Alymlar "Älemiň häzirki ýagdaýy uzak ömürli. Ol nähili-de bolsa, milliardlarça ýyl bäri bar, ýöne onuň durnuksyz bolup, bir gün çökmegi mümkin" diýip, köp wagt bäri aýdyp gelýärler.
Ýewropanyň kosmos gullugy "ESA" özüniň "Gaia" teleskopyny ýaňy-ýakynda, 2013-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, merkezi Ýewropa wagty bilen sagat 10.12-de Fransuz Gwineýasyndaky Kuru kosmodromyndan Soýuz-STB-Fregat raketasy bilen kosmosa ugratdy.
Şu günler täsin kosmos uçuşlaryny ýola goýmak bilen dünýäni geň galdyrýanlar Birleşen Ştatlar ýa Ýewropa Bileleşigi däl-de, adaty ýagdaýda bu missiýalary asla amala aşyryp biler öýdülmeýän ýurtlar.
NASA-nyň we SERN-iň alymlary Halkara kosmos stansiýasynda ýerleşdirilen AMS (Alpha Magnetic Spectrometer) detektorynyň garaňky materiýanyň bölejikleriniň reaksiýasyndan dörändigi çaklanýa pozitronlary registrirländigini aýdýarlar.
Üsti açylan ekzoplanetalar ozallar barmak basyp sanardan-da azdy.
Adamzat taryhynda adam eli bilen ýasalan bir guralyň kosmosda munça ýoly arka atyp, munça uzaklara aralaşan mahaly ozal bolan zat däl. 36 ýyla golaý mundan ozal ýola düşen "Woýajer 1" Günüň hökümdarlyk täsiriniň gowşaýan regionlaryna ýaňy “aýak basdy”.
Aýry-aýry kollaýderlerde iş alyp barýan iki ylmy topar öz geçiren tejribelerinde 4 kwarkdan ybarat bolmagy mümkin bir täze subatom bölejiginiň üstünden barandyklaryny aýdýarlar.
Bizden takmynan 40 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykda ýerleşýän “55 Leňňeç” ençeme ýyl bäri astronomlaryň ünsüni özüne çekip, olary gyzyklandyryp gelen ýyldyz.
Biziň Gün ulgamymyzyň iň möhüm molekulasy suw bolsa gerek. Ol ýaşaýşyň diňe bir diregi däl, eýsem onuň nireden gözbaş alandygy baradaky maglumatlar Gün ulgamynyň we onuň planetalarynyň ösüş taryhyna göz ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.
13.8 milliard ýyl mundan ozal ýüz beren Uly Ýarylyşdan az wagt soň temperaturanyň aşa ýokarydygy sebäpli himiki elementleriň iň kiçi gurluşyk kerpiçjigi hasaplanýan atomlar-da bolmandyr.
Albert Eýnşteýniň umumy Otnositellik (lat.: Relatiwlik) teoriýasy grawitasiýanyň giňden ykrar edilýän teoriýasy hasaplanýar.
Amerikaly bir ylmy toparyň aýtmagyna görä, biziň galaktikamyz bolan Akmaýanyň Ýolunda iň azyndan 100 milliard planeta bar. Bu "Kepler-32" diýlip atlandyrylýan planeta sistemasy öwrenilenden soň gelnen netije.
Biziň planetamyzyň 4.5 milliard ýyl ýaşy bar. Ýöne planetamyz daşky gabygy ýaňy gatap, “çagalyk döwrüne” girip ugran mahallary Gün sistemasynyň giňişligi hem bu günküsinden bütinleý tapawutly bolupdyr.
Häzire çenli bilinýän materiýa bölejikleriniň jemi sany – on iki. Älemdäki materiýa başdan-aýak şol on iki bölejikden durýar. Özboluşly häsiýetlerine esaslanyp, elementar bölejikler fizikasy olary üç nesle bölýär
Alymlaryň pikiriçe, Gün ulgamyndan daşarda sözüň doly manysynda Ýere çalymdaş ýat planetalaryň tapylmagy adamzadyň öz Älemdäki orny barada täzeden oýlanyp, oňa täzeden baha bermegi üçin möhüm açyş bolmagy mümkin.
865-nji ýylda Eýranyň Reý şäherinde doglup, 925-nji ýylda şol ýerde aradan çykan akyldar Abu Bekir Muhammet ibn Zakariýa Al-Razy ýaşlygyny şygryýet we sazandalyk bilen geçirip, soňra zergärçilik, ondan soň hem alhimiýa bilen meşgullanypdyr.
Haýsy hem bolsa bir planetanyň ýaşamaga ýaramlydygy ýa-da däldigi onuň diňe bir öz ene ýyldyzyndan alýan ýagtylyk şöhlesine bagly däl. Munda himiýa-da möhüm rol oýnaýar.
Biz bir ýagty Älemde ýaşaýarys. Gijelerine açyk howada ýönekeý göz bilen müňlerçe ýyldyzy görüp bilýäris. Bu ýyldyzlar Akmaýanyň Ýolunyň bize iň ýakyn kiçijik bir bölegini gurşap alýar.
Merkuriý Gün ulgamyndaky 8 planetanyň iň kiçisi hem-de Güne iň ýakyny. Ol ortaça hasap bilen 58 million kilometr aralykdan Günüň daşyna 88 günde bir gezek aýlanyp çykýar - onuň bir ýyly 88 güne deň.
Ýeriň daşyndaky atmosferanyň üstki gatlagynyň her bir kwadrat metrine sekuntda müňe golaý elektrik ýükli bölejik gelip urýar. Ýöne Ýeriň magnit meýdany, has dogrusy, magnit “galkany” bizi bu ölüm howply elektrik ýükli bölejiklerden goraýar.
Ýene-de ýükle