amala aşyrmakdan ýüz öwürdi. Netijede, gurluşygyň maliýe üpjünçiligi sorag astynda galdy. Ikinjiden, Täjigistan Owganystan we Türkmenistan bilen demir ýoluň geçjek marşruty boýunça özara ylalaşyga gelip bilmedi. Täjigistan öz marşrutyny teklip edýär, Owganystan öz marşrutyny. Şeýlelikde, demir ýoluň idniki böleginiň marşruty gutarnykly kesgitlenmedi”.

Esasy bölegi howpsuzlyk taýdan durnuksyz Owganystanyň üstünden geçýän proýektiň maliýe üpjünçiligine, taraplaryň özara ylalaşyksyzlygyna degişli meseleler şu ýylyň dowamynda ençeme gezek gozgalypdy.

Kesgitlenmedik mesele

Täjigistan demir ýoluň Owganystanyň üstünden geçýän böleginiň 160 kilometrlik ýol bilen çäklendirilmegi teklip edýär, owgan tarapynyň teklibine görä, bu bölegiň uzynlygy 500 kilometr çemesi bolmaly.

Awgust aýynda Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda Täjigistanyň we Owganystanyň bu ýoluň ugruny üýtgetmek barada özara ylalaşyga gelip, protokoly Türkmenistanyň garamagyna ýollandygyny, emma Türkmenistandan jogabyň bolmandygyny aýtdy.

“Türkmen hökümeti Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygyny amala aşyrmak baradaky protokoly henizem tassyklanok diýip, Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda 1-nji awgustda Duşenbede geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy barada gepleşikler 2013-nji ýylyň başynda başlanypdy. Şol ýylyň 20-nji martda Aşgabatda üç ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda demir ýoluň gurluşygy barada memoranduma gol çekilipdi. 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän uzynlygy 85 kilometrlik ýoluň gurluşygyna öz hasabyna başlady, yz ýany Türkmenistanyň we Owganystanyň serhetlerindäki Ymamnazar we Akina nokatlarynyň arasynda uzynlygy üç kilometr çemesi demir ýol çekildi.

Proýektiň tehniki ykdysady delillendiriş işlerine Aziýanyň ösüş banky 9 million dollar möçberinde pul çykarypdy.

XS
SM
MD
LG