Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýa: Breýwik sudda ökünmedi


77 adamy öldürendigini boýun alýan Anders Breýwik suduň zalynda öz eden işine ökünmeýänligini nygtady. Oslo, 16-njy aprel, 2012.
77 adamy öldürendigini boýun alýan Anders Breýwik suduň zalynda öz eden işine ökünmeýänligini nygtady. Oslo, 16-njy aprel, 2012.
Norwegiýada 77 adamy öldürmekde aýyplanýan Anders Breýwigiň işi boýunça duşenbe güni Osloda başlanan sud diňlenişigi sişenbe güni-de dowam etdi. Bu sud diňlenişiginde geçen ýylyň 22-nji iýulynda Norwegiýada köpcülikleýin adam gyrmakda aýyplanýan Breýwigiň özi-de çykyş etdi.

Anders Breýwik adam öldürmek bilen baglylykda özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret etdi we geçen ýyl Norwegiýada 77 adamy “özüni goramak” üçin öldürenligini aýtdy. Çykyşynda Breýwik öz hüjümlerini Ikinji Jahan Urşundan bäri Ýewropada bolan “iň çylşyrymly we täsirli syýasy hüjüm” diýip atlandyrdy.

Oňa nähili jeza garaşýar?

Eger Anders Breýwik günäli tapylsa we akyl-huşy ýerinde diýlip ykrar edilse, oňa 21 ýyl türme tussaglygy garaşýar. Soň bu möhleti ýene-de uzaltmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Eger Breýwigiň akylyndan azaşanlygy tassyklansa, onuň ruhy hassahanada saklanmagy ähtimal.

33 ýaşly sagçy ekstremist Breýwik özüni “kommunistlere garşy” we “musulmanlara garşy” Norwegiýanyň hem-de pan-Ýewropa hereketiniň serkerdesi diýip atlandyrdy. Anders Breýwik geljekde Norwegiýanyň ýerli ilatyna “öz ýurdunda azlyga öwrülmek howpunyň abanýanlygyny” aýtdy.

Norwegiýanyň telewideniýesi Breýwigiň ekstremistik garaýyşlarynyň propagandirlenmezligi üçin onuň suddaky çykyşyny görkezmedi.

Anders Breýwik öňünden taýýarlan beýannamasy bilen ýarym sagatlap çykyş etdi. Mundan soň sudýa onuň uzaga çeken çykyşyny jemlemegini talap etdi.

Breýwigiň pozisiýasy

Anders Breýwik 2011-nji ýylyň iýul aýynda Osloda hökümetiň edara jaýynyň golaýynda maşyny partladanlygyny boýun aldy. Bu partlamada 8 adam heläk bolupdy. Şeýle-de, şol günüň özünde ýurduň “Zähmet partiýasy” tarapyndan ýaşlar üçin gurnalan tomusky dynç alyş lagerinde ol ýene 69 adamy öldürenligini tassyklady.

Breýwik ruhy taýdan sagatlygynyň sud tarapyndan ykrar edilmeginiň özüniň esasy maksadydygyny aýtdy we ol suduň şeýle netijä gelmegi bilen musulmanlara hem-de migrasiýa garşy öz garaýyşlarynyň ykrar ediljegini belledi. Anders Breýwik özüniň ruhy taýdan nähoş hasaplanmagynyň bolsa “özi üçin ölümden beter boljagyny”, “türmeden özüniň gorkmaýanlygyny” duýdurdy.

Munuň öňüsyrasynda Oslonyň sudy üç sany garaşsyz sudýanyň birini sud işinden çetleşdirdi. Muňa sebäp bolan zat – garaşsyz sudýa Tomas Indreboýeniň öz “Facebook” sahypasynda Breýwige garşy ölüm jezasyny ulanmak çagyryşyny çap etmegi boldy. Suduň baş sudýasy öz çykaran kararynda Tomas Indreboýeniň eden şol beýannamasynyň onuň bitaraplygyna şübhe döredip bijekdigini belledi. Norwegiýada ölüm jezasy ulanylmaýar.

Oslodaky sud diňlenişigi iki sany professional sudýa hem-der üç sany garaşsyz sudýa tarapyndan alnyp barylýar. Diňlenişigiň bir hepde dowam etdiriljegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG