Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary 16-njy ýanwarda ýatyrylar diýýär.
Halkara atom energiýasy gullugynyň Eýran bilen dünýäniň iri döwletleriniň geçen ýyl baglaşan ýadro ylalaşygynda Tähran tarapyndan boýun alnan borçnamalaryň ýerine ýetirilişi barada jemleýji hasabatyny çap etmegine garaşylýar.
Hasabatyň çap edilmegi «Durmuşa geçiriş gününe» we ABŞ, BMG we ÝB tarapyndan girizilen käbir sanksiýalaryň ýatyrylmagyna ýol açar.
"Şu gün HAEG-nyň başlygynyň hasabatynyň çap edilmegi bilen, ylalaşygyň başlanýandygy baradaky bilelikdäki beýanat esasynda, ýadro ylalaşygy durmuşa geçiriler» diýip, Zarifiň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugyna aýdan sözleri sitirlendi.
Zarif 16-njy ýanwarda Wenada ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini, HAEG-nyň başlygy Ýukiýa Amano bilen duşuşýar.
"Bu gün Eýranyň halky üçin gowy gün, şu gün sanksiýalar ýatyrylar» diýip, Zarif Wenada žurnalistlere aýtdy.
Ol «bu dünýä üçin hem gowy gün, region üçin hem gowy gün» diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Iýulda baglaşylan taryhy ylalaşyk esasynda Eýran, ysgyndan salyjy sanksiýalaryň aýrylmagynyň ýerine, öz ýadro programmasyny jylawlamaga razy boldy.
HAEG-nyň hasabatynda Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirýändiginiň tassyklanmagy Eýrana garşy girizilen 100 milliard dollar çemesinde diýlip hasaplanylýan sanksiýalaryň ýatyrylmagyna ýol açar.
Bu sanksiýalar Eýrany global maliýe sistemasyndan kesdi, onuň esasy nebit öndürijisi hökmündäki eksportlaryny düýpli kemeltdi, ýönekeý eýranlylara hem ykdysady kynçylyk getirdi.
Noýabrda prezident Barak Obamanyň ýerine geçiriljek saýlawlara gatnaşmakçy bolaýan respublikan kandidatlaryň ählisi ýadro ylalaşygyna garşy çykýar. Şeýle-de bu ylalaşyga ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky ýaranlary, şol sanda Ysraýyl we Saud Arabystany tarapyndan çuň şübhe bilen garaldy.
Emma bu ylalaşyk Waşingtonyň Ýewropadaky ýaranlary tarapyndan goldanyldy, olar ozal prezident Obamanyň Tährany gepleşiklere mejbur etmek strategiýasynyň bir bölegi bolan sanksiýa güýçlendirmek tagallasyna hem goşulypdylar.