Birleşen Ştatlarda slanes gazynyň köp öndürilip başlanmagy , Orsýetiň Kryma interwensiýasy bilen, ABŞ-nyň Ýewropa tebigy gaz eksport etmegini tizleşdirip, Ýewropanyň Orsýete energiýa garaşlylygyny kemeltmäge kömek bermegi baradaky çagyryşlar köpeldi. Emma bu ideýa näderjede real?
Birleşen Ştatlardan Ýewropa tebigy gaz eksport etmek gürrüňleriniň sebäbi näme?
Orsýet tebigy gazyň dünýä boýunça iň uly eksportçysy bolup durýar we Moskwa bu ýagdaýy syýasy gural hökmünde ulanmakdan utanmaýar. Orsýet, çen bilen, Ýewropanyň energiýasynyň 40 prosentini eksport edýär, onuň esasy gaz geçirijisi hem Ukrainanyň üstünden geçýär. Onsoň bu ýerde täze gaz kesişlik we syýasy haýbat mümkinçilikleri örän elýeterli bolup durýar.
Bu ýagdaý Ýewropanyň alternatiw energiýa çeşmelerini gözlemegi baradaky çagyryşlara getirdi. Onsoň bu ýerde esasy çeşmeleriň biri Atlantik Okeandan aňyrdaky, Birleşen Ştatlardaky çeşme bolup biler.
Kese burawlama, ýer gatlagynyň suw bilen bölünmek tehnologiýasy netijesinde alynýan gazyň, ýagny slanes gazy rewolýusiýasy diýilýäniň arkasyndan Birleşen Ştatlar soňky ýyllarda dünýäniň iň uly tebigy gaz öndürijisine öwrüldi.
Emma Ýewropa gaz eksport etmek üçin Atlantik okeanyň üstünden ýa astyndan geçýän gaz geçirijisi bolmansoň, Birleşen Ştatlaryň öz tebigy gazyny suwaltmagy we tankerlere ýükläp, eksport etmegi gerek.
ABŞ-nyň gaz eksport etmegine kim çagyrýar?
ABŞ-nyň ýokary derejeli kanunçykaryjylary we Ýewropanyň syýasatçylary, Ukrainadaky krizise salgylanyp, prezident Barak Obamanyň adminstrasiýasyny suwaldylan gaz eksportuny çaltlaşdyrmaga çagyrdylar.
ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Jon Boehner 6-njy martda "The Wall Streýet Journal" gazetinde çykyş edip, Waşingtony özüniň «tebigy energiýasyny» Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine garşy ýarag hökmünde «azat etmäge» çagyrdy.
Wisegrad topary ýurtlarynyň – Polşanyň, Çeh respublikasynyň, Wengriýanyň ilçileri hem Birleşen Ştatlaryň Kongresini gaz eksport etmegiň öňündäki býurokratik päsgelçilikleri aradan aýyrmaga çagyrýan hat ýazdylar. Ilçiler şeýle çäre bu ýurtlaryň Orsýete energiýa garaşlylygyny azaldar diýen pikiri öňe sürýär.
Polşanyň premýer-ministri Doland Tusk bolsa, 10-njy martda «Germaniýanyň Orsýet gazyna garaşlylygy Ýewropanyň özbaşdaklygyny gowşadyp biler» diýen duýduryşy berdi.
Birleşen Ştatlar Ýewropa zerur bolan möçberdäki gazy eksport edip bilermi?
Jennifer DeLay "FSU Oil and Gas Monitor" neşiriniň redaktory:
"Hawa, bu teoriýa taýdan mümkin. Birleşen Ştatlardaky gaz ätiýaçlyklary bol we eksport etmek mümkinçiligini berýär, onuň öndürilişi hem artýar. Emma muňa garamazdan, bu derrew edip boljak bir iş däl. Eger eksport açylsa, men soň Birleşen Ştatlar Ýewropa üçin ýeterlik möçberdäki gazy iberip biler öýdýärin. Bu ýerde biraz berkräk tagalla edilmegi ýeterlik bolsa gerek."
Oksfordyň Energiýa barlaglary institutyndan Jonatan Stern Ýewropanyň uly möçberde suwaldylan gaz getirýän tankerleri kabul etmek mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar, ol şeýle mümkinçiligiň Britaniýada we günorta Ýewropada merkezi Ýewropa garanda has uludugyny belleýär.
Polşa Baltika kenarynda suwaldylan gaz üçin import terminalyny gurýar we onuň şu ýylyň aýagynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Birleşen Ştatlar Ýewropa gaz ibermegi nähili tizlikde başlap biler?
Birleşen Ştatlar häzir uly gaz satyjy ýurt däl. Ol esasan Kanada we Meksika gaz eksport edýär we bu gaz geçiriji arkaly iberilýär.
Birleşen Ştatlaryň Energiýa departamenti suwaldylan tebigy gazy eksport etmek üçin altyn sany eksport terminalyny gurmagy tassyk etdi we bu ugurda has kän proektiň üstünde işlenilýär.
Stern Birleşen Ştatlar ilkinji suwaldylan gaz eksporty terminalyny, ir bolanda hem, 2015-nji ýylyň aýagyndan bärde işe girizip biler öýtmeýär. Onsoň uly möçberde gaz ibermek bolsa, azyndan 2019-njy ýyla çenli mümkin bolmaz:
"Men bu o diýen realistik dälmikä diýýärin, mundanam başga, ol beýle ýakyn wagtda amala aşmaz. Bu hakykatda ýagdaýa o diýen göz ýetirmeýän adamlaryň tipiki syýasy diskussiýasy. Biz Birleşen Ştatlaryň gaz eksporty nähilidir bir ýagdaýda, hatda bäş ýa alty ýyl wagt içinde hem, Orsýetiň gazyna garaşlylygymyzy azaldar öýtmeli däl. Ondan bärde bolsa muňa asla garaşmaly däl."
Döwlet departamentiniň Energiýa resurslary býurosynyň başlygy Karlos Paskual golaýda “The New York Times” gazetine beren interwýusynda amerikan gaz eksporty perspektiwasy Ýewropadaky problemalary bada-bat çözmese-de, «bu ýagdaý global gaz bazarynyň üýtgeýändiginiň yşaratyny berýär, ýagny dünýäniň başga bir böleginden has kän gaz getirmek mümkinçiligi döreýär” diýdi.