Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan dine duşmançylykly garaýar"


Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi.
Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi.

Polşanyň paýtagty Warşawada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça ýyllyk konferensiýasy geçirilýär. Bu konferensiýa beýleki resmiler bilen bir hatarda türkmen delegasiýasy hem gatnaşýar.

Azatlyk Radiosy bu konferensiýada gürrüňi edilmegine garaşylýan meseleler barada Birleşen Ştatlaryň Din boýunça halkara komissiýasynyň ýokary derejeli syýasy maslahatçysy Katrin Kosmon (Catherine Cosman) bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu konferensiýada Merkezi Aziýada, hususan-da Türkmenistanda metbugat we dini azatlyk boýunça nähili meseleleriň gozgalmagyna garaşylýar?

Katrin Kosmon: Bu konferensiýada döwlete degişli däl guramalaryň we diplomatlaryň öz garaýyşlaryny deňhukuklylyk esasynda geňeşmäge hukuklarynyň bolmagy örän möhüm zat. Döwlete degişli däl dürli guramalaryň we tankytçylaryň köplenç hökümetiň hasabatlaryny tankytlamaga we hökümetiň hem bu tankytlara jogap bermäge haky bolýar. Meniň pikirimçe, şu çekeleşikler hem depginli pikir alyşmany döredýär.

Katrin Kosmon.
Katrin Kosmon.

Konferensiýada gürrüňi ediljek temalaryň arasynda metbugat guramalarynyň ýagdaýy, demonstrasiýalary geçirmek hukugy, dini azatlyklar ýaly meseleler bolup, onda adam hukuklaryna degişli ähli temalar maslahatlaşylar.

Merkezi Aziýanyň hökümetleri öz ýurtlaryndaky esasy dine duşmançylykly garaýarlar. Sebäbi hökümet Yslama özüniň häkimiýet başynda galmagy üçin potensial syýasy howp ýa-da syýasy duşman hökmünde garaýar.

Hususan-da, Yslamyň sosial adalata aýratyn üns berýändigini, Merkezi Aziýadaky hökümetleriň hem ählisiniň diýen ýaly korrumpirlenendigini we ilatyň aglaba böleginiň garyplykda ýaşaýandygyny nazara alanymyzda, olar [Merkezi Aziýanyň hökümetleri] özleriniň häkimiýetde galmagyna howp salyp biljek faktorlary göz öňünde tutýandyrlar.

Şol bir wagtyň özünde postsowet ýurtlarynyň aglabasy öz kanunçylygynyň esasyny milli ideologiýa esaslandyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Diýmek, belki-de, ýurtdaky esasy din milliligi ykrar etmekde esasy çeşme bolup hyzmat edip biler. Galyberse-de, ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat ýurtda Yslam uly rol oýnaýandyr. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, hökümetler iki alada bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz bu ýygnaga ençeme ýyllar bäri gatnaşyp gelýärsiňiz. Öňki konferensiýalary nazara alanyňyzda, bu konferensiýada metbugat, din azatlygynyň maslahatlary nähili görnüşde alnyp barylýar?

Katrin Kosmon: Munuň birnäçe usullary bar. Olaryň birinjisi Din azatlygy boýunça geçirilýän resmi forum bolup, onda döwlete degişli däl guramalaryň ençemesi çykyş etmek üçin hasaba durýarlar. Emma döwlete degişli däl guramalaryň öz garaýyşlaryny gönümel beýan edip bilmekleri üçin ýene bir mehanizm bar. Muňa käwagt hökümet delegasiýalary gatnaşýar, käwagt hem gatnaşmaýar. Bu geňeşler “goşmaça maslahatlar” diýlip atlandyrylyp, olarda haýsy-da bolsa ýörite bir meselä has köp üns berilýär.

Siz muny menden hem gowy bilýärsiňiz, Türkmenistan halkara jemgyýetiniň gozgaýan meselelerini ret etmek taktikasyny ulanyp gelýär. Netijede, eger açyk aýtmaly bolsa, onda türkmen hökümeti şu bökdençlikleriň hötdesinden gelmäge ýardam berýän Azatlyk Radiosy ýaly guramalara ýaramaz çemeleşýär.

Meniň bilşime görä, geçen aý siziň žurnalistleriňiziň aglabasy olaryň dogan-garyndaşlaryna ýa-da dogan-garyndaşlary arkaly edilýän basyşlar sebäpli ejir çekdiler, hatda olaryň biri türme tussaglygynda saklanylýar.

Men şular ýaly wakalar bu meselä has köp ünsi artdyrmaga ýardam berer diýip umyt edýärin. Bu konferensiýanyň çäginde başga-da “goşmaça maslahatlar” geçiriler. Onda Türkmenistanda hereket etmek azatlygyna üns berler. Bu hem Türkmenistandaky esasy meseleleriň ýene biri hasaplanylýar.

Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň Din azatlyklary boýunça ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň ady aýratyn aladalanma bildirilýän ýurtlaryň arasynda agzalýar. Eýse, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanyň adynyň aýratyn aladalanma bildirilýän ýurtlaryň hatarynda agzalmagyna itergi beren zat boldumy? Ýagny, Türkmenistanda dini taýdan basyş göze ilýärmi?

Katrin Kosmon: Türkmenistanda Nyýazowyň döwründe dini guramalaryň hasaba alnyşynyň şertleri ýeňilleşdirilipdi. Emma, muňa garamazdan, praktikada jezalandyryş çäreleri öňküligine saklanyp galdy.

Häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Din azatlyklary boýunça ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň ady aýratyn aladalanma bildirilýän ýurtlaryň arasynda agzalandan soň, “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparyň agzalary türmeden boşadyldy. Elbetde, bu gowy bir zat. Emma bu toparyň ýene bir agzasynyň, öz dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmegi ret edeni üçin basyş astyndadygyna ynanýaryn.

Bize käbir tassyklanmadyk maglumatlar hem gelip gowuşýar. Türkmenistanda Dini işler boýunça geňeşiň ýatyrylandygy aýdylýar. Bu Geňeş dini toparlara resmi taýdan kontrollyk edýärdi. Bu Geňeşiň kontrollygyndaky dini toparlarda diňe musulmanlaryň we Russiýanyň prawoslaw buthanasynyň wekilleri hasaba alnypdy.

Şeýle-de bu toparda hasaba alnan Russiýanyň prawoslaw buthanasynyň agzasy Sapunowyň Türkmenistany terk edendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan adam hukuklarynyň ýagdaýyna gezek gelende, halkara hasabatlaryň ençemesinde iň ýaramaz ýurtlaryň arasynda agzalýar. Ýurtda bolup geçýän bu soňky wakalar Türkmenistanda ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny görkezýärmi?

Katrin Kosmon: Dogrymy aýtsam, men şeýledigini aýdyp biljek däl. Sebäbi Türkmenistan barada maglumat örän az we şol sebäpden hem nähilidir bir kesgitli zat aýtmak gaty kyn.

XS
SM
MD
LG