Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Tährana 'täze penjire' açyldy


Prezident Hassan Rohani
Prezident Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurduna garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna ýokary baha berip, dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň Tähranyň dünýä bilen gatnaşygynda «täze penjireleri» açandygyny aýtdy.

Rohani 17-nji ýanwarda parlamentde çykyş edip, bu ylalaşygyň Eýranyň ykdysadyýeti üçin «dönüş pellesi» bolandygyny aýtdy we şol bir wagtda energiýa baý ýurduň nebit girdejilerine has az garaşly bolmalydygyny belledi.

BMG-niň ýadro gözegçiligi guramasy 16-njy ýanwarda Eýranyň iýul aýynda gelnen ylalaşyk esasynda beren wadalarynda durýandygyny, ýagny öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini aýtdy. Bu tassyknama halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna ýol açýar.

ÝB-niň Ýewropa geňeşi beýanat çap edip, özüniň «Eýranyň ýadro programmasyna dahylly ähli ykdysady we maliýe sanksiýalaryny ýatyrandygyny» aýtdy.

Waşington bolsa Eýrana garşy bank işleri, polat, ýük we beýleki ugurlarda girizen sanksiýalaryny resmi taýdan ýatyrdy.

Şeýle-de Eýran bäş amerikalynyň, şol sanda «Washington Post» gazetiniň žurnalisti Jason Rezaianyň Birleşen Ştatlar bilen tussag çalyşmak esasynda boşadylandygyny habar berdi.

Rohani 17-nji ýanwarda , "ýadro ylalaşygy biziň ýurdumyzy ösdürmegimiz, döwletiň abadançylygyny ýokarlandyrmagymyz, sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk döretmek üçin ulanylmaly mümkinçilik» diýdi.

Ol Eýran gelmegine garaşylýan pullary we maýalary ýyllarboýy işsizlikden we ýokary inflýasiýadan ejir çeken ýurtda «ykdysady öwrülişik» döretmek üçin ulanmaly diýdi.

Eýrana özüniň ýyllyk sekiz prosent ösüş maksadyna ýetmek üçin her ýyl 50 milliard dollara çenli daşary ýurt maýasy gerek diýip, Rohani aýtdy.

Halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagy bilen, Eýran okean aňyrsynda bada-bat 30 milliard dollardan gowrak emläge eýe bolýar.

Eýranyň resmi habarlarynda Eýranyň daşary ýurtlarda doňdurylan emlägi 100 milliard dollara golaý diýlip hasaplanylýar.

Rohani parlamenti geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasy bilen tanyşdyranda, bu ylalaşygyň Eýranyň ykdysadyýeti üçin, nebitiň bahasynyň aşaklan mahalynda, öz «göbegini özüniň kesmegi» üçin bir mümkinçilikdigini nygtady.

Emma, nebitiň bahasynyň 30 dollardan hem aşak gaçmagyna garamazdan, Eýran ýadro ylalaşygyndan soň öz nebit öndürijiligini artdyrmakçy bolýar.

75 milliard dollarlyk býujetiň taýýar bolanyna hepdeler geçipdi, emma Rohani ony ýadro ylalaşygy durmuşa geçirilýänçä aýan etmedi. Sebäbi ol sanksiýalaryň ýatyrylmagyna esaslanýardy.

Şeýle-de Rohani indi Eýrana, täze ykdysady reallykdan has gowy peýda görmek üçin, syýasy asudalygyň zerurdygyny aýtdy.

"Biziň ählimiz özümize päsgel berýän içerki we daşarky ownuklyklaryň islendiginiň öňüni almaly» diýip, ol aýtdy. "Islendik ähmiýetsiz we başga ýana çekiji dawa milli maksadalaýyklyga garşy gelýär."

Rohani Eýranyň ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Orsýet, Hytaý we Germaniýa bilen gol çeken ylalaşygynyň gepleşýän ähli tarap, Eýranyň içindäki ähli fraksiýa üçin utuş bolandygyny aýtdy.

Wena ylalaşygy Rohani prezident saýlananyndan soň iki ýyllap geçirilen gepleşiklerde gelindi.

XS
SM
MD
LG