Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH-a ýolbaşçy gözlenýär


Dürli ylalaşyklara garamazdan, TOPH proýektiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin ädilen takyk ädimler ýok.
Dürli ylalaşyklara garamazdan, TOPH proýektiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin ädilen takyk ädimler ýok.

“Transowgan” gaz proýektine gatnaşýan ýurtlar indiki ýyldan başlap bu proýektiň işine girişjek kompaniýanyň gözleginde. Bu maglumat agzalýan proýekte gatnaşýan ýurtlaryň, ýagny Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda 20-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen ýygnakdan soňra ýaýradyldy.

Dünýäniň iň gaza baý ýurtlaryndan biri diýlip hasaplanýan Türkmenistan indi uzak wagtdan bäri, öz gaz eksportyny köp ugurly etmek aladalarynyň çäginde bu proýektiň amala aşyrylmagy üçin tagalla edip gelýär.

“Roýter” habar agentliginiň, “Neýtralny Türkmenistan” gazetine salgylanyp 21-nji noýabrda çap eden maglumatyna görä, agzalýan proýekte ýolbaşçylyk etjek kompaniýa 2015-nji ýylyň fewral aýyna çenli saýlanmaly diýlen ylalaşyga gelnipdir.

Raportda aýdylyşyna görä, dört ýurduň wekilleriniň gatnaşmagyndaky komitet bu barada tender yglan edip, ýakynda kompaniýany saýlamak işine girişer. Şol bir wagtyň özünde-de Hindistanyň “India Today” neşiri, bu proýekti 2015-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirmäge başlamak maksady bilen, degişli çäreleriň görüljekdigini habar berýär.

Geljekki ädimler

Aşgabatda geçirilen ýygnakda 2015-nji ýylyň fewral aýynda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda boljak ýygnakda proýekt bilen bagly mundan beýläk ädiljek ädimler hakda pikir alyşmak kararayna hem gelnendigi habar berilýär.

Bu baradaky habarlar Türkmenistanyň “Türkmengaz”, Owganystanyň “Owgan Gas Enterprise”, Pakistanyň “Inter State Gas system” we Hindistanyň “Gail” kompaniýalarynyň “Transowgan” gaz turbasyny bilelikde işletmek boýunça bir kompaniýany döretmek ylalaşygyna gelmeginiň yzysüre köpçülige ýetirildi. Bu ylalaşyga geçen hepde gelnipdi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, bu proýekti amala aşyrmak işine ýolbaşçylyk etjek we ýakynda saýlanmagyna garaşylýan kompaniýa dört ýurduň gatnaşmagyndaky konsorsiumda uly paýa eýe bolup, onuň bilen 20 ýyllyk kontrakta gol goýlar.

Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow, şu hepde Aşgabatda eden çykyşynda saýlanjak şol kompaniýanyň agzalýan proýekte maýa goýujylary çekmek bilen meşgullanjakdygyny mälim edip, Türkmenistanyň hökümetiniň bu proýekte 10 milliard dollar çemesi çykdajy etmeli boljakdygyny çaklaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Uzynlygy 1735 kilometre barabar boljakdygy aýdylýan bu gazgeçirijiniň gurluşygy, bu eger başa barsa, geljek 30 ýylyň dowamynda her ýyl 33 milliard kubometre barabar türkmen gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana akdyrar.

Bu proýekt barada indi ençeme ýyldan bäri gürrüň edilip gelinýär, emma henize çenli, dürli ylalaşyklara garamazdan, proýektiň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin ädilen takyk ädimler ýok.

Käbir synçylar munuň bir sebäbiniň Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýy bilen baglydygyny aýdýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu turbanyň azyndan 735 kilometrlik bölegi Owganystanyň territoriýasyndan geçer.

XS
SM
MD
LG