Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Kiçi biznes uly ykdysadyýetiň diregi'


Aşgabat, 2014
Aşgabat, 2014

Türkmenistanda hususy söwda, medisina, transport we beýleki hususy nokatlaryň ýapylmagy, telekeçiligi çäklendirýän goşmaça düzgünleriň girizilmegi ykdysadyýet nukdaýnazardan nämäni aňladyp biler? Onuň ykdysadyýete ýetirip biljek täsiri nähili?

Azatlyk Radiosy bu barada Orsýetiň “RosBiznesKonsalting” agentliginiň analitika departamentiniň başlygy Aleksandr Ýakowlew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda soňky aýlaryň dowamynda kiçi hususy telekeçiligiň birnäçe görnüşleri çäklendirildi, ýagny dükanlaryň, söwda nokatlarynyň, diş bejerýän kabinetleriň we transport hyzmatlarynyň ençemesi ýatyryldy. Bu ykdysady taýdan nämäniň alamaty?

Aleksandr Ýakowlew: Ýurtda ykdysady taýdan bolup geçýän prosesleri men doly yzarlamok, emma agzalan çäklendirmeleriň simptomlary döwlet eýeçiliginiň güýçlenmeginiň tolkuny bolup biler. Döwletiň mundan syýasy ýa ykdysady taýdan bähbit gözleýän bolmagy ahmal, emma takyk bir zat aýtmak kyn. Şeýle ýagdaýyň soňky döwürde Orsýetde hem bolup geçýändigini bellemek gerek. Orsýet, bir görseň, kapitalizmi döretjek bolýar, kiçi we orta biznesi ösdürip, ykdysadyýetiň şoňa daýanmagyny isleýändigini aýdýar, soň düýpden başgaça hereket edýär. Türkmenistandaky ýagdaý hem ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi üçin oňyn bir zat däl. Sebäbi diňe bir çig malyň söwdasyna we iri kompaniýalaryň kuwwatyna daýanýan däl-de, eýse köpugurly we kiçi hem orta biznes tarapyndan goldanylýan deňagramly ykdysadyýet has netijeli bolýar. Sebäbi islendik monopoliýa, şol sanda döwlet monopoliýasy hem geljekki krizisiň buşlukçysydyr.

Azatlyk Radiosy: Kiçi biznesiň çäklendirilmegi bilen bagly Orsýetde ýüze çykan ýagdaýlara näme sebäp boldy we nähili netijeler ýüze çykdy?

Aleksandr Ýakowlew: Hawa, bu dogrudanam şeýle boldy, kiçi söwda babatyndaky düzgünler ýowuzlandyryldy, kiçi dükanlaryň formatyna degişli talaplar ýowuzlandyryldy, kiçi kiosklar ýok edildi. Moskwanyň häkimiýetleri bu syýasaty bilen paýtagtdaky söwdany Ýewropa mahsus şekile salmak, has gelşikli etmek isleýändigini yglan etdiler. Emma bu oňyn netije bermedi, maýda söwda bilen meşgullanan dükanjyklary, kiosklary dolandyran ýa-da ussahanalary işleden hususyýetçileriň ählisi uly basyş astyna düşdi, olar salgytlar, arenda düzgünleri we beýleki berk çäklendirmeler bilen gysyldy. Moskwa indi bu ugurdan sarp edijiler, alyjylar üçin amatly bolmadyk bir ýere öwrüldi we netijede Ýewropadan hasam daşlaşdy. Orsýetde bar zat ägirt uly formata geçdi. Iri söwda merkezleri, iri kompaniýalar, iri dükanlar orun aldy.

Azatlyk Radiosy: Sowdanyň iri formata geçmeginiň bahalaryň gymmatlamagyna täsiri barmy?

Aleksandr Ýakowlew: Söwda monopolistleriniň, elbetde, üpjün edijileri-de, alyjylary-da öz öňe süren öz şertlerine boýun edýändigi düşnükli.

Azatlyk Radiosy: Kiçi, öwnük biznes ykdysadyýete nämä berýär?

Aleksandr Ýakowlew: Kadaly ýurtda, kadaly we köpugurly ykdysadyýetli ýurtda şeýle biznes ykdysadyýeti ekleýär. Birinjiden, bu zähmet ýerlerini, ikinjiden, giň we monopoliýa tabyn bolmadyk we öz-özüni düzgünleşdirýän hem bahalary deňagramlaşdyrýan bazary döredýär, üçünjiden bu üpjün edijiniň we alyjynyň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň döredilmegini, ýagny alyjynyň bir ýerde alyp bilmedik zadyny başga bir ýerden tapyp bilmegine şert döredýär, ýagny alyjynyň kanagatly bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde pozitiw zatlar köp, bu barada ykdysadyýet teoriýasy boýunça kitaplar hem köp.

Meselem, ABŞ-nyň ykdysadyýeti transnasional iri kompaniýalara däl-de, esasan kiçi we orta biznese daýanýar. Iri kompaniýalaryň ähmiýeti hem uly, emma köp amerikanlar öz-özlerine biznesmen bolýarlar, salgyt töleýärler we döwlet gaznasyny doldurýarlar. Tutuş ýurduň ykdysadyýeti olara daýanýar. Ençeme ýurtlarda, şol sanda Orsýetde ýagdaý başgaça, 10-15 çemesi iri kompaniýa bil baglanylýar. Emma kynçylyk dörände, ykdysadyýeti gurplandyrýan höregiň gurap galýandygyny görýäris. Kiçi we orta biznese degişli ykdysady çeşmejikler guranda, erbet netijeleriň ýüze çykandygyny görýäris.

XS
SM
MD
LG