Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekiller topary, şol sanda lukman 7-nji aprelde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzediş edaralarynyň birinde ýagdaýy öwrendi diýlip, habar berilýär.
Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Daşkentde ýerleşýän regional edarasyndan Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, delegasiýanyň bu bu sapary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň Marydaky koloniýasyna edildi.
Halkara Gyzyl Haç komitetiniň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça spesialisti Aýgul Halaýleniň bellemegine görä, komitetiň wekilleriniň bu sapary Türkmenistanyň hökümeti bilen köpden bäri alnyp barylýan gepleşikleriň çäginde ädilen ädimleriň biri boldy.
“Biz bu gepleşikler ahyrsoňy Türkmenistanyň azatlykdan mahrum edilýän ýerlerine ynsanperwer saparlarymyzy geçirmegimize ýol açar diýip umyt edýäris” diýip, Halaýle aýtdy.
Türkmen türmelerini görmek
Halkara Gyzyl Haç komitetiniň resmi maglumatyna görä, komitetiň wekilleriniň 7-nji aprelde türkmen tussaghanasyna eden bu sapary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzediş edarasyna edilen ikinji sapary boldy. 2011-nji ýylyň iýul aýynda olar IIM-niň tussaghanalaryna degişli medisina edarasyna hem baryp görüpdiler.
“Delegatlar otaglara aýlandyrlar, bendileri gördüler, olaryň nädip ýaşaýanlygyny, gününi nähili geçirýänligini gördüler. Emma olar saparlaryň ikisinde-de tussaglar bilen ikiçäk gepleşip bilmediler” diýip, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekili Aýgul Halaýle aýtdy.
Halkara Gyzyl Haç komiteti öz wekilleriniň Aşgabada eden soňky saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri we Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşyp, geljekki ädimlerini we olary amala aşyrmagyň wagt möhletini maslahat edendikleri barada habar berdi.
Tussaghanalara baryp, tussaglaryň saklanyş şertlerine, tussaglaryň hak-hukuklarynyň berjaý edilişine syn etmek Halkara Gyzyl Haç guramasynyň missiýasynyň bir bölegidir. Guramanyň resmi maglumatyna görä, saparlaryň netijesinde gurama hökümetlere, adatça, rekomendasiýalary hödürleýär.
Hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi
Emma Halkara Gyzyl Haç komiteti Türkmenistanyň tussaghanalaryna eden saparlary netijesinde türkmen hökümetine rekomendasiýa bermegi göz öňünde tutmaýar. Halaýle munuň sebäbini düşündirip, häzirki wagtda taraplaryň arasynda “diňe birek-birege özüni tanatmak we edýän işini düşündirmek” boýunça prosesiň gidýänligini aýtdy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Halkara Gyzyl Haç komiteti bilen Türkmenistanyň arasynda birek-birege düşünişmek boýunça Memoranduma gol çekildi. Taraplar bu dokumentiň 2009-njy ýylda başlanan özara hyzmatdaşlygy kesgitleýänligini aýdýarlar.
Halkara Gyzyl Haç komiteti Türkmenistanda halkara gumanitar kanunlaryny ornaşdyrmak boýunça türkmen häkimiýetleri bilen 1992-nji ýyldan bäri işleşip gelýär.
Türkmenistanyň hökümeti halkara synçylary öz türmelerine goýbermeýänligi we syýasy tussaglar barada maglumat bermeýänligi üçin adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan berk tankyt edilip gelinýär. Halkara guramalary türkmen türmelerindäki şertleriň agyrdygyny we adam sanynyň aşa köp bolmagynyň ýokanç keselleriň giňden ýaýramagyna sebäp bolýanlygyny yzygiderli habar berýärler.
Ýakynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti türkmen türmelerine garaşsyz gözegçiligiň ýola goýulmagy üçin, ykrar edilen halkara ynsanperwerlik guramalaryny ýurda sapara çagyryp, bu ýerleri görkezmek barada türkmen hökümetine çagyryş edipdi.
Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Daşkentde ýerleşýän regional edarasyndan Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, delegasiýanyň bu bu sapary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň Marydaky koloniýasyna edildi.
Halkara Gyzyl Haç komitetiniň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça spesialisti Aýgul Halaýleniň bellemegine görä, komitetiň wekilleriniň bu sapary Türkmenistanyň hökümeti bilen köpden bäri alnyp barylýan gepleşikleriň çäginde ädilen ädimleriň biri boldy.
“Biz bu gepleşikler ahyrsoňy Türkmenistanyň azatlykdan mahrum edilýän ýerlerine ynsanperwer saparlarymyzy geçirmegimize ýol açar diýip umyt edýäris” diýip, Halaýle aýtdy.
Türkmen türmelerini görmek
Halkara Gyzyl Haç komitetiniň resmi maglumatyna görä, komitetiň wekilleriniň 7-nji aprelde türkmen tussaghanasyna eden bu sapary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzediş edarasyna edilen ikinji sapary boldy. 2011-nji ýylyň iýul aýynda olar IIM-niň tussaghanalaryna degişli medisina edarasyna hem baryp görüpdiler.
Delegatlar otaglara aýlandyrlar, bendileri gördüler, olaryň nädip ýaşaýanlygyny, gününi nähili geçirýänligini gördüler.