Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyp, «dünýäde terrorçylykly hereketleriň güýçlenmegi» bilen bagly ýurduň din baradaky kanunçylygyny seljermelidigini aýtdy.
Türkmen metbugaty döwlet baştutanynyň bu duşuşykda ýurduň mirasa sarpa goýmak we watany özgertmek ýyly diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylda kanunçylyk pudagynda öňde tutulmaly wezipeleri kesgitländigini habar berýär.
Prezident Berdimuhamedow öz çykyşynyň başynda kanun çykaryjylyk boýunça köp işleriň bitirilendigini, ýerlerde saýlaw okruglarynda deputatlar tarapyndan geçirilýän duşuşyklaryň geriminiň giňeldilýändigini belledi.
Şeýle-de ol Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili hakyndaky kanunynyň taslamasyny taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Ol bu işiň şu ýylyň dowamynda tamamlanmagy üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy.
Mundanam başga prezident, halkara hukuk normalaryna laýyklykda, milli kanunçylyga adam söwdasyna garşy göreş boýunça hem zerur bolan üýtgetmeleri girizmelidigini aýtdy.
«Dünýäde terrorçylykly hereketleriň güýçlenmegi döwletleriň milli howpsuzlygyna, bir çäk bitewüligine, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna aýratyn hem howp salýar» diýip, prezident häzirki döwürde dünýäde din bilen bagly bolýan ýaragly çaknyşyklara ünsi çekdi.
Türkmen prezidentiniň pikirine görä, milli we dinara garşylyklaryň ýitileşmegi bu meselä aýratyn üns berilmegini talap edýär.
Berdimuhamedow bu pikirini has-da anyklaşdyryp, «dünýäde emele gelen howply ýagdaýlary göz öňünde tutup, milli kanunçylyga gaýtadan seredilmelidigini we degişli üýtgetmeleri girizmelidigini» aýtdy.
Bu gürrüňden gelip çykýan netijä görä, Türkmenistanyň parlamenti «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunyň» rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamaly.
Dünýäde terrorçylykly hereketleriň güýçlenmegi döwletleriň milli howpsuzlygyna, bir çäk bitewüligine, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna aýratyn hem howp salýar.G.Berdimuhamedow
Halkara hukuk guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ähli ugurlar, şol sanda din azatlygy boýunça çäklendirilýändigi, ýurt içinde garaşsyz adam hukuklary aktiwistleriniň işlemegine şert ýokdugy aýdylýar, metbugat, köp partiýalylyk barada döwrebap kanunlaryň kabul edilendigine garamazdan, ol kanunlaryň işlemeýändigi bellenilýär.
Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistan dini azatlyklary hem çäklendirýän ýurt hökmünde tankytlanylýar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri geçen ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa saparynyň çäginde täjik we türkmen prezidentleri bilen duşuşanda bu ýurtlardaky yslam ekstremizmi we serhet howpsuzlygy meseleleri barada hem gürrüň edipdi.
«Roýters» habar gullugynyň habarçysy Mat Spetalnigiň ýazmagyna görä, Kerri şonda olara syýasy opponentlere basyş görkezmegiň garşylykly netije berjekdigini we radikalizmi çuňlaşdyrjakdygyny aýtdy. Mundanam başga, Azatlyk radiosyna ýurt içinden interwýu berýän raýatlaryň käbiri Türkmenistanda dini yzarlanmalaryň az däldigini aýdýarlar.
Prezident Berdimuhamedow deputatlar bilen duşuşykda Adalat ministrliginiň işini kämilleşdirmek, hukuk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, raýatlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny kepillendirmek boýunça hem netijeli işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Türkmen lideriniň pikirine görä, bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin «adalat ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kanunyň kabul edilmegi» gerek.
Şeýle-de ol zähmet kodeksi, derman üpjünçiligi, çaga iýmit önümleri, maşgala kodeksi, suw kodeksi, ilaty durmuş taýdan goramak we beýleki kanunlar boýunça edilmeli işleri ýatlatdy.