Soňky günlerde Azatlyk Radiosynyň käbir habarçylaryna basyş görkezilýär. Hususan-da, Soltan Açylowa şenbe güni Aşgabadyň “Mir bazarynda” tussag edilip, Köpetdag etrap polisiýasynda iki sagatlap sorag edildi.
Habarçylar Türkmenistanda şu günler elin et satylýan ýerlerde raýatlaryň et almak mümkinçilikleri we kynçylyklary barada maglumat taýýarlamaga synanyşypdy, şol sanda uly nobatlar barada gürrüň beripdi.
Eýsem, türkmen resmileriniň et nobatlary bilen baglanyşykly meseläniň çäginde edýän bu hereketlerine nähili düşünip bolar?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.