Özbegistan uzak wagtlyk prezident Yslam Kerimowy 3-nji sentýabrda jaýlamagy karar etdi, hökümet awtoritar lideriň bir gün ozal, beýnisine gan inmeginden ýogalandygyny aýtdy.
78 ýaşynda ýogalan Kerimow öz dogduk şäheri Samarkantda, Daşkentden 300 km çemesi günorta-günbatarda jaýlandy.
Premýer-ministr, jaýlanyş komissiýasynyň başlygy Şawkat Mirziýaýew jynaza dabarasynda söz sözläp, Kerimowy «döwleti esaslandyryjy», «milletiň beýik we eziz ogly» diýip atlandyrdy.
Wideo: Kerimowyň jynazasy
3-nji sentýabr güni irden müňlerçe adam, Kerimowy soňky ýoluna ugratmak üçin, onuň tabydynyň şäher içinden alnyp barylýan ýolunyň boýuna düzüldi.
Ýas tutýanlaryň köpüsiniň ellerinde gül çemenleri, esasanam gyzyl bägüller bardy. Olar bu gülleri ýerli wagt bilen ir sagat 6-da, prezidentiň jesedini alyp, uçar meýdanyna tarap ýola çykan gölegçilik kerweniniň ýoluna düşedidiler.
Döwlet telewideniýesi esgerleriň Kerimowy Samarkanda, soňky ýoluna ugratmak üçin, onuň jesedi salnan tabydy uçara ýükleýişlerini görkezdi.
Premýer-ministr Şawkat Mirziýaýew, daşarky synçylaryň ähtimal mirasdüşer hasaplaýan resmisi Kerimowyň jaýlanyş komisssiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Özbegistan Kerimowyň ýogalandygyny 2-nji sentýabr güni giçlik, tassyklanmadyk habarlarda Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň garaşsyzlykdan soňky ýeke-täk lideriniň bireýýäm aradan çykandygy habar berleninden birnäçe gün soň yglan etdi.
Döwlet telewideniýesi Kerimowyň 2-nji sentýabrda, Daşkent wagty bilen agşam sagat 8:55-de, beýnisine gan inmeginden ýogalandygyny habar berdi.
Hökümet ýurtda üç günlük milli ýas yglan etdi.
Ozalky kommunist ýolbaşçy Kerimow Özbegistana 27 ýyl ýolbaşçylyk etdi. Ol ýowuz içerki topara we ýurduň howpsuzlyk hem-de aňtaw güýçlerine daýanyp, başga pikirliligi rehimsiz basyş astynda saklady.
Özbek Konstitutsiýasyna görä, eger prezident öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, parlamentiň ýokary palatasynyň başlygy prezidentlik wezipesini üç aýlap öz üstüne almaly.
Wideo: Özbekler Kerimowy soňky ýoluna ugradýarlar
Özbek senatynyň başlygy Nigmatulla Ýuldaşow.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ýuldaşewe gynanjyny beýan edip, Kerimowyň ölüminiň «Özbegistan üçin agyr ýitgidigini» aýtdy.
"Men egin-egne berip 30 ýyllap bile işleşen dostumy ýitirenime gananýaryn" diýip, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew aýtdy.
Orsýet, Gazagystan we olaryň goňşusy Gyrgyzystan, Kerimowyň jaýlanyşyna gatnaşmak üçin öz prezidentlerini däl, premýer-ministrlerini iberdi.
Iýunda Daşkende sapar eden hytaý prezidenti Si Jinping Kerimowyň Özbegistanyň abadançylykly ösüşine «taryhy goşant» goşandygyny we Hytaý bilen gatnaşyklary ösdürendigini aýdyp, «hakyky dost» ýitgisine gynanç bildirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama «bu synagly pursatda... Birleşen Ştatlaryň Özbegistanyň halkyna goldawyny ýene bir gezek tassyklaýandygyny" aýtdy, beýanatda aradan çykan awtokraty öwmekden saklanyldy.
"Özbegistanyň öz taryhynda täze bir baba başlamagy bilen, Birleşen Ştatlar Özbegistan bilen partnýorlugyna, onuň özygtýarlylygyna, howpsuzlygyna, ýurduň ähli raýatlarynyň hukuklaryna esaslanýan geljegine ygrarly galýar» diýip, ABŞ-nyň prezidentiniň beýanatynda aýdylýar.