Dollaryň türkmen manadyna bolan kursunyň ýokary galmagy bilen, bazarlarda satylýan harytlaryň bahasy hem üýtgäp başlady. Özi-de, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň bahalary gymmatlaman, eýse ýurduň içinde öndürilýän azyk önümleriniň bahalary-da ýokary galyp ugrady.
Bu harytlaryň arasynda häkimiýetler tarapyndan bahalary häzire çenli bir durkda saklanan et önümlerei hem bar. Meselem, soňky günlerde paýtagtyň bazarlarynda towuk etiniň bir kilogramynyň bahasy 10 manatdan 13 manada çykdy.
Türkmen hususyýetçileriniň towuk etinden öndürýän beýleki et önümleriniň bahalary-da ýokary galdy. Mysal üçin, towuk döşüniň bir kilogramy öň 17 manat bolan bolsa, indi 20 manatdan satylýar.
Ýumurtga hem 40 teňňe töwereginde satylýar. Mundan ozal bir sany ýumurtgany 30 teňňeden satyn alyp bolýardy.
Düşündiriş
Ýurduň özünde öndürilýän towuk etiniň häzirki wagtda näme sebäpden gymmatlaýandygy halka resmi suratda düşündirilmeýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde-de bu bu gymmatçylyk we onuň düýp sebäpleri hakda hiç hili maglumat çap edilenok.
Paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky bazaryň käbir söwdagärleriniň aýtmaklaryna görä, ýurduň Söwda ministrliginiň işgärleri towugyň bahasyny ýokary galdyrmagy talap edipdirler.
Şol bir wagtda-da hususy telekeçileriň öndürýän we hökümet tarapyndan bellenen bahadan satdyrylýan towuk etiniň önümçiligi üçin sarp edilýän çykdajylary ödäp-ödemeýändigi barada hem hiç hili maglumat almak başartmady.
Ýeri gelende aýtsak, gürrüňi edilýän towuk eti mundan ozal bir kilogramynyň bahasy 10 manat diýlip kesgitlenen döwründe-de söwdagärler köplenç onuň bir kilogramyny hakykatda 11 manatdan satýardylar. Söwdagärler şol wagt ony towuk etiniň söwdasyndan az girdeji galýandygy bilen düşündirýärdiler.
Paýtagtyň bazarlarynda diňe bir towuk eti däl, eýse, umuman, et önümleriniň bahalary ýokary galýar. Ýylyň başynda satuw bahasy häkimiýetleriň aýratyn gözegçiliginde bolan elin etiň bir kilogramynyň bahasy indi bazarlarda 11-12 manatdan 18 manada çenli ýokary galdyryldy.
Gepiň gerdişine görä bellesek, gürrüňini edýän harytlarymyzyň gymmatlamagy şu ýylyň başynda manadyň dollara görä hümmetiniň 18% peselmegine gabat gedi. Şondan ozal bir dollaryň bahasy 2,85 manatdy, indi bolsa bir dollar 3,51 manatdan satylýar.
Ýatlap geçsek, ozal ýurtda türkmen manadynyň ABŞ-nyň dollaryna bolan gatnaşykdaky hümmeti 2009-njy ýyldan bäri üýtgemän gelipdi.