Ýerden hasyl köp alynsa, önüm bolçulygy döredilse, bu il-halkyň hem, türkmen döwletiniň hem bähbidi. Türkmenistanda bolsa, howa şertleriniň gowulygy esasynda, ekerançylyk ýerlerinden üç hasyl almak mümkinçiliginiň bardygy aýdylýar.
Bu mümkinçilik hökümet maslahatlarynda hem goldanylýar. Şonuň bilen birlikde, türkmen hökümeti daýhanlara, kärendeçilere hemme taraplaýyn kömek bermelidigini aýdýar.
Emma daýhanlaryň ýerden üç hasyl almak mümkinçiliginiň, aýdaly Lebapda, dürli päsgelçilikler bilen bökdelýändigi aýdylýar.
Bu barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň beren maglumatyny diňläp, oý-pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.