Tanymal şahyr we edebiýatçy alym Kasym Nurbadow 30-njy aprelde Aşgabatda, bir kem ýetmiş ýaşynda aradan çykdy we 1-nji maýda dogduk obasynda topraga berildi. Azatlyk ýazyjy Hudaýberdi Halla Kasym Nurbadow kimdi, onuň hyzmatlary näme we ýaşlar şahyr barada nämeleri bilmeli diýen soraglary berdi.
Maglumatlara berk gözegçilik edýän awtoritar döwlet bolan Täjigistan ejir çekenleriň sany babatynda seresaplylyk edip, täjik raýatlarynyň diňe iki sanysynyň ýaragdan ýaralanyp, 29-njy aprelde keselhana ýerleşdirilendigini, ýene ýedi ýerli ýaşaýjynyň çaknyşyklarda ýaraly bolandygyny aýtdy.
Blinken baýraklary yglan etmek bilen, korrupsiýanyň howpsuzlyga wehim salýandygyny, ykdysady ösüşe päsgel berýändigini, demokratiýa we adam hukuklaryna zyýan ýetirýändigini, döwlet edaralaryna bolan ynamy ýok edýändigini, transmilli jenaýatçylyga ýol açýandygyny... aýtdy.
Horezm oblastynyň Medeniýet we halka hyzmat ediş edarasynyň ýolbaşçysy Şawkat Ýahiboýewiň sesi diýlip çak edilýän audioýazgyda, etraplaryň medeniýet bölüminiň ýolbaşçylaryna we sazçylyk mekdepleriniň müdirlerine haýbat atyp, «olary zynjyra baglap, 3-4 gün ukusyz işlemäge» mejbur etjegini aýdýar.
Men welaýat, etrap ýerlerine köp aýlanamsoň, Azatlyk radiosynyň diňleýjileri bilen duşuşýan pursatlarym kän bolýar. Şeýle pursatlarda men kärdeşimiz Nazar Hudaýberdä türkmen halkynyň nähili belent söýgüsiniň bolandygyna, onuň aramyzdan gitmegine halkyň nähili gaty gynanandygyna hem göz ýetirýärin.
Orsýetli milliarder inwestor Ýuriý Milner bilen britaniýaly kosmolog Stefen Hawking Ýerden aralygy 4.37 ýagtylyk ýylyna deň we Gün ulgamynyň iň ýakyn goňşusy bolan ýydyz sistemasy "Alfa Sentawra" kiçijik kosmos ulaglaryny ibermek maksady bilen bir kosmos inisiatiwasyny ýola goýandyklaryny yglan etdiler.
Dünýä jemgyýetçiligi beýik akyldar Umberto Eko bilen hoşlaşdy.
Watan onda ýaşaýan ýa-da ýaşamaýan her bir ynsanyňky bolup durýar. Watana yhlas siňdiren her kişi oňa hakly.
Adamynyň saglygy, durmuş we iş şertleri kadaly bolsa-da, uky, dynç alyş ýaly zerur şertler berjaý edilende-de ünsi doly işe gönükdirmek käte kyn bolýar. Alymlar munuň öz sebäpleriniň bardygyny aýdýarlar we bar ünsüňi işe gönükdirmek üçin ylmy taýdan tassyklanan usullaryň ençemesini hödürleýärler.
Alymlar adamyň bir damja ganyny barlamagyň esasynda bedende rak, ýagny düwnük keseliniň bardygyny ýa-da ýokdugyny we onuň görnüşini anyklamagyň usulyny tapdylar.
Ýene-de ýükle