Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep ekskursiýalary ýatyrylýar


Mekdep okuwçylary
Mekdep okuwçylary

Öten hepde paýtagtyň mekdeplerinde bolup geçen ene-ata ýygnaklarynda mekdep ýolbaşçylary mundan beýläk mekdep okuwçylary üçin gurnalýan ekskursiýa çäreleriniň ýatyrylýandygyny habar beripdirler. Ýagny, indi orta mekdepleriň okuwçylary dürli muzeýlere, taryhy ýadygärliklere, teatrlara we kinoteatrlara äkidilmez.

Bu hili ene-atalar ýygnaklary paýtagtyň 55-nji, 47-nji, 48-nji orta mekdeplerinde geçirildi. Şuňa meňzeş ýygnaklaryň paýtagtyň beýleki orta mekdeplerinde hem geçirilmelidigini ady agzalan mekdepleriň biriniň mugallymy aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylary ýurduň dürli medeni we taryhy ojaklaryna gezelenje äkidilýärler. Häzire çenli mekdepler tarapyndan her ýyl şeýle gezelençleriň ençemesi gurnalýardy. Soňky gezek mekdep okuwçylary guramaçylykly ekskursiýalaryň çäginde paýtagtyň Täze ýyl arçalaryna we döwlet sirkindäki daşary ýurt sirkiniň gastrol çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Adatça, paýtagtyň döwlet sirkiniň, teatrlaryň we kinoteatrlaryň işgärleri mekdeplere aýlanyp, her mekdebe belli bir sanda giriş biletlerini paýlap çykýardylar. Soňra şol biletleri mugallymlar mekdep okuwçylaryna satmaly bolýardylar.

Bu eskskursiýalaryň çykdajylary köplenç ene-atalaryň gerdenine düşýärdi. Ene-atalar diňe bir teatr, kinoteatr biletleriň pulyny tölemän, eýse öz çagalarynyň ýol kireýini hem tölemeli bolýardylar. Çünki kireýine tutulýan awtobuslar üçin ene-atalardan pul ýygmalýardy.

Paýatgtyň Parahat-2 mikroraýonynda ýaşaýan Amangülüň aýtmagyna görä, geçen ýyl ol, öz iki oglunyň şular ýaly ekskursiýalara gatnaşmagy üçin, hersine azyndan 50-60 manat pul sarp edipdir.

Şol bir wagtda-da ýokarda agzalan ene-atalar ýygnaklarynda mekdep okuwçylarynyň döwlet derejesinde gurnalýan köpçülikleýin çärelere äkidilmeginiň dowam etdiriljekdigi aýdylypdyr. Şeýle-de gyzlaryň gyzyl reňkli köýnekleriniň taýynlanyp goýulmalydygy aýdylypdyr.

Çagalar ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň köpüsine gatnaşdyrylýar. Özi-de, howa yssy bolsun, sowuk bolsun, tapawudy ýok, olar birnäçe sagatlap şol köpçülikleýin çärelere gatnaşmaly bolýarlar.

Geçen ýylyň dowamynda ýurtda jemi näçe sany köpçülikleýin çäreleriň geçirilendigi barada anyk maglumat bolmasa-da, käbir sanlary getirmek mümkin. Meselem, diňe ýanwar aýyndan awgust aýyna çenli aralykda Türkmenistanyň medeniýet pudagyna degişli guramalar ýurt boýunça 25 müň 900 sany köpçülikleýin çäreleri geçiripdirler.

XS
SM
MD
LG