Owganystanda etnik türkmenleriň ýaragly toparlarynyň biriniň ýolbaşçysy Abdyl Hekim özüniň üç sany ýarany bilen bilelikde ýurduň Gunduz welaýatynyň Ymam Şahib etrabynda atylyp öldürilipdir. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystanyň milli mejlisiniň Gunduz welaýatyndan deputaty Nazari Türkmen bilen söhbetdeş boldy.