Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH-yň başyny "Türkmengaz" çeker


TOPH arkaly ýylda 38 milliard kub metr gaz geçirmek nazarda tutulýar.
TOPH arkaly ýylda 38 milliard kub metr gaz geçirmek nazarda tutulýar.

Türkmen tebigy gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana aşyrjak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň halkara konsorsiumyna «Türkmengaz» döwlet konserni ýolbaşçylyk eder.

Bu karar proýekte gatnaşýan dört ýurduň ministrleriniň Aşgabatda bolan duşuşygynda biragyzdan kabul edildi diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy 6-njy awgustda aýtdy.

Habarda aýdylmagyna görä, «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Limited» konsorsiumynyň ýolbaşçysy hökmünde gurluşyk pudagyndaky utgaşdyrmalara, maliýeleşdirmä, gaz geçirijiniň eýeçiligine we ulanylyşyna gözegçilik eder».

Germaniýanyň «Deutsche Welle» radiosynyň AFP habar gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň bir resmisi, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen, Aşgabatda kabul edilen kararyň bu proekte daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmajagyny asla aňlatmaýandygyny aýdypdyr.

«Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky konsorsiumyň işine ýolbaşçylyk eder we ony utgaşdyrar, häzir olaryň teklipleri öwrenilýär» diýip, AFP bilen gürleşen türkmen wekili aýdypdyr.

Ýöne ol anyk haýsy kompaniýalaryň degişli teklipler bilen ýüzlenendigini aýtmandyr. Ozal TOPH konsorsiumynyň potensial liderleri «Chevron», «ExxonMobil» we «Total» ýaly uly günbatar kompaniýalary bolar diýen habar çykypdy.

"Total" bilen oňşuksyzlyk

Habarly pakistan çeşmesiniň AFP habar gullugyna aýtmagyna görä, Türkmenistan bu proýektiň ýolbaşçylygyny «Total» bilen gepleşiklerde dörän problemalar sebäpli öz üstüne almaly bolupdyr.

Gaza baý Türkmenistanyň hakykatda öz gaz infrastrukturasy ýok we Aşgabat adatça daşary ýurt maýadarlaryna aksiýalaryň kontrol pakektini birmekden boýun gaçyrýar hem-de potensial proýektler boýunça ylalaşygy kynlaşdyrýar diýip, AFP habar gullugy belleýär.

Orsýetiň «Neftegaz.ru» neşiri TOPH halkara gaz geçirijisi proektiniň ýolbaşçylar komitetiniň Aşgabatda geçen 22-nji duşuşygyna Aziýa ösüş bankynyň baş menejerleriniň hem gatnaşandygyny, bu bankyň 2013-nji ýyldan bäri proýektiň transaksiýa geňeşçisi bolup durýandygyny ýazýar.

Şeýle-de neşir ozal bu proýekte «Total» ýolbaşçy bolar diýip çaklanandygyny, «Chevron», «ExxonMobil» ýaly halkara kompaniýalarynyň düşnüksiz bir sebäbe görä proekte ýolbaşçylyk etmek kararyna gelmändiklerini belleýär.

Gurluşyk dekabrda başlanar

ITAR-TASS-yň Pakistanyň habar serişdelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistandan Hindistana çekiljek gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýylyň dekabrynda başlanar.

Bu habar Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedowyň duşuşygynda yglan edilipdir.

Şeýle-de Hojamuhammedow Şarifi proýektiň ilkinji kerpijiniň goýulmagyna bagyşlanjak dabara gatnaşmaga çagyrypdyr we ol bu çakylygy kabul edipdir.

TASS habarlar gullugynyň Hindistanyň nebit we tebigy gaz ministrliginden alan maglumatlaryna görä, bu geçirijiniň gurluşygy 7,6 milliard dollara düşer. Käbir habarlarda bu gurluşygyň 10 milliard dollara düşjegi aýdylýar.

TOPH-yň uzynlygy 1814 km bolup, ol Türkmenistanyň günorta-gündogaryndan Owganystana, soňra Hyrat we Kandagar şäherleriniň arasyndaky ýoldan Pakistana, ahyr netijede bolsa Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden Hindistanyň Penjap ştatyna barar.

Bu geçiriji arkaly ýylda 38 milliard ýa-da günde 90 million kub metr gaz geçirmek nazarda tutulýar.

XS
SM
MD
LG