Owgan resmileri «Talybanyň» Helmand welaýatynda çalasyn ilerlemeginden alada bildirdiler we günorta welaýatyň birnäçe etrabynyň jeňçi toparyň eline geçmeginiň ahmaldygyny duýdurdylar.
Helmandyň gubernatorynyň orunbasary Mohammad Jan Rasulýar prezident Aşraf Ganä feýsbukda ýazan açyk hatynda Kabuldan gyssagly goşmaça kömek iberilmegine çagyrdy.
Rasulýar birnäçe etrapda, şol sanda Sangin etrabynda agyr söweşleriň barýandygyny, bu etrabyň «Talybana» ýan bermegiň öň ýanynda durandygyny aýtdy.
Helmandly deputat Abdulhai Ahunzada edil häzir Helmandyň bäş etrabynda aldym-berdimli söweşleriň barýandygyny, «Talybanyň» ol ýerde çalasynlyk bilen öňe süýşýändigini aýtdy.
Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Helmandda barýan söweşleri tassyklady, emma ol «Talyban» agyr ýitgi çekdi diýdi.
Dawlat Waziri 20-nji dekabrda soňky 24 sagatda Helmandda 150-den gowrak talyban söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy.
Waziri bu çaknyşyklarda 11 sany hökümet esgeriniň hem wepat bolandygyny aýtdy.
Ol hökümet güýçleriniň arasynda ruhubelentligiň ýokarydygyny hem sözüne goşdy.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýa geçen ýyl bu ýerdäki söweş missiýasyny resmi taýdan tamamlanyndan soň, Owganystandaky zorlukly wakalar birden güreldi.
Koalisiýa bu ýurtda 12 müň töweregi NATO esgerini galdyrdy, olar «Talybanyň» ýolbaşçylygyndaky pitneçilige garşy söweşýän hökümet güýçlerine tälim berýär.
«Talyban» Helmandda uly güýje eýe bolup durýar we pitneçiligi maliýeleşdirmäge kömek edýän neşe önümçiligini kontrolda saklaýar.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.