Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmen demir ýollary ýolagçylaryň islegini kanagatlandyrardan pes'


Änew demir ýol stansiýasy, Türkmenistan, iýul, 2016.
Änew demir ýol stansiýasy, Türkmenistan, iýul, 2016.

Türkmenistan özüniň demir ýol ugurlaryny ýaýbaňlandyrýar. 28-nji noýabrda açylan Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly Türkmenistandan goňşy Owganystana demir ýol arkaly gatnamaga mümkinçiligi göz öňünde tutýar.

Türkmenistan özüniň regional we halkara derejesinde iri transport-tranzit merkezine öwrülýändigini resmi derejede yglan edýärkä, ýurduň şu günki içerki demir ýol aragatnaşygy, ilkinji nobatda-da ýolagçy gatnawy esasan geçen asyryň başynda gurlan demirýol sistemasy arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda umumy uzynlygy üç ýarym müň kilometrden gowrak täze demir ýol liniýalaryny çekdi we öňki demir ýol sistemasynyň uzynlygyny ýene üç esse artdyrdy.

Ýolagçylar köne ýollardan gatnadylýar

Aşgabat-Tejen-Sarahs-Maşat (Eýran), Aşgabat-Sarahs täze demir ýollary, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran arasyndaky “Demirgazyk-gündogar” demir ýoly we Aşgabat-Daşoguz demir ýoly guruldy, emma şu günki gün bu täze çekilen demir ýollardan diňe Aşgabat-Daşoguz aralygynda ýolagçy otlulary gatnaýar.

Şu günki gün ýolagçylar üçin niýetlenen esasy otly gatnawy öňki ýyllarda gurlan Türkmenbaşy-Türkmenabat, (öňki Krasnowodk - Çärjew), Aşgabat-Serehetabat (öki Guşgy) we Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugurlaryndan amala aşyrylýar. Uzynlygy 1110 kilometrlik bu demir ýol sistemasynyň düýbi 19-njy asyryň aýagynda, 20-nji asyryň başynda tutulypdy.

'Ýolagçylaryň islegini kanagatlandyrardan​ pes'

Türkmenistanyň içerki demir ýol gatnawyndan peýdalanýan ýolagçylaryň dürli kynçylyklary başdan geçirýändigini ýerli synçylar gürrüň berýärler.

Türkmenistan
Türkmenistan

​Türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýýär: “Demir ýol ulgamynyň ulanylyşy juda pese düşdi. Otlularyň sany tomus aýlarynda köpelýärem, azalýaram, ýöne umumy gatnaw, welin, ýolagçylaryň islegini kanagatlandyrardan pes gelýär. Üstesine-de, ýolagçylary gatnatmakda birgiden eden-etdilikler bar, bilediň nobatlary gitdigiçe uzaýar, dawa-jenjel ýüze çykýar".

Otlularyň gatnaw tertibiniň üýtgäp durmagy, otlularyň sanynyň ýolagçylaryň talabyndan az bolmagy, biletleriň gytçylygy, otlynyň içinde hem demir ýol duralgalarynda iň ýönekeý hyzmatlaryň, amatlyklaryň ýokdugy ýaly kynçylyklar barada türkmenistanlylar gürrüň berýärler.

Türkmenistandan daşary ýurtlara otly gatnawy amala aşyrylmaýar.

Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň ortalarynda demir ýol arkaly beýleki postsowet döwletleri bilen aragatnaşygyny doly ýatyrdy. Käbir maglumatlara görä, Türkmenistanyň demir ýol arkaly ýük gatnawynyň möçberi-de çürt-kesik azaldy.

XS
SM
MD
LG