Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum-18: Türkmenistan goşun gullugyna alternatiwa hödürlemeýär


Türkmen esgerleri köçe süpürýärler, Türkmenistan
Türkmen esgerleri köçe süpürýärler, Türkmenistan

Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan ýüz öwüren alty adama iş kesilendigi habar berildi.

Dini täzeliklerini çap edýän “Forum 18” agentligi 2016-njy ýylda Türkmenistanyň sudunyň “Iýegowa şaýatlary” atly dini guramanyň bäş agzasynyň harby gullukdan ýüz öwürmek sebäpli iki ýyl möhletli şertli tussaglyga, ýene biriniň bir ýyllyk düzediş işlerine höküm edilendigini habar berdi.

Maglumatda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurduň Konstitusiýasynda raýatlaryň ynançlary sebäpli harby gullukdan ýüz öwürmek hukugyny ykrar etmek baradaky çagyryşyny äsgermändigi bellenýär, şeýle-de BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetiniň çagyryşlaryny nazara almandygy aýdylýar.

Habar berlişine görä, sud ýaşlaryň altysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň birinji böleginiň esasynda höküm çykarypdyr. Bu madda parahat döwürde harby gullukdan boýun gaçyranyň maksimum iki ýyllyk tussaglykdan ýa-da iki ýyllyk düzediş işlerine çekilmekden ybarat jezany göz öňünde tutýar.

'Ýeňilleşdirilen' jeza

“Forum 18” agentligi häzirki wagtda “Iýegowa şaýatlary” toparynyň agzalaryndan haýsy-da bolsa biriniň tussag astynda galýandygy barada maglumatyň ýokdugyny, emma ençeme ýyl bäri öz dini ynançlary sebäpli harby gulluga alynmagyna garşy çykan dinçileriň yzygiderli sud edilendigini belleýär we ozalky ýyllarda olardan käbiriniň şertli tussaglyga höküm edilendigini, köpüsiniň bolsa tussag astynda saklanandygyny aýdýar.

Maglumata görä, soňky gezek harby gulluga alynmagyna garşy çykyp, tussag astynda saklanandygy belli bolan dinçi Ruslan Narkuliýew 2015-nji ýylyň fewral aýynda türmeden boşadylypdyr.

2014-2015-nji ýyllarda “Iýegowa şaýatlary” dini guramanyň bäş sany ýaş agzasy goşunda mejbury gulluk etmekden boýun gaçyrandyklary üçin sud edilip, düzediş zähmet işlerine höküm edilipdi.

Harby bolmadyk alternatiwa

Türkmenistanda mejbury harby gulluga başga alternatiw mümkinçilikler göz öňünde tutulmaýar.

Dini meseleler boýunça maglumat çap edýän “Forum 18” agentligi türkmenistanly dinçileriň öz ynançlaryna görä harby gullukdan boýun gaçyrmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýyllarboýy dowam edýändigini belleýär, emma bu meseläni türkmen resmileri bilen diskussiýa etmek boýunça synanyşyklarynyň başa barman gelýändigini aýdýar.

Hususan-da, “Forum 18” 3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisine, Daşary işler ministrligine we prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyna ýüzlenende, türkmen resmileriniň gepleşmekden ýüz öwrendigini habar berdi.

“Forum 18” täzelikler agentliginiň habar bermegine görä, BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň şu ýyl Türkmenistana eden çagyryşlarynyň arasynda, harby gulluga derek alternatiw graždan gullugyň hödürlenmegini öňe sürdi.

Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň 58-nji maddasy goranyşy her bir raýatyň mukaddes borjy atlandyrýar we harby gullugyň her bir erkek raýaty üçin hökmanydygyny aýdýar.

Türkmenistanda harby gullukda alternatiw görnüşdäki gulluga degişli kanunyň taslamasynyň 2013-nji ýylda düzülendiginiň habar berlendigini “Forum 18” agentligi öz maglumatynda belledi.

Türkmenistanda 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlary harby gulluga alynýar.

Goşundaky mejbury harby gullugyň möhleti iki ýyldan ybarat. Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine nobatdaky çagyryş ýaňy-ýakynda yglan edilip, oktýabr-dekabr aralygynda gulluk möhletini tamamlan esgerler ätýaçlyga goýberiler, harby gulluk ýaşyna ýeten ýaşlar goşuna alnar.

Türkmenistanda goşunda gulluk edýänleriň sany, dinçileriň sany we hatda ýurduň ilatynyň sany barada resmi statistika maglumatlary köpçülige mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG