Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda parlament saýlawlary geçirilýär


Saýlawyň netijeleriniň Eýranyň daşary syýasatyna haýsydyr bir täsiri bolar öýdülenok.
Saýlawyň netijeleriniň Eýranyň daşary syýasatyna haýsydyr bir täsiri bolar öýdülenok.

Eýran mediasy parlament saýlawlarynda häkimiýetleriň "diwersant" diýip häsiýetlendirilýän 10 adamy tutandyklaryny habar berdi.

"Pars" habarlar gullugy, saýlaw howpsuzlygy bölüminiň başlygy Mohammad Nagi Bageriýe salgylanyp, bu diwersant diýilýänleriň "Tährana daşary ýurtlardan gelendiklerini" aýtdy.

Bu saýlaw 2009-njy ýylda prezident Mahmud Ahmedinejadyň jedelli ýagdaýda täzeden saýlanmagyndan bärde geçen ilkinji ses berişlikdir. Prezidentlik saýlawlary köpçülikleýin protestlere getiripdi.

Tarapdarlary gowy netijeler alar diýip çaklanýan dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi ses bermäge baranda halky bu ses berişlige köpçülikleýin gatnaşmaga çagyrdy. Ol bu ses bermäge hukukly her bir eýranlynyň "wezipesi hem hukugy" diýdi. Dini lideriň aýtmagyna görä, saýlawlara köpçülik bolup gatnaşylmagy Günbatar bilen bolan ýadro krizisinde Eýranyň duşmanlaryna berilýän berk jogap bolar:

—Meniň öwüdim – hemişeki öwüt. Men bu ses berişligiň biziň üçin bir jogapkärçilikdigine ynanýaryn. Ol şeýle hem bize degişli hukukdyr. Biz bu hukukdan peýdalanyp, bu jogapgkärçiligi öz üstümize almalydyrys.

Parlamentdäki 290 orun ugrunda 3,400-den agdyk adam dalaş edýär. Ses bermäge hukukly ilat hem 48 millionyň töweregi.

Ýolbaşçylary öý tussaglygynda saklanýan esasy oppozision we reformaçy topar ses berişligi boýkot etdi. Şol sebäpden bu saýlawa prezident Mahmud Ahmedinejadyň ýaranlary bilen Hameneýä sadyk adamlaryň arasynda barýan güýç synanyşygy diýip garalýar.

Analitikleriň çaklamagyna görä, Hameneýini goldaýanlar üstün çykyp, Ahmedinejadyň tarapdarlaryna agyr zarba urar. Ahmedinejadyň administrasiýasy inflýasiýadan hem işsizlikden ejir çekýän ýurduň ykdysadyýetini dikeldip bilmänlikde tankytlanýar.

Saýlawyň netijeleriniň Eýranyň daşary syýasatyna haýsydyr bir täsiri bolar öýdülenok. Sebäbi parlament däp boýunça köplenç ykdysady syýasatda ulurak rol oýnap geldi. Ýöne netijleriň 2013-nji ýylda geçmeli prezidentlik saýlawlaryna täsiri bolar diýilýär. Ahmedinejad geljek ýyl iki möhletlik prezidentlik döwrüni tamamlap, bu wezipeden aýrylýar.

Merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän adam hukuklary topary “Human Rights Watch” bu ses berişligi "adalatsyz" diýip häsiýetlendirdi. Sebäbi kandidatlyga ýol berlenleriň aglabasy konserwatiw režimiň tarapyny çalýan adamlar.

Ýurtda garaşsyz guramalara saýlawa gözegçilik etmäge ýol berilmedi.

Saýlawyň netijeleri ýekşenbe güni giçlik bildiriler diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG