Türkmenistan inçekeselden – ilat sanyna görä – ölýän adamlaryň sany boýunça Ýewropada we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýaramaz birinji orny eýeleýär diýip, Profilaktika we keselçilige gözegçilik boýunça Ýewropa merkeziniň we Bütindünýä Saglyk guramasynyň bilelikde ýaýradan hasabatynda aýdylýar.
“2015-nji ýylda Inçekesel gözegçiligi” atly täze raportda Türkmenistanda her 100 müň adama inçekeselden 25 ölümiň düşýändigi aýdylýar.
Bütindünýä Inçekesel gününiň öňüsyrasyna gabatlanyp ýaýradylan bu hasabatda Ýewropanyň we Aziýanyň 56 ýurduna syn edilip, onda şol ýurtlara, inçekesel bilen kesellän adamlaryň saglygynyň bejerilişiniň netijeliligi, türmedäki tussaglaryň arasynda inçekesel bilen kesellänleriň we HIV wirusy ýokaşan inçekeselli adamlaryň sany ýaly bölümler boýunça baha berilýär.
Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa regionynyň Inçekesel boýunça programma dolandyryjysy doktor Masoud Dara Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 18 ýurdunda inçekeseliň ýokary howpy bolan ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň hem bardygyny aýtdy.
Inçekesele ýoluganlar
Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda doktor Masoud, Türkmenistan barada maglumat toplananda, ýurduň Saglygy saklaýyş ministrligi bilen işleşendiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.
“Türkmenistanda hasaba alnan inçekeselli hassalarynyň 3 müň töweregi bu kesele täzelikde uçran adamlardyr. Mundan ozal hem bejergi alýanlar bar. Biz ýakynda ýurduň [Türkmenistanyň] Saglyk ministrligi bilen işleşip, şol hassalaryň näçe prosentiniň neşe serişdelerini ulanmak bilen baglydygyny anyklamaga synanyşdyk. Bilşiňiz ýaly, neşekeşlik bilen bagly inçekesele ýoluganlary bejermek, hatda ýüze çykarmak hem kyn. Biz bu ugurda ýurduň [Saglyk] ministrligi bilen iş alyp barýarys”.
“Öňegidişlikler”
Doktor Masoud inçekesel babatynda Türkmenistanyň käbir “öňegidişlikleri” gazanandygyny hem nygtap geçdi.
Masoud: “Jemgyýetçilik pudagynda ilatyň ähli bölegine diýen ýaly muňa [inçekesele] garşy durmak boýunça gysga möhletleýin bejergi kurslary ýola goýuldy. Şuňa meňzeş proseduralar ýurduň türmelerinde hem ornaşdyryldy. Hassalara doly gözegçiligi we bejergini üpjün etmek baradaky biziň ozalky rekomendasiýalarymyz Saglyk ministrligi tarapyndan doly berjaý edildi. Bejerginiň hili ýokarlanyp, sagalmak derejesi 80%-e golaýlady. Inçekesele täze ýoluganlar hem üstünlikli bejerilýär. Başga bir tarapdan, lukmanlaryň hünär derejesiniň artdyrylmagyny hem belläp geçmeli. Bu hem özgerdildi”.
Şol bir wagtda Bütindünýä saglyk guramasynyň resmisi Türkmenistanda bu ugurda kynçylyklaryň hem saklanyp galýandygyna ünsi çekýär: “Meniň ýaňky belleýşim ýaly, ýurtda esasy mesele bu neşe maddalaryny ulanýan hassalar bilen bagly. Bu ýagdaýda inçekeseli bejermek juda kyn”.
Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika boýunça bazasynyň 2013-nji ýylda ýaýradan çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň 5 million 240 müňden gowrak ilatynyň 3 675 sanysy inçekesellilerdir.