Gürjüstanyň ozalky prezidenti, öňki Sowet Soýuzynda daşary işler ministri bolup işlän Eduard Şewerdnadze 7-nji iýulda, 86 ýaşynda aradan çykdy.
Şewerdnadze özüniň uzak ýyllyk karýerasynda Sowet Soýuzynyň dyzmaç ýolbaşçylygyndan üýtgedip gurmak döwrüniň reformaçy daşary işler ministrligine ösüp geçmegi başaryp, Sowuk urşuň soňlanmagyna kömek etdi we garaşsyz Gürjüstanyň prezidenti boldy.
Onuň syýasy karýerasy 2003-nji ýylyň 23-nji noýabrynda, Gürjüstanyň «Bägül rewolýusiýasynyň», dawaly parlament saýlawlaryndan soň tutaşan halk gozgalaňynyň ýetjek ýerine ýeten pursatynda, birden tamamlandy:
"Men indi bolýan zatlary we ertir şu hili ýagdaýda özümde bar bolan ygtyýarlyklary ulansam, munuň gansyz soňlanmajagyny görýärin" diýip, ol aýtdy. "Men hiç wagt öz halkyma ikilik etmedim we indi şu sebäpden, hemme zadyň soňlanmagy üçin, prezident işden çekilse gowy bolar."
Şewardnadze 1928-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda, Guria regionynda, soňra SSSR-iň Zakawkaziýa respublikasy bolan ýerde dünýä indi. Ol Kommunistik partiýanyň hataryna 1948-nji ýylda, 20 ýaşynda goşuldy we endiganlyk bilen ýokary wezipe basgançaklaryna galdy.
Ol Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside etrap partiýa komitetiniň birinji sekretary bolanda, şäheriň ýokary derejeli kommunist resmisiniň korrumpirlenen hereketlerini paş edip, uly abraý gazandy. Şewardnadze 1965-nji ýylda sowet Gürjüstynynda içeri işler ministrligine bellenildi we Moskwanyň kömegi bilen, onlarça müň partiýa we KGB resmisini tussag edip, korrupsiýa garşy kampaniýasyny dowam etdirdi.
Şewardnadze 1972-nji ýylda Gürjüstan Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary, respublikanyň iş ýüzündäki dolandyryjysy boldy we bu wezipede 1985-nji ýylda Sowet Soýuzynyň daşary işler ministri bolýança işledi.
Gürjüstanyň jemgyýetçiliginde milletçilikli duýgularyň ösýän wagtynda, Moskwa wepadarlygyny görkezmek babatdaky gapma-garşlylykly tagallalary, şol sanda rus diliniň profilini ýokarlandyrmagy sebäpli, Şewerdnadze respublikada köp adamyň gaharyny getirdi.
Şewardnadze dünýä sahnasyna 1985-nji ýylda, haçanda sowet lideri Mihail Gorbaçew ony daşary işler ministrligine bellände çykdy. Gorbaçewyň iň ýokary daşary syýasat resmisi hökmünde, ol Sowet Soýuzynyň Günbatar bilen arasynda ýylaýan, ahyrynda Sowuk urşuň soňlanmagyna alyp gelen gatnaşyklaryna gözegçilik etdi.
1987-nji ýylyň sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynda eden täsirli çykyşynda ol Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky ýaraglara kontrolluk tagallalaryna ýokary baha berdi we dünýäni ýadro ýaraglaryndan saplamaga çagyrdy.
"Sowet Soýuzy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary ahyry bilelikde ýadrosyz leksikanyň birinji sözüni aýtdy» diýip, ol assambleýa aýtdy. "Haçanda bu söz iş ýüzüne geçirilende, dünýä täze bir bilime eýe bolar. Ol ýadro ýaraglary bilen howpsuzlygyň sinonim däldigine göz ýetirer we haçanda şu ýaraglar ýitirim bolanda, howpsuzlyk berkär."
Şeýle-de ol 1989-njy ýylda sowet goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynda we şol ýyl Moskwanyň Gündogar Ýewropadaky ýaran ýurtlarynda turan demokratiki gozgalaňlary basyp ýatyrmazlyk baradaky kararynda esasy rol oýnady.
Gorbaçew bilen arasynda reformalaryň ugry we gerimi babatda dörän ylalaşmazlyklaryň köpelmegi bilen, Şewardnadze 1990-njy ýylyň 20-nji dekabrynda, golaýlap gelýän diktaturany duýduryp, sowet liderini ýurdy demokratiýalaşmakdan yza çekmekde aýyplap, daşary işler ministri wezipesinden işden çekildi.
Sekiz aý soň, 1991-nji ýylyň awgustynda, haçanda Kommunistik partiýanyň we KGB-niň berk tarapdarlary Gorbaçewa garşy döwlet agdarylyşygyny gurnanlarynda, Şewardnadzäniň aýdan sözleri oraşan bolup çykdy. Elbetde, bu agdarylyşyk başa barmady, ýöne soň Sowet Soýuzynyň dargamagyna alyp geldi.
Başa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan soň, Şewardnadze az wagtlyk, bir aýlap, SSSR dekabrda resmi taýdan ýatyrylýança Sowet Soýuzynyň daşary işler ministri bolup işledi.
Şewardnadze biraz soň öz dogduk ýurduna, Gürjüstana dolandy. 1992-nji ýylda, täze garaşsyz bolan ýurduň ilkinji prezidenti Zwiad Gamsahurdiýa köpçülikleýin gozgalaň esasynda häkimiýetden agandan soň, ol emele gelen häkimiýet boşlugyny doldurmaly boldy.
Şewardnadze 1992-nji ýylda Gürjüstanyň parlamentiniň saýlanan başlygy, döwletiň iş ýüzündäki baştutany boldy. Haçanda prezidentlik dikeldilende bolsa, ol 1995-nji ýylda bäş ýyllyk prezident möhletini gazandy. Ol 2000-nji ýylda, saýlawlaryň galplaşdyrylandygy baradaky giň ýaýran şikaýatlaryň arasynda gaýtadan prezidentlige saýlandy.
Emma muňa garamazdan, onuň prezidentligi ýurtda jenaýatçylyk derejesiniň ýokary galmagy, korrupsiýanyň ösmegi we giň ýaýran garypçylyk bilen utgaşdy. Ol 1992, 1995 we 1998-nji ýyllarda, üç gezek janyna kast etmek synanyşyklaryndan aman galdy.
Onuň prezidentligi we syýasy karýerasy 2003-nji ýylyň noýabrynda bolan dawaly parlament saýlawlary sebäpli möwç alan «Bägül rewolýusiýasy» netijesinde soňlandy. Hepdeläp dowam eden köçe protestlerinden soň, 23-nji noýabrda, Şewardnadze ilkinji sessiýada çykyş edip durka, mähelle parlament binasyna urup girdi we prezident janpenalary bilen gaçyp, işden çekilmeli boldy.
Şewardnadze işden çekilenden soň Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside dynç alşa çykyp, rahat ýaşady.
Işden çetleşdirilen lider 2003-nji ýylyň dekabrynda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna ýurt dolandyrmak baradaky pikirlerini aýtdy:
"Ýurt dolandyrmak adaty bir iş däl, bu bir sungat, ylym” diýip, ol aýtdy. "Her bir adam ýurt dolandyryp bilmez. Meniň ýurt dolandyrmakda uly tejribäm bar, emma men ýurdy aňrybaş bir şekilde dolandyrdym diýsem, bu meniň dogry sözledigim bolmaz."
Şewardnazäniň yzynda bir gyzy – Manana we ogly Paata galdy.