Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-gazak serhedi: Saklanan "Ladalar" we çilim gaçakçylygy


Türkmenistana girmek dilde aňsat. Bu Orta Aziýa respublikasy dünýäniň iň awtoritar we zabun döwletleriniň biri hasaplanýar. Orta Aziýanyň Demirgazyk Koreýasy. 2006-njy ýyldan bäri prezident bolan Gurbanguly halka öz golastynda ýaşamagy kynlaşdyrýar. Ol özünden öňki prezidentiňkiden hem güýçli şahsyýet kultuny ýöredýär. Prezident ýaňy golaýda paýtagtda özüniň 21 metr çemesi heýkelini dabara bilen açyp, milli baýramçylyk paradynda onuň töwereginde agtygyny atly aýlady. Gurbanguly ýurtda ösüş bolýar diýen duýgyny oýarmak üçin, hatda reňki ak bolmadyk maşynlaryň importyny gadagan etmek ýaly işlere ýüz urýar.

Türkmenistanyň uzak demirgazyk-günbatarynda Gazagystan bilen aralykdaky serhede gözegçilik edýän elleri kalaşnikowly bir topar esgeriň ýanynda taşlanýan ýüzlerçe lada maşynlary ýatyr.

Bu hem türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hiç bir ülňä laýyk gelmeýän oslanmadyk permanlarynyň açyk netijeleriniň biri. Türkmen prezidenti golaýda düşnüksiz, ýöne ozüne mahsus ýene bir höküm çykardy. Bu höküme görä, ýurtda çykanyna dokuz ýyldan aşan lada maşynlarynyň islendik goýberilişiniň ulanylmagyna gadagançylyk girizildi. Bular ýaly maşyny bolan ýüzlerçe türkmenler ýa eglenmän öz ladalaryny serhediň gyrasyndaky eýesiz ýere taşlap gaýtmak, ýogsa-da türmä basylmak gorkusy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Türkmenistan bir garyp ýurt. Adamlarda täze maşyn almaga gurp ýok.

“Gurbangulynyň syýasatyna dil ýetirmäge hiç kim ýürek edenok”

Maşynlar üç aý bäri şol ýerde poslap ýatyr. Olar diňe päsgelçilik döredýär, çözgüt göze ilenok. Ýoluň ýarpysyny ladalar tutýar. Garşy tarapdan gelýän maşynlar bolsa, seresaplylyk bilen olaryň gapdalyndan ýöremeli. Men geçjek bolamda esgerler gygyryşyp, bir darajyk ýol açýarlar. Maşynlaryň hemmesi açyk, ýöne olar diňe biziň ünsümizi özüne çekýär. Esgerler üçin olar sahnanyň bir bölegi. Ýerli ilat hem olara öwrenişipdir.

Näme üçin diýip sorag berýän ýok. Sebäbi ladalaryň gadagan edilmegi üçin nägilelik bildirmek syýasatyň özünden nägilelik bildirmek. Gurbangulynyň alyp barýan syýasatyna dil ýetirmäge hiç kim ýürek edenok. Şol sebäpden maşynlar gatnawa böwet bolup ýatyr.

Howa gurak, tozanly, diňe günbatara, on kilometr aralykda ýerleşýän Hazar deňzine tarap ösýan güýçli ýel kesilenok. Gün güýçli, ösümlik ýok. Men wagtymyň uly bölegini türkmen gümrükhanasynyň daşynda oturyp geçirýärin. Gümrükhana altyn minaraly, hemmeleriň depesinden hem Gurbangulynyň äpet portreti seredip dur. Daşarda öz harytlary bilen gümrükden geçjek bolup, nobata garaşyp duran adamlar bar. Olaryň hemmesi Bekdaş şäherçesine pyýada dolanyp gelýän türkmenistanlylar. Ýöne olaryň Gazagystanda baryp gören ýerleri ýok. Göreýin diýselerem, bu olara başardanok. Iň ýakyn şäherçe ýüz kilometr aralykda ýerleşýär.

“Akyla sygmaýan täsin syýasat”

Bu adamlar çilim üçin gelipdirler. Gazak serhedine giren ýeriňde satylýan çilimden her bir adama günde bir gap almaga rugsat edilýär.

Duranlaryň biri maňa: "Gazagystanda çilim bir dollar. Türkmenistanda? Bäş...alty" diýip, oturan ýerinde barmaklary bilen sanaýar. Ak reňkli başatgyçly aýal gülümsiräp, pasportyndaky suratynyň nähili owadandygyny görkezip, saçyny düzedişdirýär. Maşgala agzalarynyň hemmesi onuň ýanynda. Her haýsynyň elinde hem bir gap çilim bilen bir çüýşe brandi bar. Olaryň pasportlaryna seredýärin, her bir sahypada şol bir möhürler, hemmesi hem bir hatara düzülen. Bu adamlar her gün gelip-gidýärler. Pasport dolanda, täze pasport alýarlar. Ýene günde bir gezek çilim üçin ýola düşülýär.

Çilim bu ýerde gymmatly zat. Hemmeler ellerindäki çilimleri esgerleriň alaryndan gorkup, olaryň üstüni örtýärler. Ortaça aýlyk haky 330 dollar çemesi bolan ýurtda çilime salynýan ýokary salgyt ony pyýada gidip, serhediň aňyrsyndan satyn alyp getirenine degýän haryda öwürýär.

Geň tarapy hem şu - akyla sygmaýan täsin syýasat bir ýaşaýyş usulyna ýol açýar. Az mukdardaky şahsy importa rugsat, temmäkä girizilen ýokary salgyt tölegi özboluşly import senagatyny döredýär. Serhet boýunda eýesiz ýerdäki ladalar, Türkmenistanyň izolýasiýasy, Gurbangulynyň 21 metr çemesi heýkeli we şahsyýet kulty barada giňişleýin oýlananyňda welin, bu alaçsyz import mümkinçiligini haýsy hem bolsa bir nogsanyň döredendigini duýýarsyň.

Hamiş Bawerstok

Mançestr uniwersitetiniň Halkara syýasat bölüminiň studenti.

XS
SM
MD
LG