Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Berdimuhamedow, wadada wepa ýokmy?’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

“Saýlaw kampaniýasy wagtynda beren wadalaryňyzy ýatdan çykardyňyzmy? Haçan prezidentlik wezipesini terk edersiňiz?” – bu sowallar Azatlyk Radiosynyň açan forumynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelip gowşan ençeme soraglaryň diňe iki sanysy.

17-nji dekabrda Azatlyk Radiosy öz okyjylaryna, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň sorag-jogap görnüşinde geçiren ýyllyk metbugat ýygnagyna gabatlap, “Siziň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sorag bermäge mümkinçiligiňiz bolsa, ondan näme sorardyňyz?” diýen sowal bilen ýüz tutdy.

Bu foruma diňe bir günüň dowamynda, ýagny 18-nji dekabra çenli ”Azathabar.com” websaýtymyza 30-dan gowrak, Facebook sosial ulgamyndaky sahypamyza 100-e golaý teswir gelip gowuşdy. Okyjylarymyz öz hatlarynda prezident Berdimuhamedowyň ýurtdaky işsizlik, parahorluk, okuwa ýerleşmek kynçylyklary, goşa raýatlyk ýaly meseleler bilen bir hatarda, esasan, onuň saýlaw kampaniýasy döwründe beren wadalaryny sorag astyna alýarlar.

“Politika nähili düşünýärsiň?”

Meselem, Myrat atly okyjymyz “Saýlaw döwründe, Maryda çykyş edip, ilatyň banklarda köýen pullaryny berjek diýip, abraý gazandyň. Şol sebäpli halk saňa ses berdi. Emma beren wadaňy ýerine ýetirmediň” diýip ýazaýar. Ol sözüni dowam etdirip,“tersine, [Berdimuhamedowyň] halky işsiz, pulsuz goýup, daýhanlary tozdurandygyny” belleýär we “Indem zaýom çykaryp, halkyň barja aýlygyny hem elinden aljak bolýaňmy?” diýen soragy keserdip goýýar.

Websaýtymyzdaky forumda teswir galdyran Dinora atly okyjymyz “Seniň prezidentlik wezipesine saýlananyňa 8 ýyl boldy. Halkyň şu günki ýagdaýyna we geçen ýylky ýagdaýyna seret. Benziniň, unuň öňki bahasyna we häzirki bahasyna seret” diýip, “Öňki günlerden şu günki günümiz has gowy diýip hasaplaýarsyňyzmy? diýip sorardym diýýär.

”Wkontakte” sosial ulgamyndaky sahypamyzda Maý atly okyjymyz prezidentden “haçan adam hukuklary goralyp, kanun doly güýjünde ýerine ýetiriler?” diýip sorasa, adyny ýazman teswir galdyran okyjymyz “Näme üçin reforma ýok?” diýen soragy berýär. Özüni Sorag diýip tanadan beýleki bir okyjymyz prezidentden “näme üçin diňe özüňi bilýäň? Kyýamatyňy düşüneňokmy? diýip sorardym” diýýär. Jan atly okyjymyz bolsa “Politika [politika – syýasat, Red.] diýlen söze nähili düşünýärsiň?” diýen soragy bererdim diýýär.

“Ýurdumyz gülala-güllük”

Zalina, Melek ýaly okyjylarymyz bilen bir hatarda Leýla ýurtda işsizlik meselesine ünsi çekip, “Näme üçin iş ýok?” diýip sorardym diýse, Zamira “daşary ýurtlarda sü[ý]r[e]nenimize besdir” diýip, “Daşary ýurtlarda işleýän [türkmenistanlylaryň] ählisini ýurda çagyryp, iş bersin diýerdim” diýýär. Aýbölek bolsa “Haçan biz söýenimiz bilen öz watanymyzda bagtly ýaşarys? diýen soragy bererdim diýýär. Aman atly ýene bir okyjymyz: “Halkyň Stambulda we Dubaýda gul bolup işleýär. Sen ýeriňde oturmakdan utanaňokmy?” diýip soraýar.

Okyjylarymyzyň käbirleri bolsa, ýurtda bar diýilýän parahorluk meselesi barada käbir soraglary orta atypdyrlar. Mysal üçin, Yhtyýar atly okyjymyz: “Ýurdumyzda, pul bermeseň, işe, okuwa girip bolanok. Seniň mundan habaryň barmy? diýip sorardym” diýse, Reýhan: “Näçe adam para bermän okuwa we işe girdi? diýerdim diýýär.

Şol bir wagtda okyjylarymyzyň arasynda “öz beren soragyna dogry jogap alyp bilmejekdigini” ýazanlaram, ýurtda ähli zadyň gülala-güllükdigini tekrarlaýanlaram bar. Habyp alty okyjymyz “Iş ýok diýip nalyş etmäň, parahat ýurdumyzda işden köp zat ýok” diýip, soňra-da öz teswirini “Siziň isleýäniňiz alma biş - agzyma düş!” diýen nakyl bilen jemleýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu soraglar we teswirler okyjylarymyzyň öz şahsy garaýyşlarydyr we olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG