Ýakynda “Freedom Now” guramasynyň petisiýasyna jogap hökmünde, BMG-niň Esassyz tussag etmeler boýunça iş topary syýasy aktiwist Gulgeldi Annanyýazowyň türkmen hökümeti tarapyndan bikanun, halkara kanunlaryny bozup, tussaglykda saklanýar diýen netijä geldi.
Azatlyk Radiosy “Freedom Now” guramasynyň eksperti Mirakmal Niýazmatow bilen söhbetdeş bolup, işçi toparyň Gulgeldi Annanyýazow barada ýaýradan beýanaty dogrusynda gürrüň etdi.
Azatlyk Radiosy: Ilki bilen Gulgeldi Annanyýazowyň meselesini gozgamagyňyzyň sebäpleri barada gürrüň beräýseňiz?
Mirakmal Niýazmatow: Jenap Annanyýazowyň meselesini gozgamagymyzyň ençeme sebäbi bar. Birinjiden, “Freedom Now” guramasy ýurtdaky iň gözçykgynç, haýdan-haý çäre görülmeli meseleler bilen işleşýär.
Şunlukda jenap Annanyýazowyň meselesi barada öňden gürrüň edilip gelinýärdi. Ol adam hukuklary boýunça uzak wagtdan bäri belli türkmen aktiwisti we syýasy dissident. Ol 1995-nji ýylda türkmen hökümetine garşy geçirilen protestleri gurnamakda möhüm rollaryň birini oýnapdy.
Umuman aýdylanda, “Freedom Now” guramasy belli bir şahsyýetleriň işlerini gozgap, ýurtda bu ugur boýunça alnyp barylýan has uly kanunbozmalara ünsi çekjek bolýar.
Jenap Annanyýazowyň meselesi [Türkmenistanda] ýitirim boldy diýilýän beýleki adamlaryň ykbalyny hem belli bir derejede şöhlelendirýär. Türkmenistanda hökümete garşy tankydy garaýşy bolan ýa-da adam hukuklary ugrunda iş alyp baran ýüzlerçe adam azatlykdan mahrum edildi.
Ýaňy hem belleýşim ýaly, biz Annanyýazowyň meselesini gozgap, şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlary hem äşgär etmekçi bolýarys.
Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti Annanyýazowyň serhetden bikanun geçendigi sebäpli tussag edilip, türmä höküm edilendigini aýdýar. Şol bir wagtda iş topary onuň azatlykdan mahrum edilmegini “halkara kanunçylygynyň bozulmagy” diýip atlandyrýar. Bu barada has anygrak gürrüň beräýseňiz?
Mirakmal Niýazmatow: Işçi toparyň “Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bozdy” diýmeginiň esasy sebäpleriniň biri - bu türkmen hökümetiniň biziň beýanatymyzda öňe süren aýyplamalarymyzy hiç bir görnüşde inkär edip bilmezligidir.
Bu aýyplamalar şulardy: jenap Annanyýazowyň azatlyk we howpsuzlyk haklary bozuldy; şeýle-de [bu meselede] ençeme ýuridiki kanunbozmalar boldy. Türkmenistan bu aýdylanlaryň hiç birine garşy çykyp bilenok.
Şeýle-de işçi topar ýurtdaky käbir beýleki ýagdaýlary hem nazara alyp, şular ýaly beýanat etdi. Žurnalistler Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň meselesinden köp kişi habarly bolsa gerek.
Şeýlelikde işçi topar türkmen hökümetine ýüzlenip, bu öňe sürlen aýyplamalary inkär etmekçi bolsa, onda anyk we takyk maglumatlary bermegi sorady. Netijede hiç hili esasly jogap çykmady.
Türkmenistan Annanyýazowyň adam hukuklary ugrunda alyp baran işleri ýa-da syýasy aktiwligi üçin däl-de, serhetden bikanun geçendigi sebäpli tutulandygyny ençeme gezek tekrarlady.
Emma beýle beýanatlaryň öň hem edilendigini ýatdan çykarmalyň. Bärde Farid Tuhbatullin gowy mysal bolup biler. Ol hem serhetden bikanun geçmekde aýyplanypdy. Meniň pikirimçe, şuňa meňzeş aýyplamalar başgalara-da, mysal üçin Nurhmuhammet Hanamow, Hudaýberdi Orazow dagylara hem ýöňkeldi.
Garaz, türkmen hökümeti şular ýaly aýyplamalaryň üsti bilen öz aýbyny gizlejek bolýar. Olar şu ýollar arkaly adam hukuklary ugrunda tagalla edýänleriň we syýasy aktiwistleriň howuny basjak bolýarlar.
Azatlyk Radiosy: Işçi topar Annanyýazowy azat etmäge çagyrýar. Siziň pikiriňizçe, türkmen resmileri bu çagyryşlara gulak asarmy?
Mirakmal Niýazmatow: Işçi topar mundan öň hem beýanatlary ýaýradyp, netijeleri öňe sürüpdi. Emma bularyň ählisi duşdan geçirildi. Şol bir wagtda Türkmenistan adam hukuklary boýunça ähli möhüm dokumentleri ykrar etdi. Aşgabat şol dokumentlerde göz öňünde tutulan şertlere boýun bolmaga razy boldy.
Eger-de türkmen häkimiýetleri [öz üstüne alan] şol borçnamalary, öz halkara abraýy barada alada edýän bolsalar, onda olar işçi toparynyň beýanaty esasynda belli bir işleri etmeli.
Türkmenistanyň dürli halkara guramalarynyň çagyryşlaryny äsgermezçilik etmegi sebäpli, oňa eýýäm “adam hukuklaryny bozmakda dünýäde iň eýmenç ýurt” diýen tagma basyldy. Bu ýagdaýlary üýtgetmegiň ýeke-täk ýoly, agzalýan işçi toparynyň bellikleri esasynda, anyk herekete geçmek.
Bu ugurda edilip bilinjek ilkinji ädimler şular bolup bilerdi: Ýurtda adamlaryň öz pikirlerini azat beýan etmegine, söz azatlygyna ýol açmak; tussaglykdaky dissidentleri, adam hukuklaryny goraýjylary we aktiwistleri azat etmek; şeýle-de şular ýaly adamlaryň hukuklaryny kepillendirmek üçin degişli kanunçylygy işläp düzmek.