Sumkany bir egniňe atyp götermegiň we arkaňda agyrlaryň döremeginiň arasynda nähili baglanyşyk bolup biler?
Sumkanyň şeýle göteriş usuly adaty we örän tebigy bir zat bolup görünýär we onuň zyýany barada hatda pikir hem döremeýär, sebäbi hut egiňde götermek üçin ýörite ýasalan bir zady, eýse, ýene nädip göterjek...
Emma..
Birden arkaň agyryp, güýçi yzanyň, doň uran ýaly duýgynyň döremegi, kelle agrynyň başlanmagy ýaly alamatlar ýönekeýje sumkanyň göterilmeginiň netijesi bolup bilýär.
Çehiýaly fizioterapewt lukman Tomaş Opplyň sözlerine görä, ýokarda agzalan alamatlar muskullaryň deňagramlylygy bozulyp, oňa zeper ýetendiginden habar berýär: “Sumkanyň uzak wagtlap bir eginde, deňagramly bolmadyk bir görnüşde göterilmegi boýnyň muskullarynyň bir tarapyna aşa agram salýar, beýleki tarapy, bolsa gowşaýar”.
Bedende näme bolup geçýär?
Tomaş Oppl: “Bedendäki deňagramlylyk ýitýär, oňurganyň, göwräniň gurluşy üýtgäp başlaýar. Netijede agyry, çişme, bogunlaryň hereketleriniň çäklenmegi, süňkleriň gowşamagy, gurluşygynyň üýtgemegi ýaly saglyk problemalary emele gelip başlaýar. Üstesine, organlaryň disfunksiýasy döräp bilýär”.
Sumkany götermeli dälmi?
Şu günki egin torbalaryň ýüzlerçe görnüşi bar, olar dürli maksatlar üçin ulanylýar. Dürli ýaşdaky adamlar, esasan aýal maşgalalar tutuş ömrüniň dowamynda sumka göterýärler. Sumkalar moda pudagynyň hem esasy ugurlarynyň biri we uly girdeji çeşmesi bolup durýar.
Eýse, saglyga zyýany sebäpli sumkadan el çekmelimi?
Lukmanlar çykalganyň bardygyny, ýöne meselä başgaça seretmegiň zerurdygyny belleýärler. Sebäbi her bir zadyň, şol sanda sumkanyň egniňe atyp götermegiň öz düzgünleri bar, olar ýönekeý, emma köp adam mundan ýa habarsyz, ýa-da üns bermeýär.
Näme etmeli?
Ýagdaýy düzetmek üçin endikleri üýtgetmek we bedeniň etlerinde emele gelen deňagramlylygyň netijelerini aradan aýyrmak üçin maşklary berjaý etmek gerek, diýip lukman Tomaş Oppl belleýär: “Eger siz sumkany egniňize atyp götermegi halaýan bolsaňyz, ony tiz-tizden bir egniňizden başgasyna geçirip durmaly, ýa-da boýnuňyzdan geçirip, keseligine götermeli, şonda-da ony bir tarapdan başgasyna ýygy-ýygydan geçirmegi unutmaly däl”.
Lukmanyň sözlerine görä, başda bedene ýeten zyýany aradan aýyrmak örän möhüm. Munuň üçin ýörite maşklary berjaý etmeli. Maşklar soň hem, muskullary mydama kadaly ýagdaýda saklamak üçin hem zerur.
Maşklary erinmän günde azyndan bir gezek etmeli. Agyry ýa oňaýsyzlyk dörän wagtynda günüň dowamynda mümkinçilik tapyp, gerinmek, eginleriňi hereketlendirip, aýlamak ýaly ýeňil maşklary edip, bedeniňi çekmeli. Şeýle hereketleriň günüň dowamynda birnäçe gezek edilip durmagy bedende ýeňillik döreýär we özüňi duýuşyny gowulandyrýar.