Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ goşunlary Owganystandan çykmaga howlukmaýarlar


ABŞ we onuň Owganystandaky ýaranlary öz güýçleriniň sanyny azaltmak çäresine başladylar. Bu iş 2014-nji ýyla çenli geçirilmeli.
ABŞ we onuň Owganystandaky ýaranlary öz güýçleriniň sanyny azaltmak çäresine başladylar. Bu iş 2014-nji ýyla çenli geçirilmeli.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýekşenbe güni eden çykyşynda, amerikan esgeriniň 16 sany owgan raýatyny atyp öldürmegi bilen bagly pajygaly waka garamazdan, amerikanlaryň Owganystany terk etmäge howlukmajakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň amerikan telekanalyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, amerikanlar Owganystany terk etmäge howlukmakçy däl. Obamanyň sözlerine görä, “çykmak meselesine, soň ýene-de dolanmak zerurlygy çykmaz ýaly, jogapkärçilikli çemeleşmeli”.

12-nji martda SBS telekanalynyň KDKA bölümine beren interwýusynda Obama, hususan-da, şeýle diýdi:

—Biziň etmek islemeýän zadymyz – çykyp gitmekde gyssanmaçlyk etmezlikdir. Biziň raýat meseleleri boýunça hem ýüzläp geňeşçilerimiz bar, biziň ol ýerden çykarmaly köp enjamymyz bar. Biz owganlaryň öz serhetlerini gorap biljegine we “Al-Kaýdanyň” yzyna gelmeginiň öňüni alyp biljegine göz ýetirmeli. Şeýlelikde biz bu işi jogapkärçilikli etmeli.

Jelalabatly owganlar protest geçirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00
Wideo: Jelalabat, 13-nji mart.

Amerikan esgeriniň 11-nji martda 16 owgan raýatyny, şol sanda çagalary we aýallary atyp öldürmegi bilen bagly pajygaly waka amerikan-owgan gatnaşyklaryny hasam ýaramazlaşdyrdy.

​Ýakynda Owganystandaky amerikan esgerleriniň Gurhany oda bermegi bilen bagly waka ýüze çykansoň, iki ýurduň aragatnaşyklary dartgynlaşypdy.

Amerikan we beýleki daşary ýurtly goşunlaryň Owganystanda galmagyna garşy bildirilýän garaýyşlar Owganystanda we ABŞ-da barha güýçlenýär.

Soňky waka Owganystanda amerika garşy duýgulary hasam güýçlendirdi. Jelalabat şäherinde ýüzlerçe student köçelere çykyp, “Amerika ölüm!”, “Parahat raýatlary öldüren esgere ölüm!” diýen şygarlary öňe sürdüler.

Käbir protestçiler açyk suduň geçirilmegini talap etdiler, beýlekiler ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň suratyny ýakdylar.

Protestçi Dadulla Hans daşary ýurt goşunlarynyň Owganystanda bolmagyna öňden bäri garşy çykýanlygyny belledi. Bu protestçi, owganlaryň garaşsyz halkdygyny belläp, onuň “daşary ýurt goşunlary bilen hiç hili strategik partnýorlygyny islemeýänligini we hiç bir ýurduň baknalygynda bolmakçy däldigini” aýtdy.

Barak Obama owgan raýatlarynyň öldürilmegini “aýylganç we pajygaly” waka diýip atlandyrdy. Amerikan prezidenti amerikan goşunlarynyň Owganystanda bolmalysyndan köp galmajagyny nygtady.

ABŞ we onuň Owganystandaky ýaranlary öz güýçleriniň sanyny azaltmak çäresine başladylar. Bu iş 2014-nji ýyla çenli geçirilmeli, mundan soň owgan güýçleri, ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek işini doly öz üstüne almaly bolarlar.

Günäkäri jezalandyrmak

Hepdäniň ýekşenbe güni ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta 16 adamyň ölümine jogapkär amerikan esgeriniň ölüm jezasyna höküm edilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Panettanyň žurnalistlere aýtmagyna görä, günäli hasaplanýan esger amerikanyň harby kanunlaryna laýyklykda sud ediler, bu kanun bolsa käbir pursatlarda ölüm jezasynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Amerikan resmileri adam öldürmekde aýyplanýan esgeriň 38 ýaşly snaýperdigini aýtdylar. Habar berlişine görä, onuň aýaly we iki çagasy bar. Şeýle-de bu esgeriň kellesine ozal Yrakda zeper ýetipdir.

ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Barak Obamanyň sözlerini gaýtalap, soňky wakanyň Halkara harby güýçleriň Owganystandaky missiýasyna zeper ýetirmeli däldigini belledi.
XS
SM
MD
LG