Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Hususy dükanlaryň gapylary möhürlendi


Kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagynyň takyk sebäpleri düşnüksiz bolmagyna galýar.
Kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagynyň takyk sebäpleri düşnüksiz bolmagyna galýar.

Paýtagtyň Parahat 1-2-3-4-nji mikroraýonlarynda 100-den hem köp kommersiýa dükanlary ýapyldy. Parahat mikroraýonynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde ýa-da ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän bu dükanlaryň ählisinde diýen ýaly zerur dokumentleriň bardygyna garamazdan, düýn gijara Köpetdag etrabynyň polisiýa işgärleri bu mikroraýondaky dükanlara aýlanyp, olaryň gapylaryny möhürläp, ýapyp gidipdirler.

Kommersiýa dükanlary ýapylanlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, polisiýa işgärleri kommersiýa dükanlary mekdebe golaý ýerleşmeli däl diýipdirler. Bu dükanlaryň käbirleri, dogrudanam, bu raýondaky mekdepleriň golaýynda ýerleşýär.

Emma bu mekdeplerden ep-esli uzaklykda ýerleşýän kommersiýa dükanlary-da ýapylypdyr. Mysal üçin, 48-nji mekdepden 150 metrden hem uzakda bolan ýarymýerzemindäki iki sany kommersiýa dükany ýapylypdyr. Bu kommersiýa dükanlarynyň eýelerine bolsa polisiýa işgärleri kommersiýa dükanlarynyň ýaşaýyş jaýlarda ýerleşmeli däldigini aýdypdyrlar. Käbir dükan eýelerine bolsa “ýaşulynyň”, ýagny prezidentiň bu raýona sapar etmeginiň ähtimaldygyny aýdypdyrlar.

Garaz, bu kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagynyň takyk sebäpleri düşnüksiz. Bu gadagançylygyň sebäplerini habar serişdelerinde hem resmiler düşündirmeýärler.

Şol bir wagtda bolsa, Parahat mikroraýonyndaky kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagy diňe bir olarda işleýän satyjylarydyr, dükan eýelerini nägile etmän, eýse bu dükanlaryň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjylar hem bu gadagançylykdan özleriniň nägilediklerini aýdýarlar. Çünki bu dükanlar ýapylandan soň olar öz ýaşaýan ýerlerinden birneme uzagrak bolan Parahat mikroraýonynyň bazaryna gitmeli ýa-da döwlet dükanlaryna barmaly bolýarlar.

“Kommersiýa dükanlaryndaky nyrhlar şol bazardakydan arzanrak bolýar. Döwlet dükanlaryndaky haryt assortimenti bolsa garyp. Onsoňam bu kommersiýa dükanlardan karzyna haryt satyn alyp bolýardy. Olaryň ýerleşýän ýerem golaýdy” diýip, Parahat 2-1-nji mikroraýonynyň ýaşaýjysy Şaguly gürrüň berýär.

Parahat mikroraýonyndaky dükanlaryň ýapylmagynyň takyk sebäplerini resmi taýdan anyklap bolmady.

Ýatlap geçsek, paýtagtdaky hususy dükanlary ýapmak kampaniýasy mundan birnäçe aý ozal başlandy. Şu ýylyň sentýabrynda paýtagtyň ”Hitrowka” we ”Woroşil” diýip atlandyrylýan raýonlaryndaky hususy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşen birnäçe dükanlar, ”Posýolka” diýip atlandyrylýan raýondaky şonuň ýaly dükanlaryň bolsa ählisi ýapyldy. Bu dükanlary ýapan polisiýa işgärleri ýapylan dükanlaryň eýelerine hiç hili düşündiriş bermändiler.

Şeýle-de şu ýyldan başlap kommersiýa dükanlarynyň iş wagtlaryna hem çäklendirmeler girizildi. Hususy dükanlar ozallar 23.00-a çenli söwda edip bilen bolsalar, indi olaryň iş wagty resmi taýdan sagat 22.00-a çenli getirildi.

XS
SM
MD
LG