Geçen hepde paýtagtyň dürli raýonlarynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak çäreleri geçirilip başlandy. Jaýlaryň diwarlarynyň suwagy gaçan ýerleri suwalyp, reňklenýär. Bu işi paýtagtyň kommunal hojalygynyň işgärleri alyp barýarlar.
Aşgabadyň Parahat 5, 6 mikroraýonlarynda bu işler amala aşyrylýar. Oňarylýan jaýlaryň ählisi-de haýsy-da bolsa bir köçäniň gyrasynda ýerleşýän jaýlar. Köçelerden daşrakda ýerleşýän jaýlara degilmeýär. Özi-de bu köçeleriň hiç haýsysam “protokol” diýlip atlandyrylýan köçeler däl.
Mysal üçin, Parahat 1 we 2 mikroraýondaky diwarlary oňarylýan jaýlar, esasan, Ýunus Emre we şol köçe bilen kesişýän kabir kiçi köçeleriň ugrunda hem-de Paýtagt ýa-da il içinde aýdylyşy ýaly “Mir bazaryň” golaýynda ýerleşýär.
Bu alalap alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň sebäpleri barada ýaşaýjylara hiç hili resmi maglumat ýa-da düşündiriş berilmese-de, bu işlere çekilen gurluşykçylar muny 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilmeli Aziada oýunlaryna taýýarlyk bilen düşündirýärler.
Jaýlaryň diwarlaryny abadanlaşdyrmak işleri bilen bir hatarda şol diwarlardaky asylan ýaşaýjylaryň split-sistemalary, çanak antennalary hem aýrylýar. Çanak antennalaryny jaýlaryň üçeklerine geçirmäge rugsat berilýän bolsa, split sistemalary düýpden aýrylýar.
Esasanam, split-sistemalar jaýlaryň köçä bakyp duran tarapyndan aýrylýar. Jaýlaryň arka ýüzündäki split-sistemalara deglenok. Ýeri gelende aýtsak, jaýlaryň käbirleriniň arka ýüzleri asla oňarylanok.
Galyberse-de, ýaşaýyş jaýlarynyň girelgeleri we ýyladyş sistemalarynda bolan näsazlyklar remont edilmeýär. Käbir ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde ýygnanan zir-zibillere hem üns berilmeýär.
Ýaşaýjylaryň split-sistemalarynyň aýrylmagy olarda nägilelik döredýär. Bu barada şikaýat eden ýaşaýjylara abadanlaşdyrmak işlerini alyp barýan häkimiýet wekilleri “biz günäkär däl, ýokardan gelen buýruk” diýip, jogap berýärler.
Split-sistemalary aýrylan käbir ýaşaýjylar olary ýaşaýyş jaýlaryň girelgeleriniň içinde goýýarlar. Käbirleri bolsa, “goh-galmagal ýatýança”, split-sistemalaryny ýygnap goýýarlar. Olar soň ýene-de split-sistemalaryny öňki ýerinde asyp bolar diýen pikirde.