Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň üstünden şikaýat taýýarlanýar


Türkmen esgerleri awtobusa münmek üçin nobata durlar.
Türkmen esgerleri awtobusa münmek üçin nobata durlar.

Türkmenistanda fewral aýynda geçirilen günä geçişde Ýehowa şaýady bolan tussag Bahram Hemdemow azatlyga goýberilmedi we indi onuň adyndan BMG-niň Adam hukuklary komitetine şikaýat arzasy taýýarlanýar diýip, düýbi Osloda ýerleşýän Forum -18 habar gullugy ýazýar.

BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň 2015-nji ýylda Türkmenistanda tussag edilen dört Ýehowa şaýadynyň hukuklarynyň bozulýandygy barada çykaran kararlaryna garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti olaryň garşysyna gozgalan jenaýat işlerini ýatyrmakdan, kompensasiýa teklip etmekden ýa-da geljekde şeýle kanun bozmalaryň öňüni almak boýunça çäre görmekden boýun gaçyrdy diýip, habarda aýdylýar.

Dini meseleler baradaky habarlary çap edýän gullugyň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän dört Ýehowa şaýady, dini ynanjy esasynda harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin tussag edilip, tussaglyk wagtynda gynamalara sezewar edilipdir.

Forum -18 Türkmenistanda hökmany harby gulluga derek hiç bir alternatiwanyň döredilmändigini aýdýar.

Parlamentiň Kanunçylyk komitetiniň başlygy Pirnazar Hudaýnazarow dini meseleler barada ýazýan habar gullugy bilen bu mesele barada gürrüň etmekden doly boýun gaçyrypdyr.

Hemdemowyň saklanýan türmesinde, Seýdi şäherindäki zähmet-düzediş lagerinde musulmanlar, «Wahhabist» diýip tagmalanmagyndan we has ýowuz ýere iberilmeginden gorkup, türme metjidine barmakdan çeke durýarlar diýip, ozalky tussaglaryň biri Forum -18 habar gullugyna gürrüň beripdir.

Ýehowa şaýatlary 52 ýaşyndaky wyždan ýesiri Bahram Hemdemowyň fewral aýynda yglan edilen günä geçişde azat edilendigi aýdylan 1,485 tussagyň arasynda türmeden boşadylmazlygyndan lapykeç bolupdyr. Hemdemowyň öz türme tussaglygyna garşy eden şikaýatlarynyň ählisi netijesiz boldy.

"Tussag edileli bäri, toslanyp tapylan günälerini boýun aldyrjak bolup, ofiserler oňa basyş görkezdiler, agyr fiziki işlerde işletdiler we, aýalynyň onuň adyndan suda eden şikaýatlaryna jogap edip, gazaply urup-ýençdiler» diýip, Ýehowa şaýatlary Forum – 18 habar gullugyna aýdypdyrlar.

Hemdemowyň gündogar Lebapda, Seýdi şäherindäki umumy düzgünli zähmet koloniýasynda saklanylýandygy aýdylýar. Habar gullugynyň maglumatyna görä, soňky ýyllarda türmä basylan wyždan ýesirleriniň, şol sanda Ýehowa şaýatlarynyň we protestantlaryň köpüsi şu ýerde saklanyldy. Olaryň köpüsi türmede gynamalara sezewar edildi diýip, Forum -18 Türkmenistanda dini azatlyk boýunça geçiren pikir soraşlygyna salgylanyp aýdýar.

BMG-niň Adam hukuklary komiteti 2015-nji ýylyň martynda we oktýabrynda Türkmenistanyň dini ynançlary esasynda hökman harby gullukdan ýüz öwren dört raýatyň – Zafar Abdyllaýewiň, Mahmud Hudaýbergenowyň, Ahmet Hudaýbergenowyň we Sunnet Japparowyň hukuklaryny bozandygyny aýtdy.

Şeýle-de olaryň, kelleleri gaýta-gaýta diwara urlup gynalandygy we munuň üçin hökümetiň bejeriş çäreleri bilen üpjün etmelidigi aýdyldy.
5-nji aprelde Türkmenistanyň daşar işler ministrliginde Forum -18 habar gullugy bilen bu dört raýatyň hukuklary we şunuň ýaly beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak barada gürleşmek üçin hiç kim tapylmandyr.

Türkmenistanyň Ženewadaky missiýasynyň resmisi 5-nji aprelde Forum – 18 habar gullugyna ilçi Atageldi Haljanowyň häzir gürleşip bilmejekdigini aýdyp, soraglaryň ýazmaça iberilmegini sorapdyr.

Emma habar gullugynyň şol günüň özünde ýazyp iberen we hukuklary bozulan dört raýat, hökmany harby gullugyň ýerine alternatiw gullugyň döredilmezligi, şeýle-de hukuk bozmalaryň öňüni almak üçin geljekde görülmeli çäreler barada beren soraglaryna Türkmenistanyň Şweýsariýadaky missiýasyndan iş gününiň ahyryna çenli hiç bir jogap berilmändir.

Şeýle-de Forum – 18 türkmen parlamentiniň 26-njy martda Din we dine uýmak azatlygy hakynda täze kanuny kabul edendigini, emma onuň tekstiniň 5-nji aprele çenli çap edilmändigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG