Aşgabadyň Aşgabadyň tas ähli dükanlarynda diýen ýaly çilimiň dolulygyna satuwdan aýrylandygy habar berilýär. Maglumata görä, bu çäklendirme çilimiň, ýagny temmäki önümleriniň ähli görnüşlerini öz içine alýar.
Azatlyk Radiosy bu mesele we onuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.