Zika wirusy ilki 1947-nji ýylda Ugandada bir maýmynda tapyldy. Onuň adama ýokaşandygy bolsa ilkinji gezek 1954-nji ýylda Nigeriýada hasaba alyndy.
Adamlara çybyndan geçýän bu wirus onlarça ýyllap Afrikada, Aziýada, soňky wagtlarda hem Ýuwaş okean regionlarynda ýaýrasa-da, uly alada sebäp bolmandy.
Bu gün bolsa ýagdaý "bütinleý tapawutly" diýip, Dünýä saglyk guramasynyň başlygy Margaret Çan 28-nji ýanwarda aýtdy.
Çan Wirus öten ýyl Braziliýada peýda bolaly bäri "indi ýokary çaltlyk bilen ýaýraýar" diýýär. Onuň nygtamgyna görä, "gorky derejesi aşa ýokary".
Dünýa saglyk guramasynyň başlygy 1-nji fewralda gyssagly duşuşyk geçirilmegine çagyrdy. Duşuşykdan maksat halkara möçberinde bolýan aladalara degişli jogap tapmak, şeýle hem wirusyň ýaýran ýurtlaryna hem-de beýleki regionlara ündelýän çäreler hakda pikir alyşmak.
Zika wirusynyň infeksiýalaryna häzir 20 töweregi ýurtda, Karib regionynda, şeýle hem Demirgazyk we Günorta Amerikanyň territoriýalarynda duş gelinýär. Bu bolsa agzalýan regionda wirusyň ýaýraýyş giňisligi mundan bir aý ozalkysyndan iki esse uly diýildigidir.
Bu wirusyň infeksiýasy köplenç simptomatik däl, ýagny ýokaşan adamda simptomlar bolmaýar ýa-da ýeňil näsaglyk duýulýar. Ol hem adatça bir häpdä çekýär. Adaty ýagdaýda agyr kesele ýa ölüme duçar bolnanok.
Ýöne Waşingtonda ýerleşýän Milli we global saglyk kanuny baradaky O'Neil institutynyň alymy Lawrens Gostiniň aýtmagyna görä, uly alada bu "ýokary derejede" epidemik potensiala eýe bolan keseliň çagalarda doga kemislilige getirýändigi hakdaky çaklamadyr.
Dünýä saglyk guramasynyň başlygy Çan zikanyň çagalaryň doglanda kellesiniň adatdan daşary kiçi bolmagy, ýagny mikrosefaliýa bilen baglanyşyklydygy baradaky aladalaryň barha artýandygyny nygtady.
"Alada sebäp bolýan ýene bir zat zikanyň ilatyň saglygynyň goragy o diýen güýçli bolmadyk täze geografik regionlara ýaýramagydyr. Aýratyn-dabu infeksiýanyň göwrelilik we çagalaryň kiçi kelleli dogulmagy bilen mümkin bolan baglanyşgy" diýip, Çan aýtdy.
Çybynyň Aedes görnüşiniň zika wirusyny ýaýratmagy dünýäniň hemme ýerinde bolýar. Bu hem onuň ilatynyň saglyk ýagdaýy güýçli goralmaýan regionlara-da ýaýrama howpuny döredýär.
"Meniň pikirimçe, onuň epidemik potensialy bar. Munuň aşa çalt bolmagy mümkin. Bu barada güýçli deliller bar. Çybynyň zikany ýaýradýan görnüşi dünýäniň hemme regionlarynda duşýar" diýip, Gostin gürrüň berýär.
Men geljek iki ýa üç ýyllykda Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we dünýäniň beýleki ýerlerinde bu wirus giňden ýaýrar diýip pikir edýärin. "Bu bir çynlakaý zat. Biz muňa beýle ýeňil garamaly däl" diýip Gostin belleýär.
Zika wirusynyň has köp ýaýran ýurtlarynyň biri Braziliýa. Bu ýerde onuň bir milliondan köp adama ýokaşandygy hasaba alyndy. Tomusky Olimpiada oýunlary hem awgust aýynda Rio de Žaneiroda geçýär. Braziliýa mikrosefaliýanyň hem has köp hasaba alnan ýeridir.
200 million ilatly ýurtda adatdan daşary kiçi kelleli doglan çagalaryň sany ozal ýylda ortaça hasap bilen diňe 160 bolan bolsa, oktýabr aýyndan bärde ol sanyň 3900-e baranlygy habar berilýär.
Zika garşy aýratyn derman ýa waksina ýok, ony irgözinden kesgitlär ýaly test-de ýok.
Dünýä saglyk guramasy zika wirusyndan ejir çekýän regionlara çybynlaryň köpelýän ýeri bolan ýata suwlary arassalamagy maslahat berýär. Ol şeýle hem adamlary mör-möjeklere garşy derman ulanmak, bedeniň köp bölegini büreýän egin-eşik geýinmek, gapy-penjireleri ýapyk saklamak bilen çybyndan goranmaga çagyrýar.
Latyn Amerikasynda ilat bilen hökümet bu howpy nädip düşündirjekdiklerini bilenoklar. Sao Polonyň ýaşaýjysy Bruna 26-nji ýanwarda "Reuters" habar gullugyna şeýle diýdi: "Ondan hemmämiz gorkýarys, ol biziň gündelik durmuşymyzy çylşyrymlaşdyrdy. Bizi geň galdyrýan zat zika wirusynyň örän çalt ýaýramagy. Bir ýere syýahata gitsek, tokaýly ýerlere barmakdan saklanýarys".
Aýdylyşyna görä, Braziliýada çybyna garşy ulanylýan dermanlaryň bahasy ýokarlapdyr.
Ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Resife şäherinde ýerli keselhanalaryň öz bäbekleriniň beýnisiniň ýeterlik derejede ösmedik bolmagyndan howatyr edýän göwreli aýallardan doludygy aýdylýar. Zenanlaryň käbirleri bolsa bäbekleriniň kellesini ölçetmäge gelýärler.