Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aşgabat Trans-Hazar maslahatyndan ýüz öwürdi"


Bakuda ýerleşýän Nebit barlaglary institutynyň müdiri Ylham Şaban
Bakuda ýerleşýän Nebit barlaglary institutynyň müdiri Ylham Şaban

Azerbaýjanyň energiýa ministri Natig Aliýew ÝB-niň Energiýa boýunça komissary Günther Ottingeriň ÝB-niň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda energiýa boýunça yglan eden maslahatynyň Türkmenistan sebäpli geçirilmändigini aýtdy diýip, Azerbaýjanyň habar serişdelerinde habar berildi. Maglumata görä, Aliýew Türkmenistanyň maslahatdan boýun gaçyrmagynyň sebäbini bilmeýär, emma “partnýorlarynyň Trans-Hazar gazgeçirijisi boýunça indiki hereketlerine” garaşýar. Şol bir wagtda-da Türkmenistan hazarýaka regionyndan Ýewropanyň bazarlaryna energiýa serişdelerini çykarmak boýunça regional proýektleriň ýurtlaryň özara ylalaşygy esasynda päsgelçiliksiz amala aşyrylmagyny açyk goldap, soňky aýyň dowamynda ýokary derejede birnäçe çykyş edipdi.

Ýewropa bilen bagly energiýa proýektleri meselesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda soňky wagtda näme bolup geçýär? Azatlyk Radiosy bu sowal bilen Bakuwda ýerleşýän Nebit barlaglary institutynyň müdiri Ylham Şabana ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti sentýabryň aýagynda eden çykyşynda Trans-Hazar proýektine açyk gyzyklanma bildirdi, emma munuň yz ýany ÝB-niň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen energiýa meselesi barada geçirjek bolan maslahatyna gatnaşmakdan Aşgabadyň ýüz öwrendigi habar berilýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gazgeçiriji proýektler meselesinde näme bolup geçýär?

Ylham Şaban: Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginine syn etsek, iň aktiw döwür 2011-njy ýylyň sentýabr aýynda başlandy. ÝB-niň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gepleşikleriň jemi alty tapgyry geçirildi we soň bu iş bökdedi. Azerbaýjanyň energiýa ministri Natig Aliýewiň ýakynda Brýussele saparynyň yz ýany mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň Trans-Hazar gazgeçiriji proýekti boýunça üç taraplaýyn gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek inisiatiwasynyň Türkmenistan tarapyndan ret edilmegi, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň resmi çykyşlarda energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýasy we täze gazgeçirijileri gurmak boýunça hyzmatdaşlyk barada edýän çykyşlarynyň deklaratiw, ýagny göz üçin edilýän çykyşlardygyny görkezdi. Işe gezek gelende, resmi Aşgabat takyk ädimlerden yza çekilýär.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň düýbünden turba çekmek meselesi Türkmenistanyň resmi beýannamalarynda tomus we güýz aýlarynda birnäçe sapar gozgaldy. Bu taraplaryň energiýa meselesindäki hyzmatdaşlygynda haýsy-da bolsa bir öňegidişlik barada habar berýärmi?

Ylham Şaban: Men öňegidişlik görmeýärin. Edil häzirki ýagdaýa syn etsek, Günbatar Trans-Hazar gaz geçirijisi boýunça dialogy ýene janlandyrmak isleýär we özüni araçy hökmünde alyp barýar. Emma hakykatda, bu meselede Azerbaýjan araçy bolmaly. Sebäbi Türkmenistan gazyň söwdagäri, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bolsa gazyň hyrydary bolup, iki tarap özara söwda üçin mümkinçilikler we şertler barada ylalaşyga gelmeli, Azerbaýjan bolsa proýektiň infrastruktura meselesinde rol oýnaýar. Şeýlelikde Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda belli bir ylalaşyga gelinmedik ýagdaýynda Azerbaýjan hem öz tagallalaryny gowşadýar. Meseläniň esasy sebäbi barada aýdylanda, Aşgabadyň Ýewropa Bileleşiginiň inisiatiwalaryna sowuk çemeleşmegi Ýewropa tarapyndan kommersiýa taýdan takyk teklipleriň Türkmenistana edilmeýändigi bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Takyk teklipler diýlende, siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?

Ylham Şaban: Azerbaýjanyň gaz akdyrmak üçin zerur infrastrukturasy bar we ýene gurulýar. Emma bu infrastruktura ýurduň diňe öz energiýa serişdelerini eksport etmegi üçin ýeterlik. Meselem, 16 milliard kubometr geçirijilik ukyby bolan gaz turbasy dolulygyna Azerbaýjanyň Şah-deňiz gaz ýatagy üçin niýetlenýär. Şeýlelikde Türkmenistan Trans-Hazar gaz geçirijisine goşuljak diýende-de, türkmen gazyny akdyrmak üçin häzirki wagtda infrastruktura taýdan hiç hili mümkinçilik ýok, şol turbalaryň geçirijilik ukybyny ýene 30 milliard kubometr gaz üçin artdyrmak üçin bolsa bu işe ýene 30 milliard dollar çemesi pul ýatyrmaly.

XS
SM
MD
LG