Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Analiz: Berdimuhamedow Berlinde hazyna gözledimi?


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow näme üçin birden 29-njy awgustda Berline geldi?
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow näme üçin birden 29-njy awgustda Berline geldi?

1991-nji ýylda gowşulan garaşsyzlykdan 2006-njy ýylyň dekabryna çenli Türkmenistana Saparmyrat Nyýazow hökümdarlyk etdi. Ol özüne "Türkmenbaşy" diýilmegini gowy görýärdi.

Türkmenistanyň tebigy gaz baýlygy dünýäde dördünji orunda durýar. Ýurt mundan ummasyz pul gazandy. Ilat sany bäş million çemesi. Ýöne gazanylan pullaryň köpüsi halka hiç haçan peýda getirmedi.

Bu pullary Türkmenbaşy paýtagtda, Awazada mermer ymaratlara, özüne gurlan ýadygärliklere, şol sanda özüniň belentligi 75 metr bolan we aýlanyp, ýüzi hemişe Güne bakyp duran gülkünç altyn heýkeline tarhandökerlik bilen saçyp-sowurdy.

Londonda ýerleşýän "Global Witness" toparynyň 2006-njy ýylda çykaran hasabatynda aýdylmagyna görä, Nyýazow daşary ýurt banklarynda hem 3 milliard dollardan köp pul saklapdyr. Munuň 2 milliard dollar çemesi Germaniýanyň "Deutsche Bank" atly bankyndaky Walýuta alyş-çalyş rezerw fondunda ýatana meňzeýär.

2006-njy ýylyň dekabar aýynyň aýaklarynda Nyýazow aradan çykyp, iş başyna Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.

Berdimuhamedow üstümizdäki ýylyň 29-njy awgustynda Berline sapar etdi. Bu bir üýtgeşik sapardy. Türkmen-German söwda forumy planlaşdyrylypdy we prezident Berdimuhamedow bu delagasiýa ýolýaşçylyk etmek kararyna giç gelene meňzeýär.

Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugynyň edinen maglumatyna görä, german hökümetinde Berdimuhamedow Berlindäkä kansler Angela Merkel onuň bilen duşuşmalymy ýa däl diýen çekişmeler döräpdir.

Adam hukuklary 25 ýyl bäri depelenip gelinse-de, ýurduň gaz baýlygy sebäpli, Günbatar ýolýaşçylary türkmen liderlerini myhman edinmekden çekinenoklar.

Berdimuhamedow Merkel bilen metbugat ýygnagynda peýda boldy. Bu ýygnakda onuň janpenasy öý eýesi germanlar tarapyndan hödürlenen suwy öz getiren suwy bilen çalyşdy.

Türkmen prezidentine adam hukuklarynyň ýagdaýy barada sorag berildi. Bu soraga taýýarlykly gelen Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilaty mugt gaz, elektrik togy we suw bilen üpjün edilýär, onsoň hökümet olara nädip zulum-sütem edip biljek diýip, meseläni başga tarapa sowdy.

Emma Berdimuhamedow üstümizdäki ýylyň başlarynda özüniň geçen 25 ýylda Türkmenistan gaty köp öňegidişlik etdi, bu ýeňillikler indi gerek däl diýip, halka berilýän ýeňillikleri ýatyrmagy teklip edendigini welin agzamady.

Ol şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropany gaz bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Ol geçen birnäçe ýyllykda muny ençeme gezek gaýtalady, emma köplenç Türkmenistanyň öz içinde aýtdy, ol ýerde hem ondan adam hukuklarynyň ýagdaýy barada sorajak ýokdy.

Berdimuhamedowyň Germaniýa mesawy gürrüňdeşlige we Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky oňaýsyz soraglara jogap bermäge gelmändigi belli zat.

Eýsem onuň beýle gyssanmaç sapar bilen Germaniýa gelmegine näme sebäp bolduka?

Geliň, Türkmenbaşynyň genji-hazynaly sandygyny ýene bir gezek açyp göreliň.

Azatlyk Radiosy "Global Witness" toparynyň 2006-njy ýyldaky hasabatynyň üstünde işlän bir adam bilen gürleşdi. Bu ýerde men onuň adyny bermekçi däl, sebäbi bu iş üçin onuň razylygyny alamok.

Bu çeşmäniň aýtmagyna görä, Nyýazow öleninden soňra Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky 2006-njy ýylyň hasabatynda agzalan býujetden daşary fondlary we bank hasaplaryny ýapaly diýip, türkmen häkimiýetlerine basyş edipdir. Olar hem bu işi edipdirler. Berdimukamedow soňra täze "Durnuklylyk fonduny" açypdyr. Ýöne munuň Germaniýanyň Deutsche bankyndadygy belli däl.

Şeýle hem Türkmenistan 2008-nji ýylda Uglewodorod serişdeleri hakynda bir kanun kabul etdi. "Natural Resource Governance" institutynyň websaýtynda aýdylmagyna görä, bu kanun hemmelere elýeterli, ýöne onda diňe umumy ýörelgeler barada aýdylýar, maliýe şertleri hakda zat ýok. "Aýdyňlyk getirmegiň deregine, bu kanun uglewodorod sektory hakda maglumat bermegi hökümet organlaryna gadagan edýär".

Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň maglumatyna görä, gazdan gelýän girdejiniň 20 prosenti döwlet býujetine berilýär, galan 80 prosenti bolsa Durnuklylyk fonduna gidýär.

"Global Witness" 2014-nji ýylyň 21-nji martynda has köp maglumat çykardy. Täze maglumatda 2006-njy ýylyň hasabatyna salgylanylyp, Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş rezerwleriniň düýpgöter artandygy, 2009-njy ýyl töwereklerinde halkara maliýe guramalarynyň bu ýurduň rezewlerini 20 milliard dollar diýip çaklandygy aýdylýar. 2014-nji ýyldaky hasabatda ýene-de şeýle diýilýär: "Global Witness bu puluň 75 prosentiniň häzir-de býujete degişli däl Walýuta alyş-çalyş rezerw fondunda saklanylýandygyna ynanýar".

Berdimuhamedow Berlinde dürli söwda kompaniýalary, şol sanda "Siemens", Airbus we Kargoluksyň işgärleri bilen duşuşyp ýörkä Türkmenistanyň döwlet mediasy Berdimuhamedow ýaranlyklar hakda gepleşik geçirýär diýip habar berdi.

German kompaniýasy DEA 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Hazar deňzi sektorynda bir blokda önümi paýlaşmak boýunça bir ylalaşyga gol çekişipdi. DEA soňra 2015-nji ýylyň aýaklarynda özüniň Türkmenistandan çekilýändigini bildirdi. Oppozision websaýt - Türkmenistanyň Alternatiw habarlary şonda: "Germanlar býurokratik bulam-bujarlykdan halys irdiler" diýip ýazdy.

German kompaniýalarynyň aglabasy Türkmenistanyň söwda dünýäsine girmekden gorkup durmasa gerek.

Hökümetiň tarapyny çalýan "türkmenistan.ru" saýty türkmen prezidentiniň Deutsche bankyň merkezi we gündogar Ýewropa boýunça ýerine ýetiriji direktory Peter Tilles we bankyň ýokary derejeli geňeşçisi Ýürgen Titçen bilen hem dumuşandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosyyň çeşmesi 2014-nji ýylyň sentýabrdynda Tilles bilen Fitçeniň Berdimuhamedow bilen duşuşmak üçin Türkmenistanda bolandyklaryny aýtdy.

Azatlyk kansler Merkeliň bir sözçüsi bilen gürleşdi. Ýöne ol Berdimuhamedowyň banklar bilen gepleşik geçirendigin ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Emma Türkmenistanyň öz mediasynyň beren habarlaryndan çen tutsaň, onda bank işleriniň Berdimuhamedowyň Berline sapar etmeginiň bir sebäbi bolandygyna şübhe ýok.

Edil şu wagt Türkmenistana goşmaça pul gerek.

Häzirki wagtda türkmen gazyna pul töleýän ýekeje müşderi bar. Ol hem Hytaý. Hytaý Türkmenistana milliardlarça dollar karz pul berdi. Türkmenistan hem onyň deregine gaz berýär. Hytaýa berilýän gazdan häzir Türkmenistana iş ýüzünde näçe pul gelýändigi belli däl. Galyberse-de, gazyň bahasy iki ýyl mundan ozalkysynyň ýarpysyndan hem aşaklady.

Milli puluň hümmeti öten ýyl 23 prosent peseldi. Ýöne gara bazarda dollaryň nyrhynyň ýedi manada golaýlan mahallary bolsa-da, bir dollar 3.5 manat bolup galdy.

Türkmen oppozison saýty "chrono-tm.org" 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň ikisinde - Lebap we Mary - polisiýa işgärleriniň, mugallymlaryň, şeýle hem medisina işgärleriniň geçen üç aýda aýlyk haklarynyň tölenmändigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň dürli sektorlarynda, şol sanda ýurduň ykdysadyýetiniň esasy daýanjy bolan nebit-gaz pudagynda-da adamlaryň işden çykarylýandygy hakda ençeme aý bäri habar berip gelýär.

Berdimuhamedow özüne "Arkadag" diýilmegini gowy görýär. Ýöne adamlara iş orunlaryny döretmek, aýlyklary wagtynda tölemek ýa döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikleriň möhletini uzaltmak üçin Arkadag "Durnuklylyk fondundan" ýa Walýut alyş-çalyş rezerwinden ýurda pul getirýär diýip, Berdimuhamedowdan ýa-da beýleki resmilerden birje söz-de eşidilenok.

9-njy sentýabrda Berdimuhamedowyň "Awaza" kurortynda 100 million dollar çykdajy edilen bäş ýyldyzly täze myhmanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy habar berildi.

"Gämi" myhmanhanasy hem "Awazadaky" ençeme million dollarlyk öňki myhmanhanalaryň hataryna goşuldy. Gowuşýan habarlardan çen tutsaň, bolaýsa, bularyň diňe 30 prosenti adamly bolýar, galan ýetmiş prosenti boş. Ýerli halky hem bir haýat kurorta ýakynlaşdyranok.

Aziýanyň ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça 5-nji oýunlary geljek ýyl Türkmenistanda geçýär. Ýurt muňa hem milliardlarça dollar çykdajy edip ýör.

"Global Witness" 2006-njy ýylda çykaran hasabatynda: "Bu pullaryň halka sarp edilmeýändigi mese-malim: 1991-nji ýylda garaşsyz bolnaly bäri saglyk, magaryf we ýaşaýyş derejesi aşaklady" diýilýär.

Bularyň hemmesi dogry. Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň milliardlarça dollar puluny saklaýan german banklarynyň biri bilen näme işi bolan hem bolsa, bu türkmen halkyna kömek etmäge niýetlenilen iş däl.

Azatlyga we AÝ/AR-nyň daşynda bu makalany ýazmakda kömek eden adamlara sagbol aýdýaryn.

XS
SM
MD
LG