Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly öňki sowet respublikasyna çärýek asyrlap yzgytsyzlyk bilen höküm ýöreden özbek prezidenti Yslam Kerimow 78 ýaşda aradan çykdy.
Gyzy kakasynyň "beýnä gan inmekden" ejir çekýändigini aýdanyndan, 7 gün soňra Özbegistanyň döwlet telewideniýesi 2-nji sentýabrda Kerimowyň sagat 20.50de Daşkentde ölendigini habar berdi.
Öňki kommunistik partiýanyň ýolbaşçysy bolan Kerimow adam hukuklaryny giňden depelemekde aýyplanýan howpsuzlyk gullugynyň goldawy, Orsýet bilen Günbataryň arasynda geosyýasy deňagramlygy saklamak we özüniň prezidentlik ygtyýarlylygyny dowamly giňeltmek bilen häkimiýeti öz gysyjandan çykarman saklan adam.
Ol, aktiwistleriň aýdyşy ýaly, syýasy taýdan başgaça pikirlenýänleri sistemalaýyn basyp ýatyrmak, Özbegistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmet, kanun goraýjy güýçlere we howpsuzlyk gulluklaryna adamlary urup-ýenjip gynatmak bilen ýurda ýolbaşçylyk etdi.
Kerimowyň ölümi Sowet Soýuzy dargaly bäri diňe bir adamyň häkimiýet başynda bolup, gümürtik hökümet sistemasyny ösdüren, demokratiýa we kanunçylyk boýunça ilaty tejribesiz ýurda oruntutar meselesinde näbellilik getirýär.
1938-nji ýylda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Samarkant şäherinde doglan Kerimow alan bilimi boýunça ykdysatçydy. Ol 1989-njy ýylda Sowet respublikasy Özbegistanyň kommunistik partiýasynyň birinji sekretary bolmak bilen ýokary syýasy orna eýe boldy.
Ýokardan berlen buýruk esasynda geçen saýlaw bilen 1990-njy ýylda şol wagtky sowet respublikasynyň prezidentlik ornuny eýelän Kerimow döräp gelýän döwletde we geljekki on ýyllyklarda Özbegistanyň syýasatyna özüniň agalyk etmegi üçin şertler döretdi. Ol şonda: "Eger siz meni ertir prezident saýlaýsaňyz, onda maňa parlamenti bozmaga hukuk gerek. Onsoň hemme mesele menden çözüler" diýipdi.
Sowet Soýuzy dargap ugranda Kerimow 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda Özbegsitanyň garaşsyzlygyny yglan etdi. Şeýdip, ýurtda geçen ilkinji prezidentlik saýlawyny gazandy.
Onuň 25 ýyllykda her gezeginde sesleriň 90% çemesini alyp, täzeden prezidentlige saýlanmagyny Günbatar ne erkin, ne-de adalatly diýip ykrar etdi. Onuň iki gezekden artyk saýlanmagy hem jedellere getirdi, sebäbi Özbegistanyň konstitusiýasy boýunça prezidentiň iki möhletden artyk iş başynda bolmagy gadagan.
Mekir syýasy oýunçy Kerimow ýaňy garaşsyzlyga çykan Özbegistanda şübheli referendumlardan peýdalanmak, syýasy oppozisiýany zyýansyzlandyrmak, tankydy mediany ýok edip, mümkin bäsdeşlerini bir gyra itmek bilen öz güýç-gudratyny pugtalandyrdy.
Tussaglaryň gynalmagy
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmenti adam hukuklary boýunça aprel aýynda çykaran ýyllyk hasabatynda Özbegistanda "prezident Yslam Kerimowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiriji bölüm syýasy durmuşa agalyk we hökümetiň beýleki ugurlaryna doly diýerlik derejede kontrollyk edýär" diýdi.
Kerimowyň döwründe tussag edilen adamlaryň gynalmagynyň adaty zada öwrülendigi aýdylyp, Özbegistanyň sud sistemasy häli-şindi diýen ýaly halkara hukuk guramalary tarapynda tankyda uçrady. 2007-nji ýylda "Human Rights Watch" guramasy "Öwrülere ýer ýok: Özbegistanda gynalma we urlup-ýenjilmek" atly bir hasabat çap etdi.
Bu guramanyň Ženewadaky direktory Juliette De Riwero şonda Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna şeýle diýdi: "Hasabatdan esasy maksat tussaglaryň sistemalaýyn gynalýandygyny görkezmek, sud prossesiniň ähli etapynda tussaglaryň basyş astynda durýandygyny, olaryň gynama bilen deň ýagdaýda saklanýandygyny görkezmek".
Käbir adamlar Kerimowy özüniň rehimsiz howpsuzlyk çärelerini aklamak üçin, yslamçylykdan abanýan howpy bahana edinýänlikde aýypladylar. 1999-njy we 2004-nji ýyllarda partlan bombalardan we Özbegistanyň yslamçy hereketiniň 1999-njy we 2000-nji ýyllarda ýurda duýdansyz çozmagyndan soňra yslamçy toparlara zabunlyk bilen basyş edildi.
1990-ynjy ýyllaryň aýaklarynda radikal yslamçylara garşy göreşde gowşak hereket edýär diýilýän kanun çykaryjylara sögüp, Kerimow parlamentde: "Muny etmek niýetiňiz ýok bolsa, maňa bir tüpeň beriň, özüm olary kellelerinden atyp öldüreýin" diýdi.
Kerimow Waşington bilen arabaglanyşyk gurmak üçin, Özbegistanyň geografik ýerleşişinden hem peýdalandy. Ol 11-nji sentýabr hüjümlerine jogapkär edilen Al-Kaýda garşy Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda Owganystanda alnyp barylýan harby operasiýalara logistiki kömek bermegi teklip etdi.
Adam hukuklaryny goraýan aktiwistler amerikan resmilerini tranzit mümkinçiliginden peýdalanmak üçin, özbek prezidentiniň gabahat işlerine göz ýumýanlykda aýypladylar.
Ýurduň gündogarynda ýerleşýän Andijan şäherinde 2005-nji ýylyň maýynda turan uly protestler we garym-gatymlyk howpsuzlyk güýçleri tarapyndan rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy, ýüzlerçe adamyň ölendigi habar berildi.
Kerimow bu gyrgynçylyk barada halkara guramalary tarapyndan barlag geçirilmegine ýol bermän, tolgunmalaryň ýurt daşynda türgenleşdirilen yslamçy militantlar tarapyndan tutaşdyrylandygyny aýtdy.
Regional gegemoniýa
Öňki Sowet Soýuzynyň sebitdäki ähli respublikalary, şeýle hem Owganystan bilen serhetdeş Özbegistan Merkezi Aziýada iň uly ýaragly güýçlere eýe we iň köp ilatly ýurt bolup durýar. Galyberse-de, ol aşa köp nebit-gaz çeşmesiniň üstünde otyr.
Kerimowyň ýolbaşçylygynda ýurduň regiona agalyk etmäge ýykgyn etmegi käwagtlar serhediň bozulmagyna, aýratyn-da suw meselesinde goňşular bilen duşmançylykly gatnaşyklara getirdi.
Daşkent ýygy-ýygydan yslamçy ekstremizme salgylanyp, özbek serhetlerini ýapmak bilen ýurduň öz ýaşaýjylaryny, şeýle hem dürli medeniýetli Fergana jülgesindäki goňşy döwletleri kyn ýagdaýa saldy.
Özbegistanyň tebigy gaz eksporty Kerimowa gurpsuzrak goňşulary bolan Gyrgyzystana we Täjigistana garanda ep-esli artykmaçlyk berip, pul tölenmänligi ýa başga jedeller sebäpli bu ýurtlara berilýän gaz ýygy-ýygydan kesildi durdy.
Goňşy döwletler Kerimowyň howpsuzlyk güýçlerini öz territoriýalarynda bolýan hüjümleri ýola goýýanlykda ýa özbek häkimiýetleri tarapyndan gözlenýän adamlary tutmak üçin, serhetden bikanun geçýänlikde aýypladylar.
Adam hukuklarynyň ýagdaýynyň tankytlanmagyna garamazdan, Özbegistanyň geografik ýerleşişi we energiýa baýlygy sebäpli hem Orsýet, hem-de Günbatar döwletleri Kerimow bilen ýakyn gatnaşyga synanyşdylar. Ýöne Kerimowyň alyp baran syýasaty Daşkent bilen Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň we halkra maliýe guramalarynyň arasynda köplenç oňuşmazlyk döretdi.
1990-njy ýyllarda Täjigistan graždanlyk urşunyň girdabyna düşdi. Gyrgyzystan bilen Gazagystan bolsa turýan protestler we prezidentler bilen parlamentiň arasyndaky dawa-jenjeller sebäpli hereketsiz galdylar. Merkezi Aziýanyň täze döräp gelýan döwletlerine oňňut üçin halkara guramalaryndan kömek gerek boldy. Emma Özbegistan uly durnuksyzlyklara uçraman, öz halkyny esasy harytlar we hyzmatlar, şol sanda tok we tebigy gaz bilen üpjün etmegi başardy. Ýöne synçylar zorlukly garşylyga şert döreden rehimsizlik bilen edilen zulum-sütem we ýaşaýyş derejesiniň pesligini aýtdylar.
Özbegistanda ykdysady reforma ýok diýlip tankytlandy, korrupsiýa bilen garyndaşparazlygyň giňden ýaýran ýeri hökmünde ýazgaryldy. Ol giň pagta senagatyndaky mejbury zähmet sebäpli hem häli-şindi diýen ýaly halkara hukuk toparlarynyň tankydyna sezewar boldy.
Maşgala işleri
Kerimowyň iki gyzy Gülnara bilen Lolanyň sistemadan aşa köp bähbit görendiklerine ynanylýar.
Kerimowyň jemgyýetçilikde giňden tanalýan şahsyýet we söwdagär, wagty gelende kakasynyň oruntutary bolar diýlip çaklanan uly gyzy Gülnara 2014-nji ýyldan bäri köpüçlikde göze ilenok. Aýdylyşyna görä, ol öý tussaglygynda saklanýar. Munuň hem halkara korrupsiýa skandaly bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.
28-nji awgustda özbek hökümeti prezident keselhana düşdi diýip, Kerimowyň saglyk ýagdaýy barada seýrek bildirişi bereninden bir gün soňra daşky dünýäni kakasynyň ýagdaýyndan habarly eden Lola Tillýaýewa-Kerimowa boldy.
Ol 29-njy awgustda öz Instagram hasabynda: "Onuň geljekki saglyk ýagdaýy hakda belli bir zady aýdardan entek ir" diýip ýazdy.
Ors, özbek we iňlis dillerinde edilen bellikde 28-nji awgustda keselhana düşen kakasynyň "ýagdaýynyň ep-esli derejede durnuklydygy" aýdylýardy.
Özbegistanyň UNESCO-daky ilçisi Tillýaýewa-Kerimowa adamlardan "çaklamalardan saklanyp" öz maşgalasynyň hususy sferasyny hormatlamagy sorady.