Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Kesgitsizlikden peýdalanýan köp'


Hazar deňzi, Türkmenistan
Hazar deňzi, Türkmenistan

Türkmenistanyň we onuň yzysüre-de Azerbaýjanyň resmileriniň Hazar deňzinde ikitaraplaýyn özara energiýa proýektlerini amala aşyrmak üçin “regionyň beýleki döwletleriniň razylygy gerek däl” diýen mazmunly soňky çykyşlary nämeden habar berýär? Bu ýurtlaryň, Hazar deňzindäki dawaly gaz ýataklarynyň üstünde uzak ýyllar boýy çözülmän gelýän özara gapma-garşylyklary nazara alnanda, bu ýurtlaryň resmileriniň soňky çykyşlaryna regional bilermenler nähili baha berýärler? Azatlyk Radiosy Orsýetiň Strategik barlaglary institutynyň analitigi Aždar Gurdow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aždar Aşyrowiç, Hazar deňzi boýunça goňşular Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary derejeli resmileriniň özara proýektler barada eden soňky çykyşlarynda, siziň pikiriňizçe, sazlaşyk barmy?

Aždar Gurdow: Men hazarýaka döwletleriniň prezidentleriniň sammitde eden çykyşlaryny birin-birin diňledim. Iň agressiw çykyş Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiňki boldy. Hususan-da, Alyýew deňiz giňişligini ortaça liniýa böýunça bölmek prinsipini öňe sürdi. Şeýle prinsip dogrudanam bar, emma ony taraplaryň ählisi ykrar etmeýär. Meselem, Orsýet iş ýüzünde bu prinsipden käbir halatlarda peýdalanýan bolsa, beýleki ýagdaýda ony ret edýär.

Şeýle ýagdaýda Azerbaýjanyň prezidentiniň bu sözleri ýa Eýrana, ýa-da Türkmenistana aýdandyr diýip çaklasa bolar. Hazarýaka döwletleriniň sammitinde kabul edilen deklarasiýada takyk bir zat aýdylmansoň, häzirki ýagdaýda Hazar deňziniň suwasty giňişliginden turba çekmek üçin ýuridiki taýdan esas ýok. Orsýet, Eýran we Gazagystan deňziň suwasty giňişliginden turba çekilmegine garşy çykýarlar.

Azatlyk Radiosy: Şol bir wagtda-da Orsýetiň we Gazagystanyň özleri-de Hazar deňzinde nebit-gaz ýataklaryny özleşdirýärler we turba çekýärler. Azerbaýjanyň hem bu ugurdan tejribeleri bar. Hazar deňziniň statusynyň kesgitsizligi ýurtlara özbaşdak energiýa proýektlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýmek mümkinmi?

Aždar Gurdow: Dogrudanam, Hazar deňzindäki ýagdaý muny subut edýär. 1998-nji ýyldan bäri regionyň ençeme ýurdy ikitaraplaýyn, ýagny regionyň beýleki ýurtlarynyň razylygyny almazdan, ylalaşyklary baglaşamak tejribesini ulanyp gelýärler. Daşary ýurt inwestorlarynyň gatnaşmagynda Azerbaýjanda Şahdeňiz gazgeçirijisi, Gazagystanda Kaşagan ýaly şeýle gazgeçirijileri guruldy. Orsýetiň hem ençeme degişli proýektlerini muňa mysal edip getirmek bolar. Türkmenistanda hem käbir tejribeler bar, ýurduň deňizdäki ýataklary daşary ýurt kärhanalary tarapyndan özleşdirilýär. Şeýlelikde deňziň statusynyň kesgitsizliginden peýdalanmakda beýleki ýurtlary aýyplamaga diňe Eýran hakly.

Eýran islän halatynda halkara suduna hem ýüz tutup bilýär, kanun onuň tarapynda bolar. Sebäbi Häzirki wagtda Eýranyň Sowet Soýuzy bilen 1920-nji we 1940-njy ýyllarda gol çeken ylalaşyklary güýjünde galýar. Ony hiç bir ýurt henize çenli resmi taýdan ret etmedi. Emma ýurtlar ylalaşygyň prinsiplerini iş ýüzünde bozýandygyny öz hereketleri bilen görkezýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňziniň astyndan bilelikdäki gazgeçirijini çekmek kararyna gelen ýagdaýynda bu siziň agzalan ylalaşyklaryňyza näderejede ters geler?

Aždar Gurdow: Ozalky ylalaşyk gatnaşyklaryň beýleki taraplaryna degişli bolupdy, ylalaşyklaryň baglaşylan döwründe Hazarda [entek] nebit-gaz öňümçiligi bolmandy, şonuň üçin ol gämi gatnawyna we balykçylyga degişli bolup, [ol ylalaşyklarda] energiýa meseleleri görkezilmändi. Emma söwda gämi gatnawyna we balykçylyga degişli gapma-garşylyklar bar. Üstesine, Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy üçin 15 ýyl mundan öň işlenip düzülen Demirgazyk-Günorta atly ýük transport ýoly hem bar. Eýran şeýle ýollaryň bütewi saklanmagyna uly gyzyklanma bildirýär.

Balykçylyk zonalary barada aýdylanda, olaryň ýurtlaryň milli ýurisdiksiýasynda bolan territorial suwlaryň zonalaryndan has giň boljagy barada Astrahanda ylalaşyga gelindi. Takyk sanlar görkezilmedik hem bolsa, 25 mil, ýagny 40 kilometr çemesi bolan suw giňişligi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň kenarlarynyň arasyndaky giňişligiň 300 kilometr çemesidigi nazara alnanda, iki ýurda degişli bolup biläýjek balykçylyk giňişliginden daşgary uly araçägiň ähli ýurtlaryň umumy ulanyşyndaky zonada galýandygyny görmek mümkin. Ýagny, bu ýerde ähli regional döwletleriň balykçylyga hukugy bolar.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde Eýrana garşy sanksiýalar gowşaýar, Orsýet bolsa sanksiýalaryň astyna düşýär. Bu ýagdaý Hazarýaka regionynyň beýleki ýurtlarynyň pozisiýalaryny güýçlendirýärmi?

Aždar Gurdow: Dünýädäki ýagdaý üýtgeýär, Eýrana garşy sanksiýalar gowşaýar we Eýranyň ýolbaşçylary häzir ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşýarlar. Bu ýagdaý, Eýranyň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň liberallaşmagynyň dowam etdirilmeginde, Tähranyň öz gazyny Ýewropanyň bazarlaryna eksport etmegine mümkinçilik dörejegini aňladýar. Ýagny, Eýran energiýa proýektleri meselesinde Azerbaýjana we Türkmenistana uly bäsdeş bolup biler.

Orsýet babatynda aýdylanda, onuň Hazar deňzinde öz pozisiýasyny gowşatmandygyny, tersine, güýçlendirýändigini aýtmak mümkin. Orsýet regionda iň uly harby güýje eýedir. Ol harby-deňiz flotuny yzygiderli täzeläp durýar we muňa ägirt uly möçberde pul harç edýär. Ukrainadaky wakalar bolsa Orsýetiň öz bähbidi ugrunda ýaragly güýçlerinden peýdalanmaga aýgytlylygyny görkezdi.

XS
SM
MD
LG