Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýeten ýigitleri iki ýyllyk harby gulluga almak işi bilen birlikde alada-howsalalar hem dowam edýär.
Sosial ulgamda, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň çap edýän käbir habarlarynda gulluga alynýan ýaşlaryň saglyk komissiýasyndan geçirilen badyna, öýlerine goýberilmän alnyp gidilýän halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.
Mundan başga, ýaş esgerleriň ilki gulluga baran aýlarynda öýleri bilen habarlaşyp bilmeýändigi, olaryň kemsidilýändigi barada hem maglumatlar bar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Lebapda ýaşaýan žurnalist Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligi diňläp, türkmen goşunynda gulluk edýän esgerleriň ýagdaýy barada özüňize mälim zatlary aýtsaňyz, bu mesele boýunça pikirleriňizi paýlaşsaňyz hoşal bolarys.