Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin Türkmenistanda adam hukuklaryny gozgaýar, ykdysady gatnaşyklary ösdürýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), žurnalistler bilen duşuşyga barýarlar, Berlin, 29-njy awgust, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), žurnalistler bilen duşuşyga barýarlar, Berlin, 29-njy awgust, 2016.

Germaniýanyň Ykdysadyýet we energiýa boýunça federal ministrliginiň Azatlyk Radiosyna beren resmi maglumatyna görä, Berdimuhamedowyň sapary bilen bagly gepleşikleriň esasy ugry ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşygy ýaýbaňlandyrmak bilen bagly bolupdyr.

“Gepleşikleriň dowamynda Ykdysady meseleler we energiýa boýunça federal ministrliginiň parlament sekretary Uwe Bekmeýer Germaniýanyň biznes jemgyýetiniň Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň ugurlaryny üýtgetmek we döwre laýyk ösdürmek tagallalaryna tehnologiýa we innowasiýa taýdan ýardam üçin, degerli goşant goşmaga isleglidigini hem taýýardygyny nygtady. Diskussiýa edilen mümkinçilikler, hususan-da, energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle-de oba hojalygy, dokma senagaty we nebit-gaz pudagy üçin tehnologiýalaryň üpjünçiligi ýaly ugurlary öz içine aldy” diýlip, ministrligiň resmi maglumatynda bellendi.

Şeýle-de, Germaniýanyň Ykdysadyýet we energiýa boýunça federal ministrligiň ýolbaşçysy Uwe Bekmeýer prezident G.Berdimuhamedow bilen gepleşiklerde durnukly we amatly biznes şertleriň iki ýurduň göz öňünde tutýan bähbitleriniň ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin zerur şert bolup durýandygyny belläpdir. “Kanun taýdan açyk-aýdyňlygy üpjün etmek, býurokratiýany çäklendirmek, döwletiň gözegçiligini çäklendirmek we biznes üçin şertleri gowulandyrmak bu ugurdan möhüm talaplar bolup durýar”, diýlip ministrligiň beýannamasynda aýdyldy.

Germaniýa adam hukuklaryny gozgady

Germaniýanyň resmileri 29-njy awgustda Berlinde geçirilen türkmen-german gepleşikleriniň ählisinde adam hukuklarynyň gozgalandygyny habar berdiler.

“Adam hukuklary Türkmenistanda biznes etmek isleýän ähli german kompaniýalary üçin ýene bir möhüm mesele bolup durýar. Bu mesele dogrusynda parlament sekretary Bekmeýer täze konstitusiýanyň taslamagynyň ýurduň bu ugurdan öňegidişlik gazanmagyna gowy mümkinçilik berýändigini aýtdy ” diýip, Germaniýanyň Ykdysadyýet we energiýa boýunça federal ministrligi Azatlyk Radiosyna beren resmi jogabynda aýtdy.

“Diňe bir german hökümeti däl, eýse köp sanly maýa goýujylar we kompaniýalar hem uzak möhletleýin durnuklylyga we howpsuzlyga diňe demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy we adam hukuklaryna hormat goýmak ugurlaryndan öňe gidişlik gazanylan ýagdaýynda, aýratynam agyr şertlerde, ýetip boljakdygyny ykrar etdiler” diýip, ministrlik öz ýolbaşçysy Uwe Bekmeýeriň aýdandygyny habar berýär.

Adam hukuklary meselesiniň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Türkmenistanyň prezidenti bilen resmi duşuşygynda gozgandygy hem habar berildi. Merkel Berdimuhamedow bilen gepleşiginiň yz ýany geçirilen metbugat konferensiýasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça öňegidişlik gazanmak ugrunda, türkmen türmelerine daşary ýurtly diplomatlaryň baryp görmegine degişli meseläniň maslahat edilendigini habar berdi: “Biz daşary ýurt diplomatlarynyň Türkmenistandaky türmelere baryp görmegine rugsat berilse gowy boljakdygy barada geňeşdik. Prezident [Berdimuhamedow] bu [mesele] barada häzir Daşary işler ministrleriniň maslahat etjekdigini wada berdi. Soňra halkara diplomatlary türmelere aýlanyp, ol ýerdäki ýagdaýlara syn edip bilerler”.

Berdimuhamedow Merkeli çagyrdy

Türkmenistanyň resmi mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeli Türkmenistana sapar etmäge çagyrandygyny, Merkeliň bu çakylygy kabul edendigini habar berdi.

Germaniýanyň kansleriniň metbugat-gullugy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Merkeliň Türkmenistana sapar etmek baradaky çakygyly kabul edendigini tassyklamady we bu çakylygyň diňe metbugat-konferensiýanyň gidişinde edilendigini belledi.

Germaniýanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Berlinde žurnalistler bilen duşuşygyna gatnaşan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Merkeliň prezident Berdimuhamedowyň çakylygyna jogap bermändigini aýtdy.

Biznes gatnaşygy

Berlinde geçirilen türkmen-german gepleşikleriniň netijesinde iki ýurduň arasynda girdejilere we emläge goşa salgyt salynmagynyň öňüni almak boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle-de Germaniýanyň kompaniýalary türkmen tarapy bilen 13 dokumente, şol sanda Türkmenistanyň Oba hojalygy we suw ministrligi bilen oba hojalyk we suw tehnologiýalaryny üpjün etmek, Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersiteti bilen trening geçirmek, Türkmen-gaz kompaniýasy bilen özara düşünişmek barada memorandumlara gol çekdiler.

Türkmen metbugatyna görä, şu günki gün Türkmenistanyň Germaniýanyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 167 proýekt hasaba alnypyr. Olaryň umumy bahasy 540 million dollar we 555 million ýewro möçberinde görkezilýär.

Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2015-nji ýlda 306 million dollara barabar bolupdyr.

XS
SM
MD
LG