Geçen ýekşenbe güni Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde suw üpjünçiligi kesildi. Ýerli häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, hojalyklara akdyrylýan suwuň durzulmagyna şäheriň Zelili köçesiniň ugrundan geçýän, ilat arasynda “magistralnyý” diýlip atlandyrylýan esasy suwgeçirijiniň ýarylmagy sebäp bolupdyr.
21-nji fewralda ýüz beren bu wakanyň yzy bilen ýerli häkimiýetler suwsuz galan türkmenabatlylaryň agyz suw ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin, ýörite ulaglarda suw daşamak diýen ýaly hiç bir zerur çäre görmediler.
Ýerli ilat suw ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin dükanlardaky gaplanan suwlary satyn almakdan başga çäreleriniň galmandygyny gürrüň berýär.
“Suwumyz kesildi. Aýlap suw paýlamandyklary üçin, 14 manat töweregi goşmaça çykdajy edip, ony satyn almakdan başga alajymyz galmady. Soňy bilen dükandaky satuwa çykarylan plastik çüýşelerdäki suw hem gutardy” diýip, Türmenabadyň Nebitçiler mikroraýonynyň ýaşaýjysy 46 ýaşly Nariman gürrüň berýär.
Türkmenabadyň aglaba bölegi suwuň ýetmezçiliginden kösenen bolsa, şäheriň Zelili köçesiniň ugrundaky ýaşaýjylar suwgeçiriji turbany böwsüp çykan suwuň akymynyň öňüni aljak bolup, uly alada galdylar.
Bu wakanyň ýüze çykmagynyň yzysüre Zelili köçesi awtoulaglar üçin ýapylyp, gurluşyk tehnikalary gazmak işlerine başladylar. Hadysanyň bolan ýerinde “Lebapagyzsuw” hojalyk edarasynyň resmileri bilen birlikde şäher häkimliginiň işgärlerini hem görse bolýardy.
“Lebapagyzsuw” edarasynyň hünärmenleriniň beren gürrüňine görä, suwgeçiriji “gidroudar”, ýagny suwy itekleýän nasoslaryň näsazlyk sebäpli säginmegi netijesinde suw yzyna urup, turbany ýarypdyr.
Agyz suwy giçlik sagat ýedi töwereklerinde gaýtadan ýola goýuldy.
Belläp geçsek, gürrüňi gidýän 80-90 sm-lik suwgeçiriji soňky sapar 2001-nji ýylda çalşylypdy.
Şol bir wagtda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde mundan 6 aý töweregi ozal hem “Görogly” köçesiniň ugrundaky turba ýarylyp, ýerli ilat suwsuz galypdy.