Musulmanlar barada çydamlylygy ösdürmek jemgyýetçilige edilýän hyzmatmy?
Parižiň metrosynda berilýän bildirişlere gözegçilik edýän Gatnaw mediasy gullugynyň pikiriçe, bu halka edilýän hyzmat däl. Gatnaw mediasy gullugy Fransiýada yslam bilen duşmançylyga garşy göreşýän topar "CCIF" tarapyndan ýola goýlan "Nous sommes la Nation" (millet - biz) atly kampaniýany ret etdi.
Ol Parižiň metrosynyň koridorlaryna ýelmemek üçin göz öňünde tutulan plakatlar "dini we syýasy" diýýär. Şol sebäpden bu iş döwletiň eýeçiligindäki transport ulgamynyň halka hyzmat etmek baradaky missiýasyna, şeýle hem syýasy we dini taýdan bitarplygy berk saklamak baradaky borçnamasyna ters gelýär.
"CCIF" hem muny kabul etmän, öz işiniň il arasyna bölünişik salmak däl-de, eýsem dini ynançlary nazara almazdan, fransuz raýatlarynyň agzybirligini pugtalandyrmakdygyny aýdýar.
"Plakatyň bir dini alamaty görkezmegi onuň belli bir dini topara degişlidigini aňladanok. Tersine, biziň maksadymyz federatiwlik" diýip, "CCIF" toparynyň hukuk geňeşçisi Lila Şaref aýdýar.
"CCIF" fransuz musulmanlarynyň garşysyna gönükdirilýän diskriminasiýa we gazaply hereketlere salgylanyp, "yslam bilen duşmançylyga garşy göreşmek jemgiýetçilige edilýän hyzmat" diýýär.
Bu toparyň sözçüsi Marwan Muhammad kampaniýa ýola goýlanda eden çykyşynda bular ýaly işleriň 2010-njy ýyldan 2011-nji ýyla çenli 50 prosentden hem köp artandygyny aýtdy: "Biz 2011-nji ýylda 298 zorluk we diskriminasiýa bilen baglanyşykly işleriň bolandygyny habar berdik. Bu işlerden pida çekenleriň 85% aýallar. Biz şolaryň adyndan kanun tarapyndan bu işleriň öňüniň alynmagyny isleýäris".
"CCIF" toparynyň bir aý dowam etjek kampaniýasy Parižiň metrosyndan başga radioda we telewideniýede hem bildiriş bermek ýaly işleri-de öz içine alýar.
Parižiň metrosy üçin göz öňünde tutulan bildiriş üç plakatdan durýardy. Bularyň birinde başy bürenjekli bir aýal bilen bir erkek adam dur. Onuň ýanynda bolsa iki sany sary saçly çaga bar. Suratyň aşagynda hem "bir fransuz maşgalasy, 2012" diýen ýazgyny görmek bolýar.
Ýene bir plakatda birnäçe erkek adam bilen birnäç aýalyň suraty bar. Bularyň biri başy bürenjekli, biriniň hem ýüzi nikaply.
Gatnaw mediasy plakatda ulanylan Fransiýanyň dört baýdagyna garşy. Ol muňa ýurduň milli simwolynyň ýaraşyksyz ýagdaýda ulanylmagy diýip düşünýär. Gulluk "millet - biz" diýen şygary-da ret edýär.
Gatnaw mediasynyň Fransiýada yslam bilen duşmançylyga garşy toparyň plakatlaryny ret etmegi ilkinji gezek däl. Ol soňky aýlarda, dürli sebäplere göra, Parižiň metrosy üçin niýetlenen başga plakatlary-da ret etdi.