Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gazak prezidentiniň türkmen-owgan serhedindäki dartgynly ýagdaýlar baradaky çykyşyna protest bildirip, ýörite beýanat ýaýratdy. Beýanatda gazak tarapynyň mundan beýläk Türkmenistandaky ýagdaýlar barada maglumat berende “has döwrebap maglumatlary” ulanjakdygyna umyt bildirilýändigi bellenilýär.
Emma resmi türkmen mediasynyň özi türkmen-owgan serhedinde bolup geçýän ýagdaýlar barada hiç bir maglumat bermeýär.
Eýse, Aşgabadyň bu mesele babatynda dymmagyna we keseden gelýän maglumatlaryň garşysyna ýiti görnüşde jogap bermegine näme sebäp bolýar? Bu soraglara Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni, türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlary içginden yzarlaýan Brýus Panniýer jogap bermäge synanyşýar.
Azatlyk Radiosy: Brýus, siziň pikiriňizçe, näme sebäpden Türkmenistan gazak prezidentiniň türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar baradaky çykyşyna beýle ýiti jogap berdi?
B.Panniýer: Türkmen häkimiýetleri hiç kimiň türkmen-owgan serhedindäki dargtgynly ýagdaýlar barada söz açmagyny, has hem bu maglumatlaryň ýurduň ilatyna ýetirilmegini islemeýärler.
Bu soňky waka olara [türkmen häkimiýetlerine] keseden berilýän maglumatlara, beýleki liderleriň edýän beýanatlaryna gözegçilik edip bilmeýändiklerini ýatlatdy.
Prezident N.Nazarbaýew we prezident W.Putin türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlaryndan gowy habarly bolmaga çemeli. Ýatlap geçsek, geçen ýyl türkmen resmileriniň özleri hem serhetde birnäçe türkmen esgerleriniň öldürilendigini boýun alyp, howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşandygyny hem boýun alypdylar ahyryn.
Häzir “serhetde hiç zat bolup geçenok”, “ähli zat gülala-güllük” diýen mazmunly çykyşlar, iň bärkisi gülkünç bolup eşidilýär. Ýaňky aýdyşym ýaly, türkmen häkimiýetleri ne ýurduň içinde, ne-de serhedinde nähilidir bir kynçylyklaryň bardygy baradaky maglumatlaryň berilmegini isleýärler.
Azatlyk Radiosy: Sebäp?
B.Panniýer: Türkmen häkimiýeti eýýäm uzak ýyllaryň dowamynda ýurtda hemme zadyň kadalydygyny, durnuklydygyny, “dana ýolbaşçynyň saýasynda” türkmenistanlylara dünýäde başga hiç kime nesip etmeýän eşretiň hödürlenýändigini, bitaraplyk statusynyň ýurdy parahat saklaýandygyny ynandyrjak bolup, jan edip gelýärler.
Haçan-da şunuň ýaly, [serhetdäki ýagdaýlar ] ýaly maglumatlar çykyp başlanda, adamlar gülala-güllük diýlip jar çekilýän beýleki, şol sanda ýurduň ykdysady ýagdaýlaryny hem sorag astyna alyp başlaýarlar. Adamlarda “hökümet biziň bilen oýun edýärmi?” diýen soraglar peýda bolup başlaýar.
Azatlyk Radiosy: Brýus, onda siziň aýdýanlaryňyzdan çen tutulsa, türkmen hökümeti öz raýatlarynyň gözünde gowşak bolup görünmekden çekinýärdä?
B.Panniýer: Ine, asyl mesele hem şunda-da. Türkmen häkimiýetleri halky ýurtda ähli zat gözegçilik astynda saklanýar, edilýän ähli işleir hem halkyň bähbigine gönükdirilen diýip ynandyrjak bolýarlar.
Ýaňky belleýşim ýaly, muňa çapraz gelýän we tassyklanyp biläýjek bir habar çykanda, adamlar ýurtda “wagyz” edilýän beýleki zatlara hem şübheli garap başlaýarlar.
Häzire çenli resmi Aşgabat serhetdäki ýagdaýlaryň kadalydygyny öňe sürüp geldi. Emma rus we gazak prezidentleri ýagdaýlaryň hakykat ýüzünde başgaçadygyny aýdyp, düýbünden başga maglumatlary aýan etdiler.
Bu meselede ýene bir belläp geçmeli juda möhüm ýagdaý bar. Siz türkmen tarapynyň gazak prezidentiniň çykyşyna nähili çaltlyk bilen, bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde reaksiýa görkezendigine üns berdiňizmi? Bu Aşgabadyň serhet meselesi babatynda näderejede biynjalyk bolýandygyny doly görkezýär. Serhetdäki ýagdaýlaryň, hatda biziň çak edişimizden hem, has beter [ýaramaz] bolaýmagy gaty ähtimal.