Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň raýaty Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde ýurtda inçekeseliň öňüni almak meselesinde ilatyň arasynda zerur düşündiriş işleriň geçirilmeýändigi ýaly kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýerli keselhanada çagalar bölümi hem ýok.
Şol bir wagtda-da türkmen hökümeti ýurtda ilatyň saglygyna uly üns berilýändigini we saglygy saklaýyş pudagyna uly mukdarda maýa ýatyrylýandygyny yzygiderli yglan edýär.
Balkan welaýatynyň Serdar şäherçesiniň ýaşaýjysy Arzy bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa söhbetdeş boldy.