Saud Arabystanynyň patyşasy Abdulla 90 ýaşynda aradan çykdy, ol Ýakyn Gündogaryň nebite baý döwletine on ýyl ýolbaşçylyk etdi.
Saud Arabystanyna 1996-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden patyşa Abdulla Bin Abdulaziz al Saud 90 ýaşynda aradan çykdy.
Abdullanyň ölümi baradaky habar Saud Arabystanynyň döwlet telewideniýesinde berildi, ýagny patyşanyň 22-nji ýanwar güni giçlik ýogalandygy aýdyldy, emma başga jikme-jiklikler aýdylmady.
Abdulla birnäçe hepde bäri hassahanadady, ol öýken infeksiýasyndan ejir çekýärdi.
Onuň ýerine ene başga dogany, 79 ýaşyndaky şazada Salman geçýär. Saud Arabystanynyň metbugat gullugynyň resmi maglumatyna görä, ol golaýda ýarawsyz patyşanyň jogapkärçiliklerini öz üstüne aldy.
Nebite baý we aşa konserwatiw yslam döwleti, Abdyllanyň dolandyryşy astynda, fundamentalçylar bilen modernçileriň arasynda barha giňeýän gorp bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol öz dolandyryşy mahalynda birnäçe bellärlik reformany, şol sanda ykdysady liberellaşma gönükdirilen çäreleri öňe sürdi. Şeýle-de patyşa hukuk goraýjy guramalar tarapyndan repressiw hökümet kontrollygy babatda tankyt edildi.
Soňky ýyllarda onuň dolandyryşy regional durnuksyzlyk bilen hem ýüzbe-ýüz boldy. Arap ýazy Saud öýüne we Saud Arabystanynyň Ýakyn Gündogardaky «durnuklylyk kepilligi» pozisiýasyna hem wehim saldy. Netijede, Abdulla ýurt içinde mümkin bolan nägilelikleriň öňüni almak üçin goşmaça çäreleri görmeli boldy.
Saud Arabystany hususan-da Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden nägile boldy we Günbatary ygrarsyzlykda hem-de režim çalşygyny sessi kabul etmekde tankyt etdi.
Biraz soň, täze wehimiň – «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň peýda bolmagy Saud Arabystanyny gaýtadan Günbatara tarap itekledi we onuň jeňçilere gaýtawul bermek üçin döredilen koalisiýada arap döwletleriniň arasynda öňbaşçy roly eýelemegine getirdi.
Saud Arabystanynyň aýallary 2015-nji ýyla optimizm bilen girdiler, bu ýyl olar bütin ýurtda geçirilýän ýerli saýlawlarda ilkinji gezek ses bermek hukugyna eýe bolýar.
Bu özgerişlik Abdullanyň 2011-nji ýylda yglan eden reformalary esasynda bolup geçýär. Patyşa 2013-nji ýylyň ýanwarynda 150 orunlyk Şura geňeşine ilkinji gezek 30 aýaly girizdi.
Emma muňa garamazdan, Abdullanyň dolandyryşy Günbatar synçylarynyň köpüsiniň umyt eden uly özgerişliklerini getirmedi we onuň reformalary juda haýal ýa-da örän ýüzleý diýlip tankyt edildi.
«Human Rights Watch» guramasy 2012-nji ýylda onuň hökümetini “ýan bermezek repressiýa» hökmünde häsiýetlendirdi, bu ýurt migrant işçileriň hukuklarynyň bozulýandygy, bikanun tussag etmeler we adam gynamalary, agyr metbugat senzurasy, dini azlyklaryň diskriminasiýasy, ýapyk syýasy sistema üçin hem tankyt edildi.
Saud Arabystany 2015-nji ýylda blogçy Raif Badawä 1000 gamçy urmagy buýrandygy, 20 hepde içinde jemgyýetçilik öňünde her gezek 50 gamçydan urmaly edenligi üçin tankyt edildi.
Abdulla Riýadda, 1924-nji ýylda, beduin eneden, Saud Arabystanyny esaslandyran patyşa Abdul Aziz Al Saudyň maşgalasynda dünýä indi.
Resmi dini bilim alanyndan soň, ol 1962-nji ýylda Saud Arabystanynyň Milli gwardiýasyna komandirlige bellenildi. Köpler oňa sakaw diýip gülenem bolsa, ol bu wezipäni 50 ýyla golaý saklamagy başardy.
Abdulla 1996-njy ýylda, 70-den agansoň, ene başga dogany dogany, patyşa Fahd aradan çykanyndan soň, de fakto patyşa öwrüldi.
Patyşa 2005-nji ýylda resmi täç geýdirilende, patyşa maşgalasynyň häkimiýeti uzak wagt elde saklamagyna kömek eden aşa konserwatiw wahhabi gurluşyny miras almak bilen, reformalar babatda barha köpelýän çagyryşlara uçrady.
1990-njy ýyllarda «Al-Kaýda» peýda bolanyndan soň, 2011-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara hüjüm edilmegi we biraz soň patyşalygyň özünde bolan zorlukly gozgalaň sebäpli, patyşa maşgalasy dini ekstremizmiň öz häkimiýet konrollygyna hem wehim salýandygyny boýun aldy. 11-nji sentýabrda uçar alyp gaçan 19 hüjümçiniň 15-si saudlydy.
«Forbes» žurnaly 2014-nji ýylda Abdullanyň baýlygynyň 20 milliard dollardan gowrakdygyny habar berdi.
Patyşa 23-nji ýanwarda, günortandan soň, Riýadda jaýlanýar.
Onuň ýerine täç geýdirilen şazada Salman geçýär, ol onlarça ýyllap Riýadyň gubernatory boldy we goranmak ministri bolup işledi.
Abdullanyň ondan gowrak aýalyndan 30-dan gowrak çagasy bar.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.