Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beden kämilligi: Nämeden ägä bolmaly?


Fitnes merkezi
Fitnes merkezi

Türkmençilikde gaş bejerjek bolup, göz çykarma diýilýar. Bodybuilding, ýagny bedeni kämilleşdirmek modasynyň meşhurlygy artmasa, azalmaýar. Şu günler dürli ýaşly adamlaryň, ilkinji nobatda-da ýaşlaryň arasynda bedeniň muskulaturasyny türgenleşdirmek, kämilleşdirmek we ýörite iýmitlenmek usullaryny synap görmedik ýok bolsa gerek.

Emma şol usullaryň wagyz edilýän peýdasyndan başga, saglyga ýetirýän zyýany hakda oýlanýan barmyka?

Bu günki gün adam bedeniniň türgen görnüşini näçe diýseň görse bolýar.Ýaşlaryň köpüsi şeýle “ajaýyp” bedenleri özlerine nusga edinýärler we şolar ýaly bolmaga synanyşyp, Internetde teklip edilýän maşklary we iýmitleniş usullaryny berjaý edip başlaýarlar.

Emma näme üçindir garaşylýan oňyn netijelere derek käbir adamlarda saçyň düşmegi, ýüzüňe, teniňe düwürtik örmegi, semizlik, şeýle-de depressiýa we gaharjaňlyk ýaly psihiki problemalar ýüze çykyp başlaýar...

Näme üçin?

Beden muskullaryny güýçlendirmek ösdürmek maksady bilen birnäçe ýyl bäri sport hem režimli iýmitlenmek bilen meşgullanýan we bu ugurda garaşylmadyk netijeler bilen bagly tejribeleri öz başyndan geçiren Serdar şu günki gün bedeni kämilleşdirmek üçin “peýdaly” diýlip, giňden teklip edilýän iýmitleniş usullaryň we fiziki maşklaryň öz aýratynlyklarynyň bardygyny aýdýar we goýberilýän esasy ýalňyşlyklardan ägä bolmaga çagyrýar.

Iýmitlenmekde ýalňyşdan saklanmaly

Dogry we belli bir düzgüne görä iýmitlenmeli.

Iýmitlenmegiň ýygylygyna we iýmitiň düzümine üns bermeli.

Adatça, her iki sagatdan günde azyndan 7-8 gezek iýmeli.

Irden bal ýa-da glýukoza baý miwe iýmeli.

Iýmit günüň birinji ýarymynda, ýagny ertirine haýal siňýän uglewodlardan ybarat bolmaly. (Greçiha, goňur we gara tüwi, işlenilmedik däneler)

Günüň ikinji ýarymynda, ýagny öýlänine belok, ilkinji nobatda-da ösümlik belogyny iýmeli. Olar aminokislotalara çalt bölünýär we bedene gowy siňýär. (Soýa, noýba, nohut merjimek we beýlekiler).

Gök önümi çäksiz möçberde iýmeli. Ýaşyl, sary reňklisine aýratyn üns bermeli. Kletçatka beden üçin iňňän zerur bu iýmit bedeni toksinlerden, erkin radikallardan arassalaýar.

Aşgam ýatmazdan öň bir çemçe arassa tebigy bal iýip ýatmaly. Sebäbi balyň beden üçin beýleki peýdaly täsirlerinden başga-da, ol bagyrda adamyň beýnisi, bedeni üçin zerur saýylýan glikogeni öndürýär.

Himiki goşundylar

Her bir diýetada, ýagny berhizde iýmitde goşmaça goşundylary ulanmak teklip edilýär. Emma bu ýerde bilmeli zat, olar köplenç gymmat bolýar we ýasama, emeli önüm bolany üçin adamyň bagryna, böwregine agram salýar. Beden köplenç olaryň düzümindäki himiki maddalary kabul etmeýär, özleşdirip bilmeýär, käbir ylmy barlaglarda bolsa olaryň adamda rak, ýagny düwnük keseliniň döremeginiň howpuny hem artdyrýandygy aýdylýar.

Köp halatlarda azyk goşundylarynyň düzümine girýän serişdeler adaty azyk önümlerinde bar. Onsoň zerur fermentleriň hemmesini beden tebigy azyk önümlerinden hem alyp bilýär.

Fiziki maşklar

Bedeni kämilleşdirmegiň, türgenleşdirmegiň we muskullary berkitmegiň esasy şerti – fiziki maşklar bolmaly. Emma meşgullanýan sport görnüşiňiz size agram ýa oňaýsyzlyk döretmeli däl. Gaýta, ýeňillik bermeli we keýpiňizi götermeli.

Öň sport endigiňiz ýok bolsa, sporta ädimme-ädim, ýönekeýje maşklardan girişmeli. Sebäbi bedeniň strese düşmegini çäklendirmeli we bedeniň dikelmegi üçin dynç almagy öwrenmeli. Sport bilen meşgullanylyp ugranda adam bedeninde “super kompensasiýa” diýlen proses başlanýar, onsoň bu geçiş etapdan tebigy ýagdaýda geçmek üçin, bedeniňi öwrenişdirmeli.

Üstesine, bedendäki artykmaç ýaglardan hem dynmak, aýdylyşy ýaly olary ”ýakyp aýyrmak” isleseňiz, bu bedendäki esasy metabolizm döwründe bolup geçýär. Gowy netijeleri gazanmak we saglygyňyzy berkitmek isleseňiz, iýmit, fiziki maşklar bilen birlikde kadaly uka we kadaly dynç alşa üns bermeli.

XS
SM
MD
LG