Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gidişnama almak üçin haýyşnama” ýa-da Türkmenistana syýahat


Romanyň sözlerine görä, Türkmenistana syýahat etmek bilen bagly kynçylyklara garamazdan, bu ýurda syýahat etmäge gyzyklanma bildirip jaň edýänleriň sany köp.
Romanyň sözlerine görä, Türkmenistana syýahat etmek bilen bagly kynçylyklara garamazdan, bu ýurda syýahat etmäge gyzyklanma bildirip jaň edýänleriň sany köp.

Orsýetli syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistana wiza almagyň kyndygyny aýdýarlar. Käbir şirketler wiza üçin ýüzlenmeleriň 98%-ni türkmen tarapynyň ret edýänligini habar berýärler.

Türkmenistana syýahatçylyk programmalaryny teklip edýän “Žarkow Tur” şirketi Türkmenistan tarapynyň wiza boýunça ýüzlenmeleriň esasy bölegini ret edýänligini habar berýär.

“[Biziň kompaniýamyza ýüz tutýan] syýahatçylaryň aglaba köpüsine - 98%-ne wiza bermekden ýüz öwürýärler. Syýahatçyny ýurda goýbermek ýa goýbermezlik barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi karar çykarýar” diýip, kompaniýanyň işgäri Roman Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Şu günki gün Türkmenistana syýahatçylyk programmalaryny Moskwanyň özünde onlarça şirket teklip edýär. “Žarkow Tur” şeýle şirketleriň diňe biri. Kompaniýa Türkmenistana syýahatçylyk etmäge islegleriň köpdügini aýdýar.

Moskwada ýerleşýän “Panorama” kompaniýasynyň wekili Ruslan Aşyrowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda dynç almak isleýänleriň sany Müsür ýaly meşhur ugurlar bilen deňeşdirilende köp bolmasa-da, göze ilýär.

“Gyzyklanma bar. Adamlar ýüz tutýarlar, Türkmenistany görmek isleýärler” diýip, Aşyrow aýdýar. “Olaryň arzalary Türkmenistanyň syýahatçylyk agentliklerine tabşyrylýar. Şol agentlikler müşderileriň isleglerini nazara alyp, programmalary işläp düzýärler”.

Aşyrow wiza meselesiniň Türkmenistandaky turistik şirketleriň üsti bilen çözülýänligini we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň karar çykarýanlygyny habar berdi.

Ruslan Aşyrowyň sözlerine görä, “Panorama” Türkmenistana syýahadyň programmalaryny müşderileriniň isleglerine görä düzýär. Bu kompaniýa Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen sanawa girýän şirketleriň biri.

Syýahatçylygyň bahasy

Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň resmi sanawyna girýän Türkmenistandaky syýahatçylyk kompaniýalary orsýetli partnýorlarynyň ençemesine öňünden taýýarlanan syýahatçylyk marşrutlaryny teklip edýärler.

Orsýetli “Žarkow Tur” şirketinde gürrüň bermeklerine görä, kompaniýanyň türkmenistanly “DN TOURS” partnýory bilen bilelikde taýýarlanyp, teklip edilýän programmalarynyň biri bäş günlük Aşgabat-Nohur syýahady.

Bu programmanyň iň arzan görnüşi 1,539 dollara durýar. Oňa, hususan-da, myhmanhana bahasy, ertirlik naharynyň, ekskursiýalaryň tölegleri we gidiň hyzmatlary girýär. Uçar biletleri, wiza we çakylyk haty üçin aýratyn tölemeli.

Syýahatçy 600 dollar çemesi durýan uçar bileti, wiza we çakylyk haty üçin göz öňünde tutulýan töleglerden daşgary Türkmenistana baransoň 12 dollar möçberinde migrasiýa salgydyny hem tölemeli. Türkmen tarapy syýahatça wiza bermekden ýüz öwren halatynda, turistiň wiza üçin çakylyk hatyna tölän 100 dollary gaýtarylyp berilmeýär.

Romanyň sözlerine görä, Türkmenistana syýahat etmek bilen bagly kynçylyklara garamazdan, bu ýurda syýahat etmäge gyzyklanma bildirip jaň edýänleriň sany köp, olaryň arasynda Türkmenistany ýakyndan tanaýan adamlar hem az däl.

“Emma, maňa mälim bolşuna görä, öň Türkmenistanda ýaşan adamlaryň hiç birine wiza berilmeýär, olar syýahatçylyk wizasy boyunça ýurda goýberilmeýär” diýip, Roman aýdýar. “Türkmenistan tarapy şeýle adamlara wiza bermekden ýüz öwürmeginiň sebäbini olaryň myhman wizasy boýunça barmalydygy bilen düşündirýär”.

Türkmenistanyň wizasyny almak miýesser eden syýahatçylar ýurda baransoňlar hem dürli ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna öňünden taýýar bolmaly ýaly.

Türkmenistanyň wizasyny almak üçin “Gidişnama almak üçin haýyşnama” atly resmi arzany doldurýan syýahatçy “Ygtyýarly edaralar tarapyndan Türkmenistanyň serhedinden geçmäge rugsat berilmedik halatynda gidişnama üçin tölenen puluň we beýleki harajatlaryň öwezini dolmagy talap etmezligi” öňünden borç edinýär. Bu arzanyň nusgasy Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň resmi internet saýtynda hem ýerleşdirilen.
XS
SM
MD
LG