Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syzan dokument 'antenna urşuny' tassyklaýar


Aşgabat, sökülen antennalar.
Aşgabat, sökülen antennalar.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary özlerine Türkmenistanyň Prezident diwanyndan syzyp çykan bir dokumentiň gelip gowşandygyny aýdýar.

Bu dokumentde Aşgabatda ilatyň özbaşdak oturdan hemra antennalarynyň goparylyp aýrylmagy baradaky tabşyrygyň 2014-nji ýylyň aprelinden uç alýandygy belli bolýar. Azatlyk radiosy bu dokument hem resmi Türkmenistanyň antennalaryň aýrylmagyny ret etmesiniň sebäpleri barada Wenadaky «Türkmen Inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Farid, siziň guramaňyza Türkmenistanyň Ministrler kabinetinden syzyp çykan bir dokumentiň gelip gowşandygy barada maglumat bar, şol dokument hakynda gürrüň berip bilmezmisiňiz?

Farid Tuhbatullin: Hawa, bu hakykatdanam şeýle, bize Prezident diwanynyň başlygy tarapyndan taýýarlanyp, türkmen hökümetiniň jemagat hojalygyna jogap berýän wise-premýerine iberilen hatyň bir nusgasy gelip gowuşdy. Onda 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk desgalarda Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigi, 2016-njy ýylyň ahyryna çenli paýtagtdaky hemra antennalarynyň baryny aýryp gutarmagyň zerurdygy aýdylýar.

Ol ýerde hatda haýsy jaýlardaky antennalaryň aýrylmalydygy barada anyk gürrüň hem edilýär. Ýagny, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagynda duran Parahat 1, 2, 3, 4, 5, 6, şeýle hem «Howdan» A, B, W ýaşaýyş toplumlaryndaky... ýaşaýyş jaýlarynyň üstünde we daş ýüzlerinde raýatlar tarapyndan özbaşdak oturdylan antennalaryň aýrylmalydygy aýdylýar. Bu, megerem, şol diýilýän Aziýa oýunlarynyň geçjek ýerleri bilen bagly.

Syzyp çykan dokument
Syzyp çykan dokument

Ýöne şol bir wagtda beýleki etraplarda hem antennalaryň aýrylmagynyň zerurdygy aýdylýar. Özem bu dokument ýokary derejeli edara degişli we biz onuň diňe göçürmesini aldyk, emma biz onuň asyl nusgasynyň hem bardygyna şübhelenmeýäris.

Azatlyk radiosy: Farid, siz bu dokumentiň asyl nusgasynyň bardygyna şübhelenmeýäris diýýärsiňiz. Emma Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Warşawada hukuk goraýjylaryň maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanda hemra antennalarynyň aýrylýandygy baradaky habarlary ret etdi. Siziňçe, muňa nähili düşünmeli?

Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam, jenap Hajyýew halkara forumynyň uly münberinden Aşgabatda beýle praktikanyň düýpden ýokdugyny, antennalaryň aýrylmaýandygyny yglan etmek bilen, hemra antennalarynyň goparylmagy bilen bagly ýagdaýdan habarly bolanlaryň hemmesini haýran galdyrdy.

Emma men özümiziň bu ýagdaýy öňräkden bäri yzarlap gelýändigimizi, Aşgabadyň dürli mikroraýonlaryňda antennalaryň köpçülikleýin sökülip aýrylýandygyny görkezýän fotodokumentleri çap edendigimizi ýatlatmak isleýärin. Özem ol antennalary üçeklerden goparyp, toplap, aşak zyňýarlar we bu ýagdaýy ýerli ýaşaýjylar hem tassyk edýär.

Meniň pikirimçe, daşary işler ministriniň orunbsary bu sözleri aýtjak ýerini we ýüzüniň ugruna aldajak adamlaryny ýalňyş saýlady. Bir tarapdan, Türkmenistanyň ozal 12 ýyllap gelmedik resmi delegasiýasynyň bu foruma nähilem bolsa gelmegi bir täsir döretdi, emma ikinji tarapdan onuň tutuş çykyşy we şeýle pursatlar biziň ýokary derejeli çinownigimiziň çykyşyndan has kän zada garaşan adamlary juda lapykeç etdi.

Azatlyk radiosy: Farid, bir tarapdan suratlar bar, adamlaryň şaýatlygy bar, ikinji tarapdan şeýle resmi dokumentler syzyp çykýar, şeýle ýagdaýda türkmen resmileriniň şunuň ýaly görnetin faktlary ret etmegine nähili düşünmeli?

Farid Tuhbatullin: Dogrusyny aýtsam, türkmen resmisiniň bolýan zatlary inkär edýän çykyşy örän logikasyz boldy. Şol bir wagtda onuň köşeşdirmek tabşyrygyny alan bolmagy hem mümkin. Ýa-da bu ýerde halkara jemgyýetçiligine Türkmenistanyň adam hukuklary meselesinde käbir derejelerde söwdalaşmaga taýýardygy barada yşarat edilýär.

Mysal üçin, şu mejlisiň öň ýanyndan belli atşynas Geldi Kärizowyň maşgalasy ýurtdan goýberildi. Bu-da, meniňçe, «biz dialoga taýýar» diýen ýaly bir yşarat bolup görünýär. Bu hili praktika Nyýazow döwründen bäri dowam edip gelýär we, gynansak-da, Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde gowulaşma alyp gelmeýär.

Emma meniň söhbetdeş bolan syýasatçylarym bu ýerde başga bir sebäp görýärler. Olar häzir Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy örän ýaramaz diýip hasaplaýarlar we, şu sebäpden, türkmen häkimiýetleri ozaly bilen günbatar ýurtlaryny, eger ýurtda gozgalaň-beýleki bolsa, olar iş başyndaky häkimiýeti goldar ýaly, öz taraplaryna çekmegiň aladasyny edýär diýip çaklaýarlar. Meniň diplomatiki korpusdan gürrüňdeş bolan azyndan iki syýasatçym şeýle pikir edýär.

XS
SM
MD
LG