Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Dragon oil’ TOPH proýekti bilen 'gyzyklanýar'


Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan gaz geçirijisiniň logotipi.
Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan gaz geçirijisiniň logotipi.

“Dragon oil” kompaniýasy Transowgan (TOPH) gaz proýekti bilen gyzyklanýar. ”Financial Times” gazetiniň 22-nji noýabrdaky sanynda ýazmagyna görä, Dubaýyň nebit kompaniýasy türkmen ýolbaşçylary bilen eýýäm bu barada gepleşikler geçirýär.

Bahasy 10 milliard dollar bolar diýlip çaklanylýan bu proýektiň gurluşygy baradaky gürrüňler Türkmenistanyň garaşsyzlygyna gowuşmagynyň ýzysüre başlapdy.

Emma ençeme ylalaşyklara gol goýlandygyna garamazdan, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýy we beýleki käbir sebäplere görä, proýektiň gurluşyk tapgyry şu güne çenli başa barman gelýär.

Türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana, galyberse-de Hindistana akdyrjak bu geçirijiniň her ýyl 33 milliard kubometr gaz akdyrmagyna garaşylýar. Geçirijiniň uly bir bölegi bolsa Owganystandan geçmeli.

Gaz proýektiniň gurluşygy

”Dragon oil” kompaniýasynyň TOPH proýekti bilen gyzyklanýandygy hakdaky habarlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakynda başlanjakdygyny aýdansoň, köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Azerbaýjanyň ”Trend” habar agentliginiň maglumatyna görä, şol geçirijiniň gurluşygyna 13-nji dekabrda badalga berler we uzynlygy 200 kilometr bolar diýilýän geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygy iki ýylda tamamlanar.

TOPH-yň uzynlygy jemi 1735 kilometre barabar bolup, onuň 735 kilometerlik bölegi Owganystandan, 800 kilometr uzynlykdaky bölegi-de Pakistandan geçýär.

Ynha, geçirijiniň şol böleginiň howpsuzlygy proýektiň hakykatdan-da amala aşmak mümkinçiligini şübhe astynda goýýar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Brýus Panniýer ”Dragon oilyň” gyzyklanmasy bu proýektiň gurluşygyna o diýen täsir ýetirmez diýen pikirde.

“Boş gürrüň”

“Men bu geçirijiniň türkmen territoriýasynyň daşyndaky böleginiň nähili amala aşyryljagyna asla göz ýetirip bilemok. Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýy mundan üç-dört ýyl ozalkysy bilen deňeşdirlende, has erbetleşdi” diýip, Brýus Panniýer aýdýar.

Şeýle ýagdaýda ”Dragon oil” näme üçin bu proýekte gyzyklanma bildirýär diýen soraga jenap Panniýer şeýle diýýär: ”Munuň diňe boş gürrüňden ybarat bolmagy mümkin. Sebäbi ”Dragon oil” bu proýektiň häzirki ýagdaýda başa barmajagyny bilip, şeýle pikiri orta atýan bolup biler. Sebäbi bolmajak zat barada, men onuň bilen gyzyklanýaryn diýmek aňsat, ýagny ”Dragon oil” hiç zat ýitirenok, emma bu gürrüň Türkmen ýolbaşçylarynyň gulagyna ýakýar. Şeýlelikde haçan-da Türkmenistan täze tender yglan edende, orta atylan bu pikir bu proýektiň tenderini ”Dragon oilyň” utmak mümkinçiligini has güýçlendirýär. Sebäbi näme-de bolsa bu kompaniýa türkmen ýolbaşçylarynyň isleýän zadyny aýtmak bilen, olaryň göwnünden turup bildi”.

Emma Owganystanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohammed Fazil Saifi bolsa ”Financial Times” gazetine beren interwýusynda geçirijiniň Owganystanda 2500 sany täze iş ornuny döretjekdigini aýdyp, bu ýagdaýyň proýektiň howpsuzlygyna kepil geçjekdigini öňe sürýär.

Bu proýektden yza çekilen kompaniýalar

Mundan ozal Owganystandaky ýagdaýlar, hemem gazyň bahasynyň pese gaçmagy ýaly ýagdaýlar sebäpli, dünýänyň ençeme abraýly kompaniýalary, şol sanda ”ExxonMobil”, ”Şewron” we ”Total” bu proýektden yza çekilipdiler.

Halkara kompaniýalarynyň yza çekilmeginden soňra şu ýylyň tomsunda döwlet eýeçiligindäki ”Türkmengaz” kompaniýasy proýektiň lideri saýlandy we onuň proýektiň dolandyryjy konsorsiumynda 85% paýynyň boljakdygy aýdyldy.

Proýekte gatnaşýan beýleki üç ýurt, ýagny Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň bolsa hersiniň agzalýan konsorsiumdaky paýynyň 5%-e barabar boljakdygy aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, ”Dragon oil” kompaniýasy bu proýekte soňky ýyllaryň dowamynda gyzyklanma bildiren ençeme uly kärhanalardan diňe biridir. Emma gyzyklanma bildirip, soňra proýektden gaýra çekilen beýleki şereketler bilen deňeşdirilende ”Dragon oil” başgaça hereket edip, eýýäm Türkmenistanda iş alyp barýar.

Agzalýan kompaniýanyň Türkmenistandaky wekili Faisal Rabee Al Awadahyň ”Financial Times” gazetine aýtmagyna görä, ”Dragon oil” şu günki gün Türkmenistanda her gün 100 müň barrele barabar nebit öndürýär we eksport mümkinçiligi bolan halatynda, bu kompaniýanyň gysga wagtyň içinde ýylda 3.3 milliard kubometr gaz öndürmäge ýagdaýynyň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG